Türkmenistanyň uglewodorod ýataklary, gözleg barlag meýdanlary nebit we gaz welaýatlarynyň taglymatyna laýyklykda, Amyderýa welaýatyna bölünýän giň Garagum nebitgaz basseýninde ýerleşýär.
Türkmenistanyň merkezi, demirgazyk, gündogar sebitleriniň, Günbatar Özbegistanyň, Demirgazyk Owganystanyň çägini tutýan Garagum nebitgaz basseýniniň umumy meýdany 514 müň km2. Ol ýeke-täk arteziýa basseýnidir we Köpetdagetek büklümi, Türkmen anteklizasynyň gündogary, Amyderýa sineklizasy ýaly uly geotektonik elementleri öz içine alýar. Köplenç, Garagum nebitgaz basseýni megabasseýn hökmünde tapawutlandyrylýar hem-de garaşsyz Köpetdagetek, Amyderýa nebitgaz basseýnlerine ýa-da subbasseýnlerine bölünýär. Turan plitasynyň Garagum nebitgaz basseýninden başga-da, Orta Hazar, Günorta Hazar basseýnleriniň Orta Aziýanyň günbatarynda ýerleşýänligini hem bellemelidiris.