«Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň»

25 Oktýabr 2023
723

Türkmen zergärleri ahalteke bedewlerini şaý-sepler bilen bezäpdirler. Bu şaý-sepler bedewleriň görküne görk goşupdyr. Şaý-sepler ilki gönüň, deriniň ýüzüne berkidilipdir. Boýunlyk, gözlük, göwüsbent, uýan ýaly şaý-sepler diňe bir bezeg ornunda bolman, eýsem, bedew atlary goraýjy esbap hökmünde hem hyzmat edipdir.

Bedewleriň bezeg şaýlarynyň biri bolan at maňlaýlygy dört bölekden ybarat bolup, uzyn maňlaýlykdan, kiçijik depelikden we iki sany ýaňaklykdan emele gelýär. Maňlaýlyk demirden ýasalyp, gaýyş tanaplaryň kömegi bilen atyň kellesine berkidilipdir. Onuň iç ýüzüne, ýagny, atyň kellesine degýän tarapyna demirden şikes ýetmez ýaly matadan içlikler tikilipdir.

Ogulgerek AGAJANOWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy.