Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň dürdäne goşgularynyň gymmaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da artýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda we dünýäniň dürli künjeklerinde akyldar şahyryň hormatyna geçirilýän çäreler onuň döredijiliginiň, paýhasynyň giň Jahana ýaýylmasydyr.
Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň şu ýylyň maýynda ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi bolsa, döwlet Baştutanymyz tarapyndan söz ussadynyň umumadamzat ähmiýetli taglymatlarynyň, adamzady ýagşylyga ündeýän dana nesihatlarynyň dünýäde dabaralanmagy ugrunda alnyp barylýan täze öwüşginli işleriň beýanydyr.