Türkmen keşdeçiliginiň taryhy kökleri

23 Iýun 2022
2871

Halkymyzyň baý taryhynyň, milli mirasynyň ylmy esasda öwrenilmegine, medeni gymmatlyklarymyzyň goralyp saklanylmagyna, ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Muňa mähriban Arkadagymyzyň peşgeş beren, milli sungatymyzy, medeniýetimiziň geçmişini, şu gününi we geljegini şöhlelendirýän «Türkmen medeniýeti», «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaplary hem aýdyň mysaldyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Gaýmany, keşdäni, göldür nagşy döredip, dünýäni haýran eden türkmen zenanynyň on barmagynyň gudratyndan kemal tapan çeper el işleri bolsa ýöne bir senet däldir, ol sungatdyr, kerem-keramatdyr!» diýip, türkmen keşdeçilik sungatynyň derejesine ýokary baha berýär. Şeýle-de «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly» diýip ýazýar.

Akjagül NURGELDIÝEWA,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty.