Etrap bilim bölümi bilen bilelikde “Maşgala mukaddesligini gorap saklalyň!” ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdik. Ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, maşgala mukaddesligine söýgi döretmek, olarda halallyk, edeplilik we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen geçirilen çärede ajaýyp döwrümizde ata-babalarymyzdan miras gelýän asylly ýörelgelere, maşgala mukaddesliklerine ygrarly ýaşlaryň kemala gelýändigi, olaryň ýurdumyzyň beýik ösüşlerine halal, arassa zähmetleri bilen mynasyp goşantlaryny goşýandyklary buýsanç bilen bellenildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy gülledip ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri aýdyldy.