Magtymgulyny öwreniş ylmynyň ussady

19 Iýul 2022
1477

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde täze wezipeler kesgitlenildi. Munuň özi beýik akyldaryň döredijiligini öwrenmekde uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barlan işleri saldarlamaga we täze çemeleşmeleri alyp barmaga ýardam edýär.

Magtymgulyny öwreniş ylmynda ähli yhlasyny sarp edip, uly işleri alyp baran alymlar hakynda gürrüň gozgalanda, ilkinjileriň hatarynda belli edebiýatçy alym, professor Mäti Kösäýewi ýatlamak bolar. Çünki professor M.Kösäýewiň ylym äleminde alyp baran işleriniň esasy bölegi nusgawy edebiýatymyzyň ägirdi Magtymguly Pyragynyň mirasy bilen baglanyşyklydyr. Alym şahyryň mirasy bilen ýaşlykdan gyzyklanyp ugraýar. Ylymlar älemine düşensoň

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.