"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Şorlaşmagyň öňüni almakda günebakaryň peýdasy

Ýurdumyzyň demirgazyk etraplarynda toprak şorlaşmasyny peseltmek maksady bilen, Türkmen oba hojalyk institutynda ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bu ylmy-barlag işi Daşoguz welaýatynyň çäklerinde dürli derejede şorlaşan topraklarda günebakaryň hasyllylygyna dökünleriň dürli kadalarynyň täsirini öwrenmek maksady bilen geçirildi. Bu ugurda ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan günebakary ösdürip ýetişdirmek boýunça ekerançylyk hojalyklary üçin usuly gollanma hem işlenilip taýýarlanyldy. Ylmy-barlag işinde günebakar ekilen ýerlere dökün bermegiň kadalaryny kesgitlemek üçin 4 sany synag meýdany döredildi we şolaryň 3-sinde döküniň dürli kadasy öwrenildi.

Şugundyrdan plastik önüm

Şugundyrdan dargamaga ukyply we arzan plastik önümlerini ýasamak Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Biofizika institutynyň hünärmenleri tarapyndan öwrenildi. Krasnoýarskdan gelen ylmy-barlag topary şeker önümçiliginiň galyndy önümi bolan gant şugundyrynyň şeýle polimerleri öndürmek üçin ulanmagyň has amatly usuldygyny ýüze çykardylar. «Cupriavidus nekator» bakteriýalary bolsa plastigi gaýtadan işlemäge kömek etdi. Bu bakteriýalar öz biomassasynda dürli himiki düzümli we häsiýetli polimerleri ýygnamaga ukyplydyr. Olar diňe fruktozany we glýukozany «halaýarlar». Çig malyň düzümindäki bakteriýalary gaýtadan işleýän öýjüklere baryp bilmeýän ýeke-täk şeker disaharid – saharozadyr. Şonuň üçin saharozany monosaharidlere: fruktoza we glýukoza öwürmek üçin gaýtadan işlenilýär. Şeýlelik bilen, alymlar bakteriýalary olar bilen «iýmitlendirdiler» we başlangyç bakterial biomassadan polimer öndürijiliginiň 80 göterimini aldylar. Olar dargamaga ukyply we özara baglanyşyklydyr. Bu bolsa olary dürli ugurlarda – jemgyýetçilik hyzmatlarynda, oba hojalygynda, lukmançylykda ulanmaga mümkinçilik berýär.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň hukuk esaslary

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän oňyn özgertmeler syýasatynyň netijesinde döwletimiziň ýangyç-energetika pudagy milli ykdysadyýetimiziň iň bir güýçli depginler bilen ösýän ugurlarynyň biri bolmagynda galýar we energiýa çeşmeleriniň baý gorlary, Merkezi Aziýa sebitinde hem-de bütin dünýäde energiýa howpsuzlygyny, parahatçylygy, hemmetaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün etmegiň möhüm syýasy-hukuk hem-de ykdysady serişdesi bolup hyzmat edýär. urdumyzda ägirt uly gorlary bolan tebigy gazyň, nebitiň önümçiliginiň milli we halkara energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge bolan mümkinçiliklerini artdyrmak bilen birlikde, Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, şeýle hem Gün energiýasyny ulanmagyň gerimini giňeltmek babatda-da ençeme işler alnyp barylýar.

Talyplar önümçilik tejribeliginde boldular

Şu günler Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary döwletimiziň nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynda önümçilik tejribeliklerini geçýärler. Önümçilik tejribelikleriniň ýangyç-energetika ulgamynyň ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap kärhanalarynda geçirilmegi olaryň nazaryýetde öwrenenlerini önümçilikde pugta özleşdirmeklerine ýardam berýär. Bu ýokary okuw mekdebiniň nebit we gaz fakultetiniň «Nebit we gaz guýularyny burawlamak» kafedrasynyň 3-nji ýyl talyplary dört hepdäniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş», «Döwletabatgazçykaryş» müdirlikleriniň guýulary ýerasty we düýpli abatlaýyş sehlerinde, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Mary welaýatynyň çägindäki burawlaýyş kärhanalarynda önümçilik tejribeliklerini geçdiler.

