Kitap döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän baýlykdyr. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýän, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýän, Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýeleýän çeşmedir, adamzadyň akyl-paýhasyny durlaýan gymmatlykdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň kitaphana ulgamy täze ösüşleri başdan geçirýär. Ýurdumyzda kitaba uly sarpa goýulmagy we ylym-bilimiň ösdürilmegi kitaphana işgärleriniň öňünde kitaphanalaryň işiniň hilini gowulandyrmagy we bilimlerini artdyrmagy wezipe edip goýýar. Kitaphanalara täze okyjylary çekmek, olarda kitaba bolan söýgini döretmek, oňa hormaty has-da çuňlaşdyrmak, bitewi elektron gazna döretmek, ony doly derejede ýola goýmak, elektron kitaplar babatda ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işini alyp barmak, kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen kitaphanaçylar dürli mazmunly medeni-köpçülik çärelerini, duşuşyklary, kitap sergilerini, göçme kitaphana hyzmatlaryny, täze gelýän kitaplaryň tanyşdyrylyş çärelerini geçirip durýarlar. Bu tejribe kitaphana okamaga gelýän we kitaphana hyzmatyndan peýdalanýan okyjylaryň sanyny artdyrýar.