"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Baý taryhly alabaý

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli çäreleriň tutuş ýurdumyzy gurşap alan häzirki günlerinde has-da ähmiýetli bolar diýen niýet bilen milli gymmatlygymyz bolan alabaý itleri hakynda toplan bu maglumatlarymyzy okyjylarymyza hödürleýäris. Türkmen topragyna XIX asyryň ortalarynda syýahat eden A.Borns öz ýatlama ýazgylarynda şeýle diýip ýazypdyr: «Gözýetmez Garagum sährasynda süri-süri mallary bakmak üçin 2-3 çopan ýeterlikdir. Sebäbi çopanlaryň birnäçe adamyň bitirýän hyzmatlaryny öz gerdenine alýan paýhasly hem düşbi çopan itleri bar. Şoňa görä-de, kemsiz terbiýelenen çopan itiniň bahasy örän ýokarydyr. Bir çopan itine 2-3 düýäniň bahasynyň berilýän halatlaryna-da gabat gelinýär».

Ussada belent sarpa

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli welaýat ýörite sungat mekdebiniň hem-de welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki «Mukama siňen ömür» atly festiwaly geçirildi. Meşhur kompozitoryň döredijilik dünýäsine bagyşlanan festiwalda saz žanrynyň dürli görnüşleri ýerine ýetirildi. Aýratyn-da welaýat çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň aýdan «Japbaklar» aýdymyna hem şol mekdebiň wekilleriniň sazandarlyk etmekleri, okuwçylaryň Nury Halmämmedowyň sazyna, Hajy Kakalyýewiň sözlerine döredilen «Türkmenistanym» diýen aýdymy ussatlyk bilen aýdyşlary, welaýat ýörite sungat mekdebiniň, kamera hor, akapella toparlarynyň «Keçpelek», «Dutaryň owazy», «Uçuň, durnalar!» atly aýdymdyr sazlary ýerine ýetirişleri festiwala gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

Bir ak bilen garaja...

Alajanyň türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynda aýratyn ornunyň bolşy ýaly, onuň halk döredijiliginiň ähli görnüşinde diýen ýaly şöhlelenýändigini hem bellemek gerek. Türkmen zenanlary «Alajanyň her bir zady göz degmekden goraýar» diýen yrymdan ugur alyp, ýaňy doglan çaga, täze gelne, täze dünýä inen taýçanaga, täze ulaga, täze öýüň gapysyna, umuman, gözden-dilden goralmak islenýän ähli zadyna alaja dakypdyr. Biz muny Gahryman Arkadagymyzyň täze dünýä inen taýjagazlara öz käbesiniň eli bilen ören alajasyny dakýan pursatlarynda-da aýdyň görýäris. «Bir alaja ýüpüm bar, nirä uzatsam ýetýär» diýen matalda alaja işilende ynsanyň gözüniň agy bilen garasyndan nusga alnandygy aýdylsa, «Alaja ýüpüm dag aşar» diýen matalda adamyň görejiniň ähli zady, hatda beýik dagyň aňyrsyndaky zatlary-da görüp bilýändigi beýan edilýär. Matalda ynsanyň gözüniň alaja deňelmegi we matalyň jogabynyň «göz» bolmagy alajanyň göz-dilden goraýanlygyny aňladýar.

Alaja — eneleň dileg penasy

Sende bir enäniň beýik yhlasy,Sende müňläp enäň arzuw-hyýaly.Eý, eziz alaja, mährem alaja,Senden gözbaş alýar ykbalyň ýoly. Käbäň elleriniň ýylysy bilen,Soňlanmajak dilegleri işilen.Eneler gitmeýär, girer-de gelerMaksatlarňa jogap bolan düýşüňe.

