"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Keçeden asmalyklar

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Türkmeniň etnografiýasy» ylmy-barlag bölüminiň hemişelik sergisinde hem-de gaznasynda keçe we keçe önümleriniň onlarçasy saklanýar. Atlara basyryk, içirgi, jul, ak öýlere düşek, durluk, serpik, üzük, keçeden düýe asmalyklar, namazlyk, oýluk we bukjalar ilat tarapyndan giňden ulanylypdyr. Adatça, türkmen toýlarynda kejebäniň iki gapdalyndan asylýan bäşburç görnüşli düýe halylary eli çeper zenanlar dokma usulynda çitip dokapdyrlar. Döwlet muzeýindäki keçeden düýe asmalyklar, bukjalar gadymy gymmatlyklar bolmak bilen, hiç haçan könelmejek kämil senedimizdir. Olaryň bu görnüşleri juda seýrek. Şol şekilli keçeden düýe asmalyklaryny Balkan welaýatynyň zenanlary taýýarlapdyrlar.

Jahan içre ýaýran türkmen keşdesi (Ýaşlar we millilik)

Ir säherde jaň eden ejem janyň sesi bu gezek diýseň şatlykly çykdy. «Gyzym, gözüňiz aýdyň! Teleýaýlymda türkmen keşdeçilik sungatynyň dünýäde ykrar edilendigi baradaky hoş habary eşidip, begenjimden ganat bagladym. Ene-mamalarymyzyň zähmeti şeýle ýokary derejede arzylanar-da, şatlanmazmyň diýsene! Gaýtalanmajak gözelligi döreden türkmen zenanlaryna diňe guwanmak galýar» diýip, käbäm şatlygyny meniň bilen paýlaşdy. Şol pursat saý-sebäp bilen nesibesi gaýry ýurda çeken ejem janyň gara gözlerini begenç ýaşlaryna dolduryp oturan keşbi göz öňümde janlandy. Birhili ýüregim gobsunyp gitdi. Gözümi bir nokada dikip oturyşyma, hyýalymda bagtly çagalyk ýyllaryma dolandym. Orta mekdebi tamamlap, ýokary bilimi Türkmenistanda almaga höweslidigimi aýdanymda, ejemdir kakam öz ýanlarynda okanymy kem görmediler, atamyň begenjiniň welin çeni-çaky bolmady. Atam Watanynyň bir gysym gumuny arzuwlap, bu dünýeden armanly gitdi. Ýöne ol hiç wagt hem başyndan akgaýma tahýasyny, egninden keşdelije ezýaka köýnegidir gyrmyzy donuny aýyrmady. Iki laý täzesini aýap goýup, toý-baýrama gidende geýerdi. Bir gezek dosty ogluny öýerende, atam toýdan ruhubelent geldi. Kakam: «Hoş habaryň barmy, kaka? Bolup gelşiň-ä ekiz agtygyň bolana meňzeýär» diýende, atam: «Häk, oglum, şu wagt-a: «Ýekeje gyz agtygyňa taý doguldy» diýseňem beýle begenmezdim» diýdi-de, soňra ejeme seredip: «Muňa bir sered-ä, gelin, beýle

Geçmişiň şöhraty ýaň salýan mekan

Türkmenler iň gadymy halklaryň biri hasaplanýar. Şeýle hem, türkmenler dünýä medeniýetine, ylmyň ösmegine saldamly goşant goşan halk hökmünde giňden tanalýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni, arheologik ýadygärlikler doly tassyklaýar. Häzirki eşretli zamanamyzda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän gadymy hem orta asyr ýadygärliklerinde, taryhy muzeýlerde saklanýan, halkymyzyň geçmiş ýolundan söz açýan gymmatlyklary göreniňde, şeýle genji-hazynalarymyzy her bir raýatymyzyň görüp, synlap, olar barada gymmatly maglumatlary alyp bilmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler göwnüňi göterýär. Türkmenistan taryhy-medeni ýadygärliklere baý ýurtlaryň biri hasaplanýar. Medeni ýadygärlikleriň has gadymy döwürlere degişlileri-de bar. Orta asyrlarda gurlan binalar özboluşly gurluş äheňi, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde taryhy-medeni ýadygärlik toplumlarynyň ençemesi ýerleşýär. Dehistan, Nusaý, Amul, Merw ýadygärlikler toplumlarynda bina gurmagyň täsin nusgalaryny görmek bolýar. Aýratyn hem Maşat ata, Togalakdepe, Goňurdepe, Mansurdepe, Namazgadepe, Altyndepe ýaly taryhy-medeni ýadygärliklerden tapylan taryhy tapyndylar özüniň gaýtalanmajak gurluşy bilen akylyňy haýran edýär. Mundan başga-da, Yzmykşir, Köneürgenç, Ysmamyt ata, Seýitjemaleddin metjidi, Sarahs galasy, Soltan Sanjaryň kümmeti ýaly başga-da b

