Hormatly Prezidentimiziň goldaw bermegi we uly ynam bildirmegi netijesinde ýurdumyzyň telekeçilik ulgamy barha ösýär. Hususy pudak bazarlarymyzda haryt bolçulygyny döredip, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda öz mynasyp ornuny berkidýär. Türkmen işewürleri täze tehnologiýalara daýanyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini birkemsiz tutup bilýän önümçiligi döredýärler. Ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary döwletlere çykarylmagynda-da işewürlerimiz yhlaslylyk görkezýärler. Olar ýurdumyzyň ähli pudagynda zähmet çekip, harytlaryň dürli görnüşini, şol sanda durmuş himiýasyna degişli önümleri hem öndürýärler. Durmuş himiýasyna degişli önümleri öndürmekde «Täç hil» hususy kärhanasynyň ýeterlik tejribesi bar. Golaýda bu hususy kärhananyň hünärmeni Haknazar Haljanow bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi:
— Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17 — 23-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli senagatçylaryň hem-de telekeçileriň sergisi geçirildi. 18-nji martda hormatly Prezidentimiziň hut özi sergä baryp, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz telekeçileriň işine gowy baha berip, olaryň milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini belledi hem-de ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigini aýtdy. Bu sözler biz — telekeçileri täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.