Haly — ýylylyk, palas — salkynlyk

15 Fewral 2023
570

Türkmen öýlerini haly-palassyz göz öňüne getirmek kyn. Palas dokmaçylygy irki döwürlerden ýokary derejede ösüp, ol durmuşda giňden ulanylypdyr. Sebit aýratynlyklary boýunça bu sütüksiz halylary «palas», «kilim» diýip dürlüçe atlandyrypdyrlar. Palasyň, köplenç, halkymyzyň durmuşynda giňden ulanylandygyny bu baradaky däpleriň ýörgünli bolmagynda aýdyň görmek bolýar. Gyz durmuşa çykanda, däbe görä, gyz sepine, esasan, düýebaşlyk, haly, keçe, halyk, öýdüme palas, iki jübüt daşlyk çuwal, bir jübüt gyzyl çuwal, bir jübüt garçyn we beýleki öý goşlary berlipdir. Gyzlar durmuşa çykanda, ýany bilen alyp gitjek halysyny özleri dokapdyrlar. Ony «nikadüşer» diýip atlandyrypdyrlar.

Durmuşa çykarylýan gyz öýden alnyp çykylanda, ýeňňeleri bilen uly halynyň ýa-da palasyň üstünde oturdylýar. Bu däbe «gyzy palasa salmak» diýilýär. Gelnalyjy gelen erkek adamlar gyzyň ýeňňeleri bilen oturan palasyny göterip, kejebä çenli alyp barýarlar.

Ogulgerek GARLYÝEWA,
Akdepe etrabyndaky 15-nji çagalar bagynyň müdiri.