Täze ýokary okuw mekdebi innowasion bilim ojagyna öwrüler

Arkadagly Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, ylmyň çuňluklaryna aralaşmaklary, döwrüň ösen innowasion enjamlaryndan ussatlarça baş çykarýan kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly tagalla edýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji aprelinde gol çeken Kararyna laýyklykda, golaýda paýtagtymyzyň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň düýbüniň tutulmagy hem onuň aýdyň subutnamasydyr. Gurluşygynda innowasion we sanly tehnologiýalar işjeň ulanylyp, okuw otaglary hem-de tejribehanalary döwrebap kompýuterler, multimedia we lingafon enjamlary bilen üpjün ediljek ýokary okuw mekdebi innowasion bilim ojagyna öwrüler.

Ylym-bilimde döwrebap müm­kin­çi­lik­le­r

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de teh­ni­ki ösüş­ler­den baş çy­kar­ýan, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, tä­ze­çe pi­kir­len­ýän, hal­ka­ra dil­le­ri­ni çuň­ňur öz­leş­dir­ýän hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak­da be­ýik iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Tä­ze­çe pi­kir­len­mä­ge, önüm­çi­li­gi yg­ty­bar­ly do­lan­dyr­ma­ga ukyp­ly hü­när­men­ler döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň esa­sy da­ýan­jy­dyr. Ylym bi­ziň dü­şün­jä­miz­de ýö­ne­keý­leş­di­ri­lip aý­dy­lan­da, dö­re­di­ji­lik­li işiň ne­ti­je­si­dir. Tä­ze ide­ýa­lar we açyş­lar yl­myň ru­hy esas­la­ry­ny dö­red­ýär. Onuň bin­ýa­dy we hä­si­ýe­ti jem­gy­ýe­tiň mad­dy we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny, ah­lak ka­da­la­ry­ny, gö­zel­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni özün­de jem­le­ýär.

Ylym-bilim ganatdyr

Bilim-sowatlylyga, akyl-paýhasa, dilewarlyga we döredijilikli zähmete sarpa goýýan synçy halkymyzyň «Bir okana bar, bir-de — dokana», «Altyn daşdan çykar, akyl başdan», «Sowady köpüň ýoly köp», «Ylymsyza ynanç ýok, hünärsize — guwanç» we başga-da ençeme pähimleri ýaş nesliň ylym ýolundaky üşük-zehininiň ýitelmegine itergi beripdir. Döwletiň we jemgyýetiň pajarlap ösmegini ylym-bilimde gören dana pederlerimiziň her bir amalyň ylym bilen utgaşmagyny «gymmatlyk» saýyp, ýazan ylmy garaýyşly eserleri şahsyýetiň ruhy-ahlak, aň-düşünje we beden taýdan taplanmagyna aýdyň ýol açypdyr. Şeýle akyldarlaryň biri hem Gündogarda täze pikir öwrülişigini esaslandyran beýik alym Muhammet Gazalydyr. «Amalsyz ylym miwesiz agaç ýalydyr» diýen Gazalynyň ylmyň dürli pudaklaryny öz içine alýan ýüzden gowrak kitabynyň sanawynda «Ylym barada kitap» atly köptaraplaýyn eseri filosofiýa pikirleriniň jemlenýän we ylmy wagyz etmekde giňden ulanylýan eserdir. Alymyň bu kitaby dürli döwürlerde rus, türk, fransuz, iňlis, nemes we beýleki dünýä dillerine terjime edilip, meşhurlyga eýedir. Çünki bu ylmy eser gündelik ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlar bilen baglanyşykly bolup, onuň peýdasy adamy ylym öwrenmäge höweslendirmekden, her bir ynsanda ýokary ahlak medeniýetini kemala getirmekden ybaratdyr. Muhammet Gazaly ylym baradaky kitabynda alymlyk we şägirtlik edebini, ylym öwrenmekde we ony öwretmekde alyma hormatly ornuň

Magtymgulyny öwreniş ylmynyň ussady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde täze wezipeler kesgitlenildi. Munuň özi beýik akyldaryň döredijiligini öwrenmekde uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barlan işleri saldarlamaga we täze çemeleşmeleri alyp barmaga ýardam edýär. Magtymgulyny öwreniş ylmynda ähli yhlasyny sarp edip, uly işleri alyp baran alymlar hakynda gürrüň gozgalanda, ilkinjileriň hatarynda belli edebiýatçy alym, professor Mäti Kösäýewi ýatlamak bolar. Çünki professor M.Kösäýewiň ylym äleminde alyp baran işleriniň esasy bölegi nusgawy edebiýatymyzyň ägirdi Magtymguly Pyragynyň mirasy bilen baglanyşyklydyr. Alym şahyryň mirasy bilen ýaşlykdan gyzyklanyp ugraýar. Ylymlar älemine düşensoň

Nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak kämilleşdirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almagy we hünär öwrenmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary tarapyndan Maglumat tehnologiýa merkezi, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan okuw tejribehanalarynyň döredilmegi okuw-terbiýeçilik işlerini ýokary derejede alyp barmaga, ylmy-barlag işlerinde netijeliligi gazanmaga, sanly bilim ulgamyny üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýokary okuw mekdebiniň uçurymlarynyň ýurdumyzyň nebitgazhimiýa pudaklarynda öndürijilikli zähmet çekip, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halal zähmeti bilen mynasyp goşant goşmaklaryna ähli şertleri döredýär. Ýurdumyzyň batly depginler bilen ösýän ykdysadyýetini ýokary hünärli inžener-tehniki işgärler bilen üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýokary bilim ulgamy üçin kesgitlän möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Onuň zerurlygy Türkmenistanyň batly depginler bilen senagatlaşdyrylmagy, halk hojalygynyň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalar bilen şertlendirilendir.

Galyndysyz tehnologiýalar

Häzirki wagtda önümçiligiň galyndysyz tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak ylmyň esasy meseleleriniň birine öwrüldi. Bu meseläniň oňyn çözülmegi önümiň özüne düşýän bahasynyň peselmegini, daşky gurşawa zyýanly täsiriniň öňüniň alynmagyny şertlendirýär. Şoňa görä-de, hut şu ugurdaky ylmy-barlag işleri döwlet maksatnamalarynyňdyr taslamalarynyň esasyny düzýär. Şeýle işleriň hatarynda ýod önümçiliginde ulanylan akyndy suwy gaýtadan peýdalanmagyň tehnologiýasyny işläp taýýarlamak möhüm orny eýeleýär. Türkmenistan ýoduň ätiýaçlyk gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyzda ýody we onuň önümlerini öndürýän kärhanalaryň birnäçesi işleýär. Maglumatlara görä, 1 tonna ýody almak üçin müňlerçe kub metre barabar bolan ýerasty, duzly suwlar peýdalanylýar. Şunda düzüminden 30 — 100 g/m3 ýody alnan suw tebigy şertlerdäki bugardyjylara ugradylyp, dereksiz ýitirilýär. Akyndy suw öz düzüminde natriý, kalsiý, magniý, kaliý hloridleriniň uly möçberini, şeýle hem litiý, stronsiý, bor ýaly seýrek, emma, gymmatly himiki elementleri saklaýar. Şoňa görä-de, Himiýa institutynyň alymlary tarapyndan ýod önümçiliginiň akyndy suwuny gaýtadan peýdalanmagyň ylmy esaslary işlenip düzüldi. Şol taslamalardyr täzelikler degişli şahadatnamalar bilen berkidildi. Şunda ornaşdyrmak üçin hödürlenilýän işlerde ýod önümçiliginiň akyndy suwy howdanlarda bugardylýar, goýaldylýar, bell

Sanly ulgam — ösüşlere binýat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda uly ösüşler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Häzirki döwri zamanabap tehnologiýasyz göz öňüne getirmegem kyn. Çünki bedew batly ösüşli döwürde bütin dünýäde innowasion özgertmeler amala aşyrylyp, ähli ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Döwür bilen aýakdaş gidýän ýurdumyzyň bilim ulgamyny hem ösen döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Ýurdumyzyň geljekki eýeleri bolan ýaş nesliň giň gözýetimli, sowatly bolup ýetişmegi üçin uly alada edilýär. Paýtagtymyz ak mermerli Aşgabatda hem-de welaýatlarda iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi ildeşlerimizi çäksiz begendirýär. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 14-nji iýunynda paýtagtymyzdaky Maslahat merkezinde ýaşlar bilen duşuşyp, döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlap maslahat geçirdi. Maslahatda Gahryman Arkadagymyz: «Maglumatlar we tehnologiýalar» asyry diýip atlandyrýan XXI asyrymyzda ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmek — milli ykdysadyýeti

