Bularyň barysy, barysy göz öňümde. Men olary hiç wagt, hiç hili ýagdaýda unudyp bilmerin. Eger şeýtsem, özüm hem hiç kim bolup galaryn. Ähli zatlaryň manysy ýiter. Arzuwym-umydym, buýsanjym-bagtym, ýürekde yhlasym, söýgim hem mährim, ynamym-ygrarym, köňülde yşkym, eý görenim, durkum-düýrmegim şygra meňzeş dünýäsine eýlenenim — meniň geçmişim, süýji ýatlamalarym dälmi, eýsem?! Şol ýatlamalaryň gözbaşynda, mukaddes töründe, tyllaýy tagtynda, gözlerimiň üstünde, ýüregimiň çuňunda ornuň bar, eje! Her bir aýdan sözüň, hereketleriň, eden yhlas-aladalaryň, mähir-muhabbet gatyşykly ýylgyryşlaryň, bize — öz perzentleriňe bolan buýsanjyň, ösüp ýetişmegimiz, ylym-bilim almagymyz, öý-işik bolmagymyz üçin çeken irginsiz zähmetiň, ukusyz gijeleriň... barysy, ählisi gözlerimiň öňünde. Kakam ikiňizi ýatlanymda, kalbyma gussa gatyşykly bir süýji ahwal aralaşýar, hyýalymda ýalňyz özüm siziň bilen galyp, söhbet edýärin, hereketleriňizi, aýdan sözleriňizi, şol bagtly pursatlary, geçen günleri, hut şu mahal bolup duran ýaly, birme-bir göz öňüme getirýärin. Oýa batýaryn, rahatlanýaryn, ýakymly duýgulara berlip, täzeden edil çaga ýaly, ataly-eneli günleriň gujagynda hüwdülenýärin. Uzak ýoldan gelenimde, «Sag-aman geldiňmi, oglum?! Men derrew çaý-naharyň ugruna çykaýyn» diýip zowzuldaýşyň, ugradan çagyň, garam ýitýänçä, gollaryňy salgap duran nurana keşbiň, edil surat ýaly, hiç göz öňümden gidenok.
Mähirden, yhlasdan, yşkdan beýik sen,
Söýgüden, sarpadan, jandan zyýada.
Bu jahanda ornuň tutup biljek ýok,
Sen bolup biljek ýok ýagty dünýäde.