Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Gadymy Merw orta asyrlarda kerwenleriň gelim-gidimli hem-de söwdanyň ösen merkezleriniň biri bolupdyr. Dünýä belli kitaphanalary, kerwensaraýlarydyr bazarlary bilen Merw döwrüniň belli şäheri bolupdyr. Şonuň üçin hem söwdagärleriň, alymlaryň, täjirleriň Merwe bolan gyzyklanmasy örän artypdyr. VII—X asyrlarda arap söwdagärleriniň gelim-gidimli ýeri bolan Merwde örän ýokary derejede söwdalar amala aşyrylypdyr.
Häzirki döwürde Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän taryhy ýerlerde uly-uly kerwensaraýlarda kerwenleriň düşlänligine, bu ýerde bazarlarda söwda edilendigine hem-de dürli wagtlarda dürli pullaryň ulanylandygyna taryhy maglumatlar bilen birlikde, gazuw-agtaryş geçirileninde tapylan altyn teňňeler hem şaýatlyk edýär.