Ýaşlar öňde goýlan maksatlary amala aşyrmakda kuwwatly güýçdür

Türkmen ýaşlary ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Häzirki döwrüň talaplaryna hem-de geljekki ösüşiň ugurlaryna laýyklykda, bu babatdaky milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler amala aşyrylýar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 14-nji iýunynda rejelenen görnüşi taýýarlanýan “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna bagyşlanan maslahaty geçirmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy öz çykyşynda ýaşlar syýasatynyň dürli ugurlaryna we ýokarda agzalan Kanunyň kämilleşdirilmegine degişli anyk başlangyçlary öňe sürüp, jemgyýetçiligiň pikirlerini hem-de maslahatlaryny, tekliplerini nazara alyp, oňa üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meselelerine toplumlaýyn, ylmy esasda çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerinden, alymlardan gelip gowşan teklipleri öwrenip, umumylaşdyryp hem-de seljerip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň garamagyna hödürlemegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly sargytlary we öňdengörüjilikli taglymlary halkymyza, Watanymyza wepaly gulluk etmekdäki şahsy göreldesi häzirki zaman ýaşlary üçin möhüm durmuş çelg

Kitap — paýhas çeşmesi

«Kitaby söýýän adamyň durmuşy gözeldir!» diýlen dana söz bar. Hawa, kitap — biziň durmuşymyzyň, bezegi, ol — biziň ruhy hazynamyz. Akyldarlar, ýazyjy-şahyrlar onuň jadylaýjy güýji, durmuşda ynsany terbiýelemekdäki orny hakda ençeme parasatly sözleri miras goýupdyrlar. Ajaýyp zamanada kitaphanalaryň esasy hazynasy hasaplanýan kitaplaryň jemgyýetiň, hususan-da, ýur-dumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň aň-düşünjesini özgertmekdäki orny juda ýokarydyr. Tehnologiýalaryň ösen döwründe kitaphanalarda ýerleşdirilýän elektron kitaplar okyjylar köpçüligi tarapyndan giňden peýdalanylýar. Kitaplaryň ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olaryň dünýägaraýşyny ösdürmekde, ata Watanyna, ene topragyna bolan söýgüsini has-da artdyrmakda ähmiýetiniň uludygyny bellemelidiris.

Sement önümçiligi hem-de ekologik howpsuzlyk

Ekologik howpsuzlygyň üpjün edilmegi hereket edýän önümçilikleriň daşky gurşawa bölüp çykarýan zyýanly galyndylary bilen hem baglydyr. Şonuň üçin-de ýurdumyzda hereket edýän zawod-fabrikleriň ekologik taýdan oňaýly bolmagyna aýratyn üns berilýär. Hereket edýän önümçilikler köpugurlylygy bilen tapawutlanyp, olaryň agramly bölegi senagat pudagyna degişlidir. Senagat pudagyndaky önümçiliklerde öndürilýän önümleriň bir bölegi gurluşyk materiallarydyr. Şolaryň arasynda sement önümçiligine aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň gurluşyk meýdançasyna öwrülmegi bilen, semente bolan talaplar hem artdy. Ylmy maglumatlara görä, köp mukdarda, ýagny 1 tonna sement öndürilende, takmynan, 0,7 tonna kömürturşy gazy bölünip çykýar. Diýmek, bu önümçiligiň ekologiýasyny gowulandyrmak has-da derwaýys meseleleriň biridir. Şeýle ýagdaý nazara alnyp, TYA-nyň Himiýa institutynda bu ugurdan degişli ylmy-amaly barlaglar geçirilip, oňyn netijeler alyndy. Bu işde, ilki bilen, sement önümçiliginde daşky gurşawa bölünip çykýan kömürturşy gazynyň iki çeşmesi ýüze çykaryldy. Birinjisi, klinker almak üçin çig mal garyndysy 900 — 950°C gyzdyrylyp, kalsinasiýa prosesi geçirilende emele gelýär. Has takygy, şeýle ýagdaý çig mal garyndysynyň, takmynan, 80 göterimini düzýän hek daşynyň, ýagny kalsiý karbonatynyň 900 — 950 dereje gyzgynlykda dargamagy bilen bolup geçýär. Kalsiý karbonatynyň 44 göterimi köm

