Hüwdi bilen ak daňlary oýaran

17 Fewral 2023
914

Hüwdi! Bu sözde enäniň mylaýym sesi, perzendine bolan söýgüsi hem-de dowamata-dowam boljak arzuw-umytlary bar. Hüwdüde jennet owazynyň bardygyny aýdýarlar. Bu barada il arasynda şeýle rowaýat hem bar:

Adamzadyň ilkinji perzendi dünýä inende, ol sesini goýman aglapdyr. Ejesi ony diňdirjek bolupdyr, diňmändir. Ene perzendi rahatlanar ýaly, kömek etmeklerini isläp, mynajat aýdypdyr. Şol wagt gök gürläp, ýyldyrym çakyp, asmandan howalanyp hem-de geň owaza owazlanyp sallançak inipdir. Ene çagasyny şol sallançakda ýatyrypdyr. Arşdan bir seda eşidilipdir: «Eý, ene, eger perzendiň gowy adam bolup ýetişmegini isleseň, şu owaza goşup, ýüregiňde beslän arzuwlaryňy aýdym edip aýt...».

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.