Bir ak bilen bir gara, işseň bolar alaja

25 Oktýabr 2023
560

Alaja — türkmen halkynyň durmuşynda köp ýerlerde peýdalanylypdyr. Alaja gadymdan bäri el hünärleriniň ähli görnüşleriniň içinden eriş-argaç bolup geçip, gözellik döredip gelen sungatdyr. Zenanlarymyzyň döreden alajasynda gudratly ruhy güýç bar. Çünki alajanyň keşbi gözüň agy-garasyna, gijäniň tümlügine, gündiziň ýagtylygyna çalym edýär. Türkmen zenany alajany gözden-dilden goraýan gudratly güýç hasaplaýar. Şonuň üçin ony çagajyklaryň boýnuna, goşaryna, sallançaga, saçaga, täzeje ulaga, täze gelen gelne, öýe dakypdyrlar.

Alajany, adatça, ak we gara sapaklardan işipdirler. Alajalar diňe bir işilip bejerilmän, eýsem olary dokap, örüp, kakma usulynda hem dürli görnüşlerini taýýarlapdyrlar. Häzirki döwürde alaja dürli reňkli ýüplükleri goşup, täzeçe öwüşgin berilýär. Şeýdip, gelin-gyzlarymyz bu gadymy we müdimi senetçiligimizi ýaş nesillerimize geçirýärler.

Saparbibi ÝAZBERDIÝEWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň mugallymy.