Terjimeçilik - täze açyşlaryň çeşmesi

Diňe beýleki halklaryň dillerini bilip çäklenmek ýeterlik däl, şol dillerdäki ähmiýetli eserleri terjime edip, il-halkyňa ýetirip bilmek täze zatlary oýlap tapmaklyga, ýaşaýyşy has kämilleşdirmäge, gözelleşdirmäge ýol açýar. Şonuň üçin, terjimeçilik sungaty, esasanam, edebi hem-de ylmy eserleriň terjime edilmegi ykdysady-medeni ösüşe iterýän güýçleriň biri hökmünde kabul edilýär. Dünýä halklarynyň dillerinde ýazylan eserleri okap-öwrenýän wagtymyz täze pikirler, täsin garaýyşlar bilen tanyşýarys. Döredijilikli çemeleşmek arkaly zehin ukyplaryny şineledip bolýar. Täze bir zatlary döretmäge ukyply bolunýar.  Terjimeçilik, terjime etmeklik täsin bir sungatdyr. Ömrüni edebi-çeper ýa-da ylmy terjimä bagyşlan her bir ynsan bu hakykata anyk göz ýetirýändir. Käbir adamlar terjimeçilige beýleki möhüm işleriň gapdalyndan ýöredilýän güýmenje ýa pişe hökmünde garaýan bolmagy hem mümkin, emma terjimeçiligiň hupbaty käteler ýazyjylyaryň döredijilik dümtünmesinden has çuňňur hem-de çynlakaý bolubam bilýär. Çünki terjimeçilik döredijilik dünýäsiniň jümmüşindäki sungatdyr. Daşary ýurt dillerinden suwara, ol dillerde erkin gürläp ýa-da gürleşip bilýän her bir adam terjimeçi bolup bilmeýär. Ýazyjy bilen terjimeçiniň arasyndaky tapawut, ýazyjy öz döredijilik dünýäsinde peýda bolan eseri okyjylara hödürleýär. Terjimeçi bolsa şol ýazyjynyň eserini özüniň birkemsiz özleşdiren diline terjime edýä

Ýaş mugallymlara ýüzlenme! Türkmen pedagogy

«7/24.tm»,№ 26 (109), 27.06.2022  Bilýäniňi öwretmegiň, öwrenmekden has kyndygyny hemmelerden beter mugallymlar gowy bilýändir. Bu babatda olaryň hersiniň özboluşly usullarynyň, iş aýratynlyklarynyň bardygyna ynanýarys. «Türkmen pedagogy» ady bilen hereket etjek täze rubrika hem ýurdumyzyň mugallymlarynyň özara tejribe alyşmagyna mümkinçilik berer. Redaksiýamyza gelip, täze rubrika açmagy teklip eden Döwranguly Annagulyýewiň mugallymdygyna, Balkanabat şäherindäki  ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdepde işleýändigine göz ýetiremizsoň, redaksiýamyzyň döredijilik topary onuň bilen ýakyndan tanyşmaga döwtalap boldy. Döwranguly mugallym bolsa munuň üçin ilki bilen «Mugallyma ýüzlenme» atly makalasyny okamagy maslahat berdi. Bizem täze rubrikany onuň döremegine sebäp bolan mugallymyň makalasy bilen açyp, ýurdumyzyň ähli mugallymlaryny özboluşly tejribeden, usullardan söhbet açýan materiallar bilen çykyş edip durmaga çagyrýarys! 

Türkmen keşdeçiliginiň taryhy kökleri

Halkymyzyň baý taryhynyň, milli mirasynyň ylmy esasda öwrenilmegine, medeni gymmatlyklarymyzyň goralyp saklanylmagyna, ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Muňa mähriban Arkadagymyzyň peşgeş beren, milli sungatymyzy, medeniýetimiziň geçmişini, şu gününi we geljegini şöhlelendirýän «Türkmen medeniýeti», «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaplary hem aýdyň mysaldyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Gaýmany, keşdäni, göldür nagşy döredip, dünýäni haýran eden türkmen zenanynyň on barmagynyň gudratyndan kemal tapan çeper el işleri bolsa ýöne bir senet däldir, ol sungatdyr, kerem-keramatdyr!» diýip, türkmen keşdeçilik sungatynyň derejesine ýokary baha berýär. Şeýle-de «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly» diýip ýazýar.

