Sirkiň döreýiş taryhy

17 Aprel 2023
1886

Mähriban çagalar, söýüp tomaşa edýän sirk sungatynyň döreýiş taryhyny bilesiňiz gelýärmi?! Geliň, ol hakynda käbir maglumatlar bilen tanşalyň!

«Sirk» sözi latyn dilinden geçen söz bolup, «tegelek bina» diýen manyny aňladýar. Ol lezzet beriji oýun, täsirli sungat hasaplanylýar. Çünki ondaky çykyşlar iň gyzykly tomaşalaryň biridir. Sirk adamlaryň, jandarlaryň bilelikde gatnaşyp, gülküli çeper çykyşlaryň üsti bilen masgarabazlyk, dürli sazlar, çylşyrymly hereketleriň jemlenýän ýeri bolup, ýörite tomaşaçylar üçin guralýar. Ol, esasan, ýerli we göçme sirk toparyna bölünip, göçme sirk ülke-ülke aýlanyp çykyş edýär. Her ýylyň aprel aýynyň üçünji şenbesi bolsa Bütindünýä sirk baýramçylygynyň günüdir.

Mähriban GELENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.