Dünýä ýurtlarynda

12 Aprel 2023
1204

Ýüzýän şäher

Maldiw adalarynda 2 ýüz müň ýaşaýjy üçin niýetlenen dünýäde ilkinji ýüzýän şäheri gurmak meýilleşdirilýär. «Maldives floating city» diýlip atlandyrylan taslama paýtagt şäher Maleden we halkara howa menzilinden katerde ýüzeniňde 15 minut aradaşlykda ýerleşýär. Ýüzýän şäher toplumlaýyn syýahatçylyga esaslanyp, myhmanhanalary, öýleri, dükanlary we restoranlary öz içine alar. Taslama Gollandiýanyň sillere çydamly ýüzýän tehnologiýalaryna esaslanýar. Şäheriň aşagynda hem-de daş-töwereginde emeli merjen rifleriniň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär, bu bolsa öz gezeginde şäheri tolkunlardan gorap saklar diýlip çaklanylýar. Salkynlygy üpjün etmek üçin bolsa, ummanyň çuňlugyndaky suwlardan peýdalanylar. Taslama 2022-nji ýylda «MIPIM Awards» binagärlik we ösüş üçin halkara baýragynda «Iň gowy futuristik taslama» kategoriýasynda ýeňiji boldy.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Akmuhammet ANNABERDIÝEW,
«Aşgabat».