Hi­mi­ýa yl­my­ny öw­ren­me­giň äh­mi­ýe­ti

Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz be­ýik ösüş­ler bi­len öňe bar­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ylym-bi­li­me aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň bi­lim eda­ra­la­ry, or­ta mek­dep­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri döw­re­bap en­jam­lar bi­len en­jam­laş­dy­ryl­ýar. Mu­nuň özi bi­lim­li ýaş­la­ry ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de oňyn ne­ti­je­le­ri ber­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň gur­lu­şyk, ne­bit-gaz, hi­mi­ýa se­na­ga­ty ýo­ka­ry de­re­je­de ös­dü­ril­ýär. Bu bol­sa hi­mi­ýa­dan we te­bi­gy bi­lim­ler­den ha­bar­ly kä­mil hü­när­men­le­ri ta­lap ed­ýär. Şo­nuň üçin hem hi­mi­ýa yl­my­ny öw­ren­mek esa­sy ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Za­wod-fab­rik­ler­de, hi­mi­ýa yl­my bi­len bag­ly kär­ha­na­la­ryň hem­me­sin­de, şol san­da has­sa­ha­na­lar­da hem tej­ri­be­ha­na­lar ýer­leş­ýär. Olar­da iş alyp bar­mak üçin hi­mi­ýa ug­run­dan hü­när­men­le­riň, la­bo­rant­la­ryň köp ge­rek bol­ýan­dy­gy öz-özün­den düş­nük­li­dir.

Dil — ru­hy baý­lyk

Pe­der­le­ri­miz­den mi­ras bo­lup gel­ýän ene di­li­mi­zi yl­my taý­dan öw­ren­mek, dün­ýä dil­le­ri­ne uly üns ber­mek mö­hüm ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýaş­la­ryň giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, sag­dyn be­den­li, kä­mil şah­sy­ýet­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ug­run­da uly ta­gal­la­lar edil­ýär. Ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň aň-bi­lim de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da ene di­li­mi­ziň we dün­ýä dil­le­ri­niň or­ny uly bo­lup dur­ýar. Ça­ga­nyň sag­dyn pi­kir­len­me­gin­de il­ki bi­len ene di­li­ni kä­mil, ma­ny-maz­mun­ly bil­me­gi esa­sy şert­le­riň bi­ri­dir. Şeý­le hem ylym-bi­li­mi öz­leş­dir­mek, dün­ýä­niň ylym gi­ňiş­li­gi­ne ara­laş­mak üçin da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni bil­mek ze­rur­ly­gy ýü­ze çyk­ýar. Yn­ha, şu aý­dy­lan­lar­dan gör­nü­şi ýa­ly, dil bil­mek kä­mil­li­giň göz­ba­şy ha­sap­lan­ýar. Dil yn­sa­nyň pi­kir­le­ni­şiniň, dün­ýä­ga­raý­şynyň beýany bo­lup dur­ýar. Is­len­dik hal­kyň dün­ýä­ga­raý­şy­ny öw­ren­mek üçin, il­ki bi­len onuň di­li­ni öw­ren­ýär­ler, çün­ki dil ada­myň pi­ki­ri, aňy bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şo­nuň üçin hem, hal­kyň aň-dü­şün­je­si­niň, yl­my ga­raý­şy­nyň ös­me­gi bi­len dil hem ös­ýär, kä­mil­leş­ýär, baý­laş­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de hem ene di­li­mi­ziň bar­ha baý­laş­ýan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Bu bol­sa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ylym-bi­li­m

Türkmen ýaşlary üns merkezinde

Her bir ýur­duň kuw­wa­ty onuň ösüp gel­ýän ýaş nes­li bi­len kes­git­le­nil­ýär. Bi­ziň ýur­du­myz­da hem ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­mak­la­ry, saý­lap alan hü­nä­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek­le­ri üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň nyg­taý­şy ýa­ly, sag­dyn, bi­lim­li ýaş­lar ýur­du­my­zyň röw­şen gel­je­gi­niň ke­pi­li­dir. Wla­di­mir Na­bo­ko­wyň «Ýa­şa­lan gün­le­re däl, ýat­da ga­lan gün­le­re ömür di­ýil­ýär» di­ýen aja­ýyp söz­le­ri bar. Ýat­da ga­ly­jy pur­sat­la­ryň bi­ri, ýag­ny bag­ty­ýar ta­lyp hök­mün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gat­naş­ma­gyn­da döw­let ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň, bu ul­gam­da mil­li ka­nun­çy­ly­gy mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­me­giň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan mas­la­ha­ty­na gat­naş­mak talyplar üçin çäk­siz bagt, uly mer­te­be­dir. Mas­la­ha­tda «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek ba­ra­da­ky tek­li­biň or­ta atyl­ma­gy we ta­lyp­la­ryň hem pi­kir­le­ri­niň ma­kul­lan­ma­gy ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň eýe­le­ýän or­nu­nyň ýo­ka­ry­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr.