Ol — geolog alym, hormatly mugallym, zehinli suratkeş, taslamaçy heýkeltaraş hem erjel daga dyrmaşyjy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa kafedrasynyň mugallymy, geologiýa we mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty Anatoliý Grigorýewiç Buşmakin diýseň, ony ýurdumyzyň we goňşy döwletleriň ylmy wekilleriniň arasynda tanamaýan ýok diýen ýaly. Ömür saly togsana golaýlaberen bolsa-da, onuň hortap bedenli sadadan geýnen keşbinde öwrenmekden, agtarmakdan, gözlemekden irmek-ýadamak duýulmaýar. Amal eden işleri, ylmy täzelikleri, ýazan makalalarydyr monografiýalary, suratkeşlik, taslama eserleri barada pikir etseň, halypa mugallyma «türkmen geologiýasynyň we tebigaty öwreniş ylmynyň da Winçisi» diýse boljak.
Halypa mugallym ömrüniň esli bölegini türkmen geologiýasynyň anyk hem özboluşly taryhyny şöhlelendirýän muzeýi döretmäge, onuň işini alyp barmaga bagyşlady. Aslynda, «Watan» diýlen topragyň üsti-astynyň «ýüpünden iňňesine çenli» tabyna, geçmişine geologyň nazary bilen düşünmek oňa ähli hünärleriň başy bolup göründi.