Jodur tahýasy

Ýurdumyzyň muzeýlerinde milli mirasymyzy gorap saklamak, öwrenmek, wagyz etmek we ösdürmek bilen bagly işler giňden alnyp barylýar. Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde-de XIX asyryň ahyrlaryna, XX asyryň başlaryna degişli milli egin-eşiklerimiz saklanylyp, olar dürli biçüwi we tikilişi bilen tapawutlanýar. Şeýle milli gymmatlyklarymyzyň biri-de ärsary gyzlarynyň geýýän jodur tahýasydyr. Bu tahýanyň ýerligi ak matadan edilip, dürli reňkli nagyşlar bilen keşdelenýär. Esasy bölegine jodur nagşynyň salynýanlygy üçin oňa «jodur tahýa» diýilýär. Ol alma çigidini ýada salýan özboluşly owadan çigildem gülüne meňzeş nagyşdyr. Bu nagyşda on barmagy hünärli gelin-gyzlar, köplenç, gyzyl, gara, gök, ýaşyl reňkli ýüpek sapaklary ulanypdyrlar.

Halkymyzyň behişdi bedewlerine bolan buýsanjynyň beýany

Hormatly Prezidentimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 10-njy fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döretmek hakynda Permana gol çekmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhraty äleme dolan ahalteke bedewlerimiziň gymmatyny täze mazmun bilen baýlaşdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň bu Permany taryhda asman atlary diýlip atlandyrylan behişdi bedewlerimiziň şöhratyny artdyrmakda nusgalyk işleri bitiren  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerinde ündän nesihatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Juwaz

Taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen gymmatlyklarynyň arasynda juwazyň tutýan orny uludyr. Juwaz — bu birnäçe özara baglanyşykly agaç böleklerden ybarat desga bolup, ol künjüden ýag almak üçin ulanylýan gural. Juwazyň ýerleşdirilen jaýy aýratyn häsiýete eýedir.  Pederlerimiz jaýyň giňligini töwereginden juwaza goşulan iş maly arkaýyn aýlanyp hem-de juwaza degişli enjamlar ýerleşdirilip bilner ýaly ululykda gurupdyrlar. Ol jaýa «juwaztam», «juwazdan» ýa-da «juwazhana» diýilýär. Juwazy işledýän adama bolsa «juwazçy» ýa-da «juwazban» diýipdirler. Juwazyň däne döwýän sokusy jaýyň ortasynda ýerleşdirilipdir.

Hüwdüde taryplap şaý-seplerini

Milli şaý-seplerimiziň hersiniň aňladýan manysy, özboluşly aýratynlygy we bejerijilik häsiýeti bar. Şonuň üçin ene-mamalarymyz gadymy döwürlerden bäri çagalara niýetlenilen bezeg şaýlarynyň gelşigine, bejerijilik täsirine aýratyn üns beripdirler. Ene-mamalarymyz:«Balam Bagdat hurmasy,Göwnüm götär durmasy.Oňa gelen belanyňBoýnun burar burmasy»

