Maşgala — mukaddeslik

13 Aprel 2023
1217

Hormatly Prezidentimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 6-njy aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatyndaky taryhy çykyşynda: «Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys!» diýen sözleri halkymyzyň göwünlerini galkyndyrdy.

Halkymyz hemişe-de çagalary durmuşyň bezegi hasaplaýar. Olaryň bilim-terbiýesine, beden saglygyna aýratyn üns berýär. Munuň şeýledigini ata-babalarymyzdan miras galan «Çaga — durmuşyň güli», «Çagaly öý — bazar», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» ýaly onlarça nakyllardyr atalar sözleri hem tassyklaýar.

Altynjemal AÝNAZAROWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň direktorynyň orunbasary.