Ony başgaça atlandyrmak mümkinem däl. Meger, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, eli çeper, jadyly elleri bilen gudrat döredýän zenanlaryň ýüregi mahmal, göwünleri umman kibidir. Ýurdumyzyň hususy pudagynda çeper el işleri bilen adygan «Mähirli zenan» modalar öýüniň ýolbaşçysy Aýna Durdylyýewa-da şeýle zenanlardan. «Gara gadyr» diýilýänlerden. Barsaň, güler ýüz bilen garşy alar. Möhümiňi bitirmän, goýbermez. Onuň ýolbaşçylygynda işleýän tikinçi zenanlar islän biçüwiňdäki lybasy göwnüňdäki ýaly tikip, ýakasyny-da bejerip bererler. Şonuň üçin-de, bu modalar öýüniň müşderisi ýeterlik. Olaryň keşdeleriniň her biri asylzada gelin-gyzlarymyzyň yhlasyndan hem-de kalbynyň hoş owazyndan döreýär. Al-elwan güllere çalymdaş lybaslaryň owadanlygyny hiç zat bilen deňeşdirip bolmaýar.