Jeýhun bilen Bahry-Hazar arasy

«Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasynyň Balkan welaýat häkimligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi bilen bilelikde guramagynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýinde geçiren «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligi dana pikirleri bilen ynsan ýüreginde orun alan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda boldy. Bibijan Nurmämmedowa,

Sungatyň dowamaty

Suratda: Türkmenistanyň halk artisti Ata Ablyýew agtyklary bilen. Ol çagalygyndan atasy, Türkmenistanyň halk artisti, ussat sazanda Ata Ablyýewiň ýanyndan aýrylmazdy. Atasynyň gazma dutaryň kirişlerine ezberlik bilen erk edip, şirin mukamlary çalşy, dutar ýasaýşy ony özüne çekerdi. Eline dutar alyp, näzijek barmaklary bilen atasynyň hereketine öýkünip, saz çalmaga çalşardy. Enesi Akjagül gelnejäniň agtyjagynyň peder ýoluny dowam etdirjekdigine ynamy uludy. Ol:

Akyldaryň hormaty

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň dürdäne goşgularynyň gymmaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da artýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda we dünýäniň dürli künjeklerinde akyldar şahyryň hormatyna geçirilýän çäreler onuň döredijiliginiň, paýhasynyň giň Jahana ýaýylmasydyr. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň şu ýylyň maýynda ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi bolsa, döwlet Baştutanymyz tarapyndan söz ussadynyň umumadamzat ähmiýetli taglymatlarynyň, adamzady ýagşylyga ündeýän dana nesihatlarynyň dünýäde dabaralanmagy ugrunda alnyp barylýan täze öwüşginli işleriň beýanydyr.

Şygryýetiň göwher täji

Türkmen halkynyň ruhy sütüniniň müň öwüşginli almaz täjine deňelen Magtymgulynyň döredijiliginde watançylyk we parahatsöýüjilik ýaly ajaýyp häsiýetleriň waspy asyrlardan aşyp, biziň döwrümize mizemez ruhy tereňligi bilen gelip ýetipdir. Onuň döredijiliginde watançylyk häsiýetli eserleriň ajaýyp nusgalary uly orun tutýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary esasynda 2024-nji ýylda dana şahyryň doglan gününiň şanly 300 ýyllyk senesi hem uly joşgun bilen ruhubelentlikde toýlanar. Bu dabaraly çäreleriň gerimi diňe bir şahyryň ata Watanynda däl-de, çawy ýaýran ýurtlarda, dünýä döwletlerinde hem dowam edýär.

Halkymyzyň milli ruhly mirasy

Miras dogrusynda söhbet açylsa, köplenç, maddy we maddy däl gymmatlyklar, ýagny bahasy ummasyz pula durýan, ýyl geçdikçe-de hümmeti artýan gymmatlyklar göz öňüňde janlanýar. Ýöne taryhyň bäş müňýyllykdan hem gowrak menzilini külterlän halkymyz milli ruhly janly gymmatlyklary hem miras goýmagyň hötdesinden gelipdir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmen alabaýy» atly eserinde: «Alabaý — biziň milli buýsanjymyz. Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýip belleýär.

Magtymgulynyň pelsepe mirasy

Alym Arkadagymyz beýik dananyň döredijiligi barada: «Eger-de öňki döwürlerde Magtymgulynyň her bir goşgusy diňe biziň milli edebiýatymyz üçin däl-de, eýsem, beýik türkmen şahyrynyň pelsepewi garaýyşlarynyň örän uly täsirini başdan geçiren bütin Gündogar edebiýaty üçin hem uly waka öwrülen bolsa, häzirki günlerde ähli nesillerden we milletlerden bolan adamlar üçin Magtymguly türkmen medeniýetini dünýä äşgär eden şahsyýete, Gündogar edebiýatynyň tutuş eýýamyna, umumadamzat gymmatlyklarynyň nesihatçysyna we ruhy şamçyragyna öwrüldi» diýip bellemek bilen, biziň Magtymguly Pyragynyň filosofik mirasy dogrusynda seljermäge ymtylýan meselämize degişli örän wajyp pikiri öňe sürýär. Şahyryň filosofik mirasynyň adamyň we adamzadyň ruhy dünýäsinde tutýan ornuny we onuň bu ýerdäki aýratynlygyny görkezmäge girişenimizde, ilki bilen, filosofiýanyň adamyň we adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny aňlamakda ylym, din, sungat bilen meňzeşliginiňem, tapawudynyňam bardygyny belläp, onuň adamyň ýaşaýşy bilen baglanyşykly meseleleri aňlatmakda özboluşlylygyna ünsi çekeliň. Adam baradaky filosofik garaýyşlarda onuň esasy ýaşaýyş meselesi — ähli beýleki jandarlar kimin ýaşamak, barlykda özüni berkitmek bolýar.

