Süýji ylham

21 Aprel 2023
1942

Ýazyjylaryň biri: «Eger ähli adamlaryň dili süýjüdenem süýji bolan bolsady, onda çaýyň gapdaly bilen süýji sözüň özem ýeterlik bolardy» diýip belläpdir. Bu örän dogry. Çagakam, «Iň süýji zat näme?» diýseler, «Süýji» diýip, jogap bererdim. Soň düşündim, iň süýji zat arzuw eken. Häzir welin, süýji arzuwlary süýji zatlaryň döredýändigine göz ýetirdim. Süýjüler durmuşda bagtly adamlaryň hasam bagtly bolmagy üçin döredilen ýaly. Meniň ýylgyrmagym üçinem birje şokolad ýeterlik. Sebäbi men Françesko Petrarkanyň: «Bir bölejik süýji ençe gussanyň dermany» diýen sözleri bilen ylalaşýaryn.

Konditer önümlerini öndürijileriň arasynda Peggi Porşeniň ady täze bolup görünse-de, onuň öndürýän süýjülikleri ýaly juda göze ýakymly kafesi eýýäm tutuş dünýäde bellidir. Içi-daşy durşuna gülgüne reňke boýalan, her dürli güller, bezegler bilen owadanlanan «Peggi Porşeniň meşhur süýjüli butgajygy» diňe bir Londona baryp görmek däl, eýsem, internet sahypalarynda suratlaryna duşanyňda hem ünsüňi derrew özüne çekýär. Häzirki wagtda bu süýji kafesi jahankeşdeler tarapyndan iň köp barylýan we internet sahypalarynda köp mahabatlandyrylýan ýerleriň birine öwrüldi. Sebäbi Londonyň bu ýeri bir käsejik kofeniň ýanynda bir bölejik şirinnan bilen durmuşyň lezzetini duýmak üçin, şeýle-de ýadygärlik surata düşmek üçin iň gözel ýerleriň biri hasaplanýar.

Taýýarlan Züleýha GULOWA,
«Zenan kalby».