Ak zat alnyňa ýagşy

Halkymyzda ak reňke uly ähmiýet berilýär. Däp-dessurlarda we ýörelgelerde ak zatlar aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Şonuň üçinem parasatly pederlerimiz: «Ak zat alnyňa ýagşy» diýen nakyly döredipdirler. Daýhançylykda arpa, bugdaý ekmek üçin suwarmaga taýýarlanylan meýdana «ak ýer» diýilýär. Türkmençilikde ak pata bermek däbi irki döwürlerden bäri ýörgünlidir. Ýurdumyzda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmaklarynda her ýyl bugdaý, gowaça ekişine we olaryň hasylynyň ýygnalmagyna ak pata berilýär. Halypalaryň şägirtlerine ak pata bermek ýörelgesi halkymyzyň arasynda biziň döwrümize çenli ýöredilýär.

Jomartlygyň ölçegi

Hatam taýdan sorapdyrlar: — Özüňden jomart adam gördüňmi?

Il — adyl terezi

Irki zamanlarda rysgal-döwletli, ýedi ogully baý bar eken. Ol ogullaryny öýerýär. Gezek körpe ogluna ýetýär. Körpe ogly bir atly-abraýly adamyň gyzy bilen halaşýar. Döwletli baý aýaly bilen gudaçylyga gidýär. Söz aýdýar. Gyzyň kakasy:

Beýik Ýüpek ýoluň ýüreginde (Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserini okap sere gelen setirler)

Syryberseň Jeýhun derýaň ýakasyn,Görersiň sen päk zähmetiň sakasyn.Synlasaň meýdanlaň belent-pesini,Diňleseň buýanlaň ygşyldysyny,Hem ýygsaň gowaçaň akja hanasyn,Duýdugyň bolardy ömrüň manysyn. Bahar seýle çyksaň gadym Lebaba,Dynjyn alan peller gelerler taba,Derekler asmanda boýlaryn tellär,Bol miwe getirjek agaçlar güllär,Öri meýdanlara ýollar uzalar,Sährada bakylar owlak-guzular.

Miras

GURAMADAN GURALAN GÖZELLIK Halkymyzyň milli ýörelgelerine mahsus häsiýetleriň biri-de hojalykdyr öý işlerinde hiç bir zady yrýa etmän, tygşytly ulanmagydyr. Egin-eşikdir dürli lybaslary biçip tikenlerinde artyp galýan mata bölejikleri hem ýerlikli ulanylypdyr. Bu babatda artyp galan mata bölejiklerini birikdirip gurnama esasynda bezeg işini guramak gelin-gyzlaryň arasynda ýörgünli bolupdyr. Ol häzirki günlerde hem mynasyp dowam etdirilýär.

Meşhur mirasgäri ýatlap...

Il içinde şeýle bir adamlar bolýar. Olary märeke bilen tanyşdyrjak bolup, alada galyp oturmagyň geregi ýok. Märeke beýle adamlar bilen seniň tanyşlygyňdan has ýakyn tanyş bolup çykaýýar. Şeýle meşhurlyk halkymyzyň milli medeni mirasyny soraglap-idäp, ýygnap, ýene halka ýetirmek bilen meşgullanyp gezen Ümür Esene aýratyn mahsusdy diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Eýsem, Ümür aga şeýle meşhurlyga nädip ýetişdi? Bu sowala jogaby Ümür aganyň halkyň hazynasyny ýygnamak ýaly örän wajyp we irnik işe lükgeligi bilen berilmeginden gözlemeli. Çünki, Ümür agada bölek-büçeklik ýokdy, ol işe düýrmegi bilen ýapyşýardy. Men ony gazetde işleýän ýarym asyra basalykly döwrümden bäri tanan hem bolsam, şol tanyşlygyň örän bärden gaýdanlygyny indi-indiler boýun alasym gelýär. Ýogsa, gazetiň redaksiýasyna günde-günaşa gelýän bu meşhur kişiniň meniň ýanyma barman çykyp giden gezegi ýokdur.