Ýagşy söz älemi ýyladar

Türkmen maşgalasynda çagalara ula hormat goýmagy, kiçini sylamagy, öý-hojalyk işlerine kömekleşmegi kiçiliginden öwredip başlaýarlar. Ene-ata perzendine il-günüň derdine ýaraýan, dogry sözli, zähmetsöýer, ak ýürekli, ynsaply, mert adam bolmagy öwüt-ündew edýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem ýaşlarda belent adamkärçilik sypatlaryny terbiýeleýän öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlar görnükli orny tutýar. Akyldar şahyrymyz bu mowzukda ençeme goşgulary ýazypdyr. Olardan «Janyna degmez», «Durasyň geler», «Paş eder seni», «Aýrylma» ýaly şygyrlary aýdym bolup, türkmen bagşylarynyň dilinde ýaňlanýar. Şahyr bu şygyrlarynda bütin adamzada mahsus bolan gowy gylyk-häsiýetleri wagyz edipdir. Akyldar şahyrymyz mertleriň we namartlaryň, batyrlaryň we gorkaklaryň daşky sypatlaryny, olara mahsus bolan gylyk-häsiýetler bilen birlikde içki duýgularyndaky aýratynlyklary hem çeper suratlandyrypdyr. Şahyr «Gerekdir» diýen şygrynda:

«Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň»

Türkmen zergärleri ahalteke bedewlerini şaý-sepler bilen bezäpdirler. Bu şaý-sepler bedewleriň görküne görk goşupdyr. Şaý-sepler ilki gönüň, deriniň ýüzüne berkidilipdir. Boýunlyk, gözlük, göwüsbent, uýan ýaly şaý-sepler diňe bir bezeg ornunda bolman, eýsem, bedew atlary goraýjy esbap hökmünde hem hyzmat edipdir. Bedewleriň bezeg şaýlarynyň biri bolan at maňlaýlygy dört bölekden ybarat bolup, uzyn maňlaýlykdan, kiçijik depelikden we iki sany ýaňaklykdan emele gelýär. Maňlaýlyk demirden ýasalyp, gaýyş tanaplaryň kömegi bilen atyň kellesine berkidilipdir. Onuň iç ýüzüne, ýagny, atyň kellesine degýän tarapyna demirden şikes ýetmez ýaly matadan içlikler tikilipdir.

«Geçmişden janly ýadygär»

Türkmen alabaýynyň baýramynyň her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde uly dabaralar bilen bellenilip geçilmegi-de olar baradaky çäksiz aladanyň aýdyň nyşanydyr. Şeýle çärelere mynasyp goşant goşýan itşynaslar, alabaýlaryň janköýerleri biziň welaýatymyzda-da az däl. Olaryň biri hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň hünärmeni, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy Myrat Bekiýewdir. Biz golaýda onuň bilen söhbetdeş bolduk. Ol şonda şeýle diýdi: — Meniň türkmen alabaý itlerine höwesim has öňräk döredi. Dogrusyny aýtsam, heniz çaga mahalymda olar bilen gyzyklanyp başladym. Muňa esasy sebäpkär daýym Öre Rejebow boldy diýsem hem ýalňyş däl. Çünki ol öz ýaşan döwründe alabaý itlerini saklardy, olara terbiýe bererdi. Menem boş wagtlarymda, köplenç, onuň ýanynda bolardym, edýän işlerini synlardym. Şeýdip, alabaýlaryň janköýerine öwrüldim. Gahryman Arkadagymyz türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanmaga giň ýol açdy, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bolsa bu ýörelgäni işjeň dowam etdirýär. Döredilýän oňaýly şertlerden peýdalanyp, öz kärimizi has-da yhlasly alyp barýarys.

