Jahan içre ýaýran türkmen keşdesi (Ýaşlar we millilik)

27 Fewral 2023
519

Ir säherde jaň eden ejem janyň sesi bu gezek diýseň şatlykly çykdy. «Gyzym, gözüňiz aýdyň! Teleýaýlymda türkmen keşdeçilik sungatynyň dünýäde ykrar edilendigi baradaky hoş habary eşidip, begenjimden ganat bagladym. Ene-mamalarymyzyň zähmeti şeýle ýokary derejede arzylanar-da, şatlanmazmyň diýsene! Gaýtalanmajak gözelligi döreden türkmen zenanlaryna diňe guwanmak galýar» diýip, käbäm şatlygyny meniň bilen paýlaşdy. Şol pursat saý-sebäp bilen nesibesi gaýry ýurda çeken ejem janyň gara gözlerini begenç ýaşlaryna dolduryp oturan keşbi göz öňümde janlandy. Birhili ýüregim gobsunyp gitdi. Gözümi bir nokada dikip oturyşyma, hyýalymda bagtly çagalyk ýyllaryma dolandym.

Orta mekdebi tamamlap, ýokary bilimi Türkmenistanda almaga höweslidigimi aýdanymda, ejemdir kakam öz ýanlarynda okanymy kem görmediler, atamyň begenjiniň welin çeni-çaky bolmady. Atam Watanynyň bir gysym gumuny arzuwlap, bu dünýeden armanly gitdi. Ýöne ol hiç wagt hem başyndan akgaýma tahýasyny, egninden keşdelije ezýaka köýnegidir gyrmyzy donuny aýyrmady. Iki laý täzesini aýap goýup, toý-baýrama gidende geýerdi. Bir gezek dosty ogluny öýerende, atam toýdan ruhubelent geldi. Kakam: «Hoş habaryň barmy, kaka? Bolup gelşiň-ä ekiz agtygyň bolana meňzeýär» diýende, atam: «Häk, oglum, şu wagt-a: «Ýekeje gyz agtygyňa taý doguldy» diýseňem beýle begenmezdim» diýdi-de, soňra ejeme seredip: «Muňa bir sered-ä, gelin, beýle-de bir inçe iş bolarmy, edil galam bilen çyzylan ýal-a bi» diýip, elindäki owadan akgaýma tahýany ejemiň eline tutdurypdy.

Ýazgül ANNAÝEWA,
žurnalist.