Bu günki gün eziz Diýarymyz bagy-bossanlyga bürenýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde tokaý zolaklary döredilýär. Baglar, göýä keşde kimin, dag-düzlerimizi, oba-kentlerimizi jähekläp, olara özboluşly bezeg berýär. Aýratyn-da, soňky ýyllarda miweli baglary köpeltmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bagbanlarymyzyň maňlaý deri siňen ene topragymyzda ýetişýän ir-iýmişleriň görnüşi-de, mukdary-da ýylsaýyn artýar. Bu sogap işden türkmen işewürleri-de çetde durmaýarlar.
Kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde işewürler ýurdumyzyň dürli künjeginde alma, erik, ülje, şetdaly, hurma, beýi, garaly ýaly miweleriň köp hasyl berýän görnüşini ekip, bol hasyl alýarlar. Bu babatda «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işleri aýratyn bellärliklidir.