Bir ak bilen bir gara, işseň bolar alaja

Alaja — türkmen halkynyň durmuşynda köp ýerlerde peýdalanylypdyr. Alaja gadymdan bäri el hünärleriniň ähli görnüşleriniň içinden eriş-argaç bolup geçip, gözellik döredip gelen sungatdyr. Zenanlarymyzyň döreden alajasynda gudratly ruhy güýç bar. Çünki alajanyň keşbi gözüň agy-garasyna, gijäniň tümlügine, gündiziň ýagtylygyna çalym edýär. Türkmen zenany alajany gözden-dilden goraýan gudratly güýç hasaplaýar. Şonuň üçin ony çagajyklaryň boýnuna, goşaryna, sallançaga, saçaga, täzeje ulaga, täze gelen gelne, öýe dakypdyrlar. Alajany, adatça, ak we gara sapaklardan işipdirler. Alajalar diňe bir işilip bejerilmän, eýsem olary dokap, örüp, kakma usulynda hem dürli görnüşlerini taýýarlapdyrlar. Häzirki döwürde alaja dürli reňkli ýüplükleri goşup, täzeçe öwüşgin berilýär. Şeýdip, gelin-gyzlarymyz bu gadymy we müdimi senetçiligimizi ýaş nesillerimize geçirýärler.

Gadymy seçgiçilik sungaty

Ata-babalarymyz çopan goşunda, mal yzynda ulanmak üçin çem gelen güjükden özüne it tutunmandyrlar. Onuň gelip çykyşyny, ene-atasyny, nesilbaşysyny, tohumyny, hatda eýesini hem gowy anyklapdyrlar. Güjükleri öz enesine saýladypdyrlar. Garaňky jaýda enesi haýsy güjügini birinji ysyrganyp tapsa, şol hem gowy it bolup ýetişýär. Mundan başga-da, tejribeli çopanlar täze bolan güjükleriň agzyny açyp, ýokarky äňine seredipdirler. Şonda haýsy güjügiň ýokarky äňi gara bolsa, şol goýun it tutunmak üçin bellenipdir. Sebäbi ýokarky äňi gara bolan güjükler örän dogumly, garadangaýtmaz, batyr, özem sürä sak goýun itleri bolup ýetişýär diýlip hasaplanypdyr. Çopançylyk tejribesinde itleri aç saklap, olaryň arassa ganlylygyny, çydamlylygyny barlamak usuly hem ulanylypdyr, ýagny çopan goşunda daňylyp goýlan goýnuň ýanynda ite 2-3 gün ýal bermän, aç daňyp saklaýarlar. Hakyky goýun iti açlygyna döz gelip, hiç wagt goýun sürüsine agyz urmaýar.

«Paýhas çeşmesi» kitabyndan

Ilden çyksa, it hem aglar. Itden utanmasaň hem, eýesinden utan.

Alabaý — türkmeniň buýsanjy

Milli gymmatlyklarymyzy aýap saklamak we dünýä ýaýmak, ýaş nesillerimize miras galdyrmak hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Halkymyzyň baý milli mirasynyň naýbaşylarynyň biri bolan alabaý itleriniň tohum arassalygyny saklamak hem-de baş sanyny artdyrmak bu babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň wajyp ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilýär. Halkymyzyň göz-guwanjyna, wepaly ýoldaşyna öwrülen alabaýlar barada olara belet adamlar: «Alabaý eýesine wepalylygyň nusgasyny görkezýär» diýen sözleri buýsançly gaýtalamagy gowy görýärler. Eýesine çakdanaşa wepalylyk, garadan gaýtmazlyk, duýgurlyk, hüşgärlik, akyllylyk, hoşgylawlylyk, düşbülik türkmen alabaýynyň häsiýetli aýratynlyklarydyr. Ata-babalarymyz olaryň bu häsiýetlerini has kämilleşdiripdir. Şeýle hem olary diýseň eý görüpdirler we iň ýakyn dost hasaplapdyrlar.