Çopanyň ilmegi we taýagy

Ata-babalarymyz çarwa halk bolansoň düýeleri, dowarlary, sygyrlary dürli pasyllarda näjüre bakmagyň usullaryny ele alypdyrlar. Çopanlaryň mal yzynda gezmegi olaryň tomsuň jöwzasyna, gyşyň aňzagyna çydamly, sagdyn bedenli, tutanýerli, güýçli, göwresiniň deşli bolmagyna getiripdir. Alaň-açyk giň meýdanlarda padymanyň syrdaşy türkmen alabaýy mallary gorap saklamakda gäwbanyň ýardamçysy bolupdyr. Şu ýerde çopanlar üçin çopan taýagynyň ähmiýeti hakynda durup geçmegi-de ýerlikli hasaplaýarys. Oňa könelerimiz «Pygamber taýagy» ýa-da «Bereket taýagy» hem diýipdirler. Adatça, söwütden, ýylgaýdan, sözenden ýasalan taýaklaryň uzynlygy 90-100 santimetr (12-13 tutam) bolupdyr. Ony ýitirmek, bir ýerde galdyryp gaýtmak çopançylyk bilen meşgullanýan adama mahsus däldir. Hatda çopan taýagyny nesilden-nesle geçirip hem ulanypdyrlar.

Hüwdi bilen ak daňlary oýaran

Hüwdi! Bu sözde enäniň mylaýym sesi, perzendine bolan söýgüsi hem-de dowamata-dowam boljak arzuw-umytlary bar. Hüwdüde jennet owazynyň bardygyny aýdýarlar. Bu barada il arasynda şeýle rowaýat hem bar: Adamzadyň ilkinji perzendi dünýä inende, ol sesini goýman aglapdyr. Ejesi ony diňdirjek bolupdyr, diňmändir. Ene perzendi rahatlanar ýaly, kömek etmeklerini isläp, mynajat aýdypdyr. Şol wagt gök gürläp, ýyldyrym çakyp, asmandan howalanyp hem-de geň owaza owazlanyp sallançak inipdir. Ene çagasyny şol sallançakda ýatyrypdyr. Arşdan bir seda eşidilipdir: «Eý, ene, eger perzendiň gowy adam bolup ýetişmegini isleseň, şu owaza goşup, ýüregiňde beslän arzuwlaryňy aýdym edip aýt...».

Çagalygymyň owazy

Çagalyk ýyllarymyň ýakymly ýatlamalaryndan ejem janyň gopuz satyn alyp beren pursady aýratyn ýadymda galypdyr. On ýaşymy doldurypdym. Bir gün ejem meni bazara alyp gitdi. Ejem haly gapjyklarydyr dürli alajalary satýan zenanyň gabadynda aýak çekdi. Men onuň ýanynda durup, ak matanyň ýüzüne hatarlanyp goýlan naşyja gurallary synlaýardym. Olaryň nämedigine düşünjek bolýardym. Hatda birini elime alyp göräýesim geldi. Meniň bolşum satyjy zenanyň synçy nazaryndan sypmandyr. Hoşlaşyp ýöräp ugranymyzda: «Aýal dogan, gyzjagazyňa gopuzam alyp ber-dä!» diýip, yzymyzdan gygyrdy. Ejem bir ol zenana, birem maňa garap: «Gyzym gopuz çalyp bilmese näme!» diýdi-de, öňe bakan ýöräberdi. Ýöne yzda ýaňlanan owaz onuň saklanmagyna sebäp boldy. Ol şeýle bir şirindi, şeýle bir üýtgeşikdi. Sähel salymda satyjy zenanyň daşyna mähelle bary üýşdi. Ejem, saz gutarandan soň hem, onuň ýüzüne bakyp, aňk bolup durdy. Ol gopuzlaryň birini eline aldy-da: «Gyzyma-da öwredermiň?» diýdi. Satyjy zenan gopuz çalmagy mamasyndan öwrenipdir. Ol: «Ynha, şu gopuzy babam mamam üçin ýörite ýasapdyr. Mamamdan ýadygär galan bu gopuzda men çagalygymyň owazyny görýän, şonuň üçin ony tumar hökmünde boýnumda göterip gezýän» diýip, elindäki gopuzyna buýsançly bakypdy. Şeýdip, men hem-ä gopuzly boldum, hemem ony çalmagy öwrendim. Gopuz gyzjagazlaryň ählisiniň höwes edýän saz guraly bolmaly. Ony dodaklaryň arasynda goýup, diline ýu

