Il ili tanasa, dost bolar

24 Oktýabr 2023
783

Köýtendag etrabyndaky 4-nji orta mekdepde taryh mugallymy bolup işlän Tölegen ISMANKULOW halkymyzyň taryhyna, milli miraslaryna degişli makalalary bilen okyjylaryň söýgüsini gazandy. Gazetimiziň şu sanynda onuň ömrüniň soňky ýyllarynda ýazan we heniz hiç ýerde çap etdirip ýetişmedik bir makalasyny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Güneşli ýurdumyzyň iň gözel ýerleriniň biri bolan Köýtendag mydama syýahatçylaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda Köýtendagyň Garlyk gowaklaryna girmek, onuň ýerasty gözelliklerine tomaşa etmek ýoň bolupdy. Şol wagtlar Russiýanyň Krasnoýarsk şäherinden gelen höwesjeň speleologlar Garlygyň golaýyndaky «Zöhre gaçdy» diýen ýerde bir gaýanyň ýüzündäki uly gowakda dynç alýarlar. Gowagyň töründäki topragy tekizlemek üçin gazanlarynda birdenem bir deşik açylýar. Açylan deşikden geçenlerinde bolsa olar uzyn hem adam boýundan beýik ýerasty köwüň bardygyny görýärler. Köw boýunça 50 metr çemesi ýörelende aşak gidýän birinji guýa, ýene ýüz metre golaý ýörelende bolsa ikinji guýa gabat gelinýär. Speleologlar haýal etmän guýular arkaly aşak düşýärler. Görlüp oturylsa, bu guýular 75 metr çuňlukdaky uly ýerasty köwde birleşýän eken. Köwüň belentligi elli metr çemesi bolup, aşakda guýulardan gaçan topraklar tümmek-tümmek bolup ýatan eken. Speleologlar aşak düşende bu ýerde bars, goýun, it ýaly jandarlaryň ystyhanyny, uly bir ýylanyň gowuny, öý goşlaryny tapýarlar.