Çagalygymyň owazy

17 Fewral 2023
806

Çagalyk ýyllarymyň ýakymly ýatlamalaryndan ejem janyň gopuz satyn alyp beren pursady aýratyn ýadymda galypdyr. On ýaşymy doldurypdym. Bir gün ejem meni bazara alyp gitdi. Ejem haly gapjyklarydyr dürli alajalary satýan zenanyň gabadynda aýak çekdi. Men onuň ýanynda durup, ak matanyň ýüzüne hatarlanyp goýlan naşyja gurallary synlaýardym. Olaryň nämedigine düşünjek bolýardym. Hatda birini elime alyp göräýesim geldi. Meniň bolşum satyjy zenanyň synçy nazaryndan sypmandyr. Hoşlaşyp ýöräp ugranymyzda: «Aýal dogan, gyzjagazyňa gopuzam alyp ber-dä!» diýip, yzymyzdan gygyrdy. Ejem bir ol zenana, birem maňa garap: «Gyzym gopuz çalyp bilmese näme!» diýdi-de, öňe bakan ýöräberdi. Ýöne yzda ýaňlanan owaz onuň saklanmagyna sebäp boldy. Ol şeýle bir şirindi, şeýle bir üýtgeşikdi. Sähel salymda satyjy zenanyň daşyna mähelle bary üýşdi. Ejem, saz gutarandan soň hem, onuň ýüzüne bakyp, aňk bolup durdy. Ol gopuzlaryň birini eline aldy-da: «Gyzyma-da öwredermiň?» diýdi. Satyjy zenan gopuz çalmagy mamasyndan öwrenipdir. Ol: «Ynha, şu gopuzy babam mamam üçin ýörite ýasapdyr. Mamamdan ýadygär galan bu gopuzda men çagalygymyň owazyny görýän, şonuň üçin ony tumar hökmünde boýnumda göterip gezýän» diýip, elindäki gopuzyna buýsançly bakypdy.

Şeýdip, men hem-ä gopuzly boldum, hemem ony çalmagy öwrendim. Gopuz gyzjagazlaryň ählisiniň höwes edýän saz guraly bolmaly. Ony dodaklaryň arasynda goýup, diline ýuwaşjadan kakyp goýberersiň welin, öz-özünden owazlanar gidiberer. Ýokary synplarda okaýan wagtym türkmen filmlerinde gyzlaryň gopuz çalýan pursatlaryna tomaşa edenimde, onuň jadylaýjy owazyny duýdum.

Ugulgül SEÝITGULYÝEWA,
Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.