Edep mekdebi (durmuş pursatlary)

11 Aprel 2023
1209

Ömri ýagşylyga ýaran bolup ýaşamak, terbiýeli bolup, özüňden soňky nesle görüm-görelde görkezmek enelerimiziň edep mekdebi bolup ykbalymyzda orun alýar. Eneler perzentlerine durmuşyň manysyny, ýagşy bilen ýamany tapawutlandyrmagy, mukaddesliklere sarpa goýmagy, ata-babalaryň döwletli ýörelgelerini dowam etdirmegi, maşgala gymmatlyklaryny, ahlak-edep düzgünlerini öwredýärler. Mährem enäniň öwüt-nesihatlary bilen kemala gelen adam öz durmuş ýolunda her bir täze işe ýapyşanynda, «ejem näme maslahat bererdikä, özi bolsa, nähili çözgüt tapardyka» diýip, oýa batanyny duýman galýandyr.

* * *

Jennet DÖWLETMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy.