Baý taryhly alabaý

28 Oktýabr 2023
725

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli çäreleriň tutuş ýurdumyzy gurşap alan häzirki günlerinde has-da ähmiýetli bolar diýen niýet bilen milli gymmatlygymyz bolan alabaý itleri hakynda toplan bu maglumatlarymyzy okyjylarymyza hödürleýäris.

Türkmen topragyna XIX asyryň ortalarynda syýahat eden A.Borns öz ýatlama ýazgylarynda şeýle diýip ýazypdyr: «Gözýetmez Garagum sährasynda süri-süri mallary bakmak üçin 2-3 çopan ýeterlikdir. Sebäbi çopanlaryň birnäçe adamyň bitirýän hyzmatlaryny öz gerdenine alýan paýhasly hem düşbi çopan itleri bar. Şoňa görä-de, kemsiz terbiýelenen çopan itiniň bahasy örän ýokarydyr. Bir çopan itine 2-3 düýäniň bahasynyň berilýän halatlaryna-da gabat gelinýär».

Taýýarlan Aşyrberdi GURBANOW,
«Türkmen sporty».