Dokmaçylygyň gadymy usuly

Erşi bäş gazykda ýüwürtmeli. Ýüwürdip otyrkaň küjülemeli. Üç adamyň biri ýüwürtmeli, biri küjülemeli, ýene biri bolsa ýumagy aýlamaly. Erşi ýüwürtjek uzaklygyňy belläp, bir gazygy garşyňda kakmaly. Soňra dokmanyň başlanmaly ýerinde iki gazygyň aralygyny ýarym gulaç ýaly belläp, gazyklary kakmaly.

Wesýet

Suratda: Ogulsoltan Tagandurdyýewa çowluklary bilen (2020 ý.). Men orta mekdepde okaýan döwürlerim gazet bilen aragatnaşyk saklamagy arzuw edýärdim. Dogrusy, döredijilik meniň üçin gyzyklydy, edebiýat ugrundan ýokary okuw mekdebini gutaryp, žurnalist bolasym gelýärdi. Ýöne ykbal meni başga käre ugrukdyrdy. Aradan on iki ýyl geçdi. Ýyllar meni ýaşlyk arzuwlarymdan daşlaşdyrman ekeni. Döredijilige bolan höwesim öz erkime goýmady. Ýagşy niýet bilen galama ýapyşyp, kalbyma gelen zatlary ýazyşdyrdym.

Sargan

Halkymyzyň durmuşynda süýt iňňän wajyp orny eýeläpdir. Şonuň netijesinde süýdi gaýtadan işlemegiň täsin tehnologiýasy döräpdir. Ene-mamalarymyzyň süýt önümlerinden taýýarlaýan tagamlarynyň biri hem sargandyr. Sargan, esasan hem, goýnuň owuz süýdünden taýýarlanýar. Ýokumly, siňňitli bolan sargan beloklara baý iýmitdir. Uýadylyp, gaty görnüşe geçenden soň ony Gün şöhlesiniň düşmeýän ýerinde, ýerzeminlerde saklapdyrlar. Şol döwürde sarganda biohimiki üýtgeşmeler bolup geçýär. Sarganyň taýýarlanylyşy barada «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapda hem aýratyn bellenilýär. «Paýhas çeşmesi» atly kitapda hem sargan bilen baglanyşykly pähimler getirilýär. «Geçi süýdünden sargan bolmaz, ýüňünden — ýorgan». Sargan sözüniň gelip çykyşy hem örän gyzykly. Bu söz «sarykmak» işligine ortak işliginiň «an» goşulmasynyň goşulmagyndan emele gelipdir.

Haly — ýylylyk, palas — salkynlyk

Türkmen öýlerini haly-palassyz göz öňüne getirmek kyn. Palas dokmaçylygy irki döwürlerden ýokary derejede ösüp, ol durmuşda giňden ulanylypdyr. Sebit aýratynlyklary boýunça bu sütüksiz halylary «palas», «kilim» diýip dürlüçe atlandyrypdyrlar. Palasyň, köplenç, halkymyzyň durmuşynda giňden ulanylandygyny bu baradaky däpleriň ýörgünli bolmagynda aýdyň görmek bolýar. Gyz durmuşa çykanda, däbe görä, gyz sepine, esasan, düýebaşlyk, haly, keçe, halyk, öýdüme palas, iki jübüt daşlyk çuwal, bir jübüt gyzyl çuwal, bir jübüt garçyn we beýleki öý goşlary berlipdir. Gyzlar durmuşa çykanda, ýany bilen alyp gitjek halysyny özleri dokapdyrlar. Ony «nikadüşer» diýip atlandyrypdyrlar. Durmuşa çykarylýan gyz öýden alnyp çykylanda, ýeňňeleri bilen uly halynyň ýa-da palasyň üstünde oturdylýar. Bu däbe «gyzy palasa salmak» diýilýär. Gelnalyjy gelen erkek adamlar gyzyň ýeňňeleri bilen oturan palasyny göterip, kejebä çenli alyp barýarlar.