Il ili tanasa, dost bolar

Köýtendag etrabyndaky 4-nji orta mekdepde taryh mugallymy bolup işlän Tölegen ISMANKULOW halkymyzyň taryhyna, milli miraslaryna degişli makalalary bilen okyjylaryň söýgüsini gazandy. Gazetimiziň şu sanynda onuň ömrüniň soňky ýyllarynda ýazan we heniz hiç ýerde çap etdirip ýetişmedik bir makalasyny okyjylara ýetirmegi makul bildik. Güneşli ýurdumyzyň iň gözel ýerleriniň biri bolan Köýtendag mydama syýahatçylaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda Köýtendagyň Garlyk gowaklaryna girmek, onuň ýerasty gözelliklerine tomaşa etmek ýoň bolupdy. Şol wagtlar Russiýanyň Krasnoýarsk şäherinden gelen höwesjeň speleologlar Garlygyň golaýyndaky «Zöhre gaçdy» diýen ýerde bir gaýanyň ýüzündäki uly gowakda dynç alýarlar. Gowagyň töründäki topragy tekizlemek üçin gazanlarynda birdenem bir deşik açylýar. Açylan deşikden geçenlerinde bolsa olar uzyn hem adam boýundan beýik ýerasty köwüň bardygyny görýärler. Köw boýunça 50 metr çemesi ýörelende aşak gidýän birinji guýa, ýene ýüz metre golaý ýörelende bolsa ikinji guýa gabat gelinýär. Speleologlar haýal etmän guýular arkaly aşak düşýärler. Görlüp oturylsa, bu guýular 75 metr çuňlukdaky uly ýerasty köwde birleşýän eken. Köwüň belentligi elli metr çemesi bolup, aşakda guýulardan gaçan topraklar tümmek-tümmek bolup ýatan eken. Speleologlar aşak düşende bu ýerde bars, goýun, it ýaly jandarlaryň ystyhanyny, uly bir ýylanyň go

Ilbiri — ýedi ýat

Adamyň ýedi arkasynyň, ýedi nesliniň atlandyrylyşy bar. Mallaryň hem käbir görnüşini ýedi ýaşa çenli atlandyrmak giň ýaýran. Şeýle bolansoň, ýedilik san bilen bagly düşünjeler biziň dilimizde köp duşýar. Ýedi arka, ýedi ýol, ýedi derýa, ýedi ýat... «Ýedi derýanyň suwuny içen», «Ýedi gapyda ýerlemedik», «Ýedi ýylda mal täzelener, elli ýylda — il»... Umuman, ýedilikler baradaky düşünjeleri näçe sanasaň sanap oturmaly. Bu düşünjeleriň her biri dogrusynda aýratyn söhbet etmek mümkin. Şeýle-de bolsa, biz häzir ýedi ýat düşünjesi hakynda gürrüň etmekçi bolýarys. Muňa düşünmek üçin, ilki bilen, adamlaryň garyndaşlyk gatnaşygy boýunça ýedi arkasyny bilmeli. Ynha, olar: dogan, doganoglan, dolanan, atadaş, adybir garyndaş, gandüşer garyndaş, tanap ujy. Sekizinjisi bolsa «ýedi ýat» hasaplanylypdyr. Ol ýedi arkadan aňyrdaky adam diýmegi aňladypdyr. Oňa başgaça «ilbiri» hem diýlipdir.

Ynsanyň wepaly dosty

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde türkmen halkynyň gadymdan gelýän, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan we umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen mukaddesliklerimiz has-da şöhratlandyrylýar. Halkymyzyň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri, nepis halylary, datly gawunlary, wepaly dosty hasaplanýan alabaý itleri milletimiziň köpasyrlyk mirasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy bu ugurda alnyp barylýan işleri, tagallalary birleşdirmäge, ylmy esasda alyp barmaga, alabaýlaryň aňyrdan saklanyp gelýän ugurlaryny dowam etdirmäge, arassa ganlylygyny saklamaga mümkinçilik berýär.