Meşhur mirasgäri ýatlap...

22 Fewral 2023
468

Il içinde şeýle bir adamlar bolýar. Olary märeke bilen tanyşdyrjak bolup, alada galyp oturmagyň geregi ýok. Märeke beýle adamlar bilen seniň tanyşlygyňdan has ýakyn tanyş bolup çykaýýar. Şeýle meşhurlyk halkymyzyň milli medeni mirasyny soraglap-idäp, ýygnap, ýene halka ýetirmek bilen meşgullanyp gezen Ümür Esene aýratyn mahsusdy diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz.

Eýsem, Ümür aga şeýle meşhurlyga nädip ýetişdi? Bu sowala jogaby Ümür aganyň halkyň hazynasyny ýygnamak ýaly örän wajyp we irnik işe lükgeligi bilen berilmeginden gözlemeli. Çünki, Ümür agada bölek-büçeklik ýokdy, ol işe düýrmegi bilen ýapyşýardy. Men ony gazetde işleýän ýarym asyra basalykly döwrümden bäri tanan hem bolsam, şol tanyşlygyň örän bärden gaýdanlygyny indi-indiler boýun alasym gelýär. Ýogsa, gazetiň redaksiýasyna günde-günaşa gelýän bu meşhur kişiniň meniň ýanyma barman çykyp giden gezegi ýokdur.