"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Belent adamkärçiligi nusga edinip

Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly ajaýyp kitabynda: «Watana söýgi daglarymyzdaky çeşme-çaýlaryň tereňligidir, Asmanyň hem Zeminiň, deňzimiziň mawy giňişliginiň asudalygydyr. Bularyň barysy Watandyr, elýetmez gymmatlyklarymyzdyr» diýip bellemek bilen Watan, Watana bolan söýgi düşünjeleri hakynda aýratyn nygtaýar. Bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygymyz bolan Watan barada gürrüň edenimizde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbidine ýugrulan syýasaty, oýlanyşykly düzülen maksatnamalary esasynda eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmek ugrundaky durmuşa geçirýän asylly işleri, her bir ildeşimiziň kalbynda Watana bolan mizemez söýgini, oňa hyzmat etmek islegini joşdurýar. Şonuň netijesinde, bu günki gün biziň ýurdumyzyň ähli ulgamlardaky ösüş depgini bedew bady bilen öňe barýar. Belent adamkärçilikli, açyk göwünli, öz bütin ykbalyny mähriban halkyna ak ýürekden hyzmat etmäge bagyşlan, türkmeniň şu günki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna müdimi, mizemez döwlet binasyny berkarar eden Watanyň wepaly Ogly, görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäri Gahryman Arkadagymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň zähmet we durmuş ýoly, bu gün diňe bir harby gullukçylar üçin däl, eýsem, bütin türkmen halky üçin hem görelde mekdebidir. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan merdana W

Hünärmenler taýýarlanylýar

Mukaddes araçäklerimiziň goragyny üstünlikli alyp barmakda ýörite gulluk itlerine we bedewlerimize aýratyn uly orun degişlidir. Hut şu nukdaýnazardan hem her ýyl gullugymyzda gulluk itleriniň gözükdirijisi we çaparman bölekçe serkerdeleri hünäri boýunça esgerlerimiziň ençemesi bilim alýar. Olara bu ugurda köpýyllyk tejribelere eýe bolan ýörite hünärmen serkerdelerimiz möwsümiň dowamynda ýörite okuw sapaklaryny geçmek bilen, ele alýan bu hünärleriniň serhet goragynda nähili zerurlykdygy düşündirilýär. Okuw meýilnamasyna laýyklykda geçilen sapaklar ýörite tejribeleriň üsti bilen berkidilip, olara gulluk itleridir atlary bilen işleşmegiň düzgünleri, baş öwretmegiň tärleri öwredilýär. Hut şu ýyl hem çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerlerimiziň uly topary gulluk itleriniň gözükdirijisi, çaparman bölekçe serkerdesi hökmünde mukaddes araçäklerimiziň goragyny alyp barmak üçin degişli harby bölümleredir serhet galalaryna ugradyldy. Atahan SUHANOW, podpolkownik.

Sagdyn bedende — sagdyn ruh

Golaýda kapitan Merdan Hudaýberenowyň serkerdelik edýän harby bölüminde terbiýeçilik agşamy geçirildi. Harby gullukçylaryň beden taýýarlygyny kämilleşdirmek we olaryň arasynda sporty ösdürmek maksady bilen geçirilen bu çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly ajaýyp eserinden täsirli çykyşlar guraldy. Agşam çeper höwesjeňler toparynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen jemlendi. Alym JUMASEÝIDOW, maýor.

Gözellik döredýän halyçy

Gözelligiň nusgasy bolan türkmen halysy gymmaty egsilmeýän hazynadyr, milli baýlygymyzdyr. Türkmen halysy halkyň ruhy medeniýetini özünde jemleýän sungat bolmak bilen, çeper elli halyçylarymyzyň çitýän her bir çitiminde zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny, zähmet-yhlasyny, ýürek arzuwlaryny görmek, duýmak bolýar. Halyçylarymyzyň dokaýan nepis halylary her bir türkmen öýüni, uludan tutýan toýuny bezeýär. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynda 30 ýyl bäri zähmet çekip gelýän Maýagül Halykowa hem nepis halylary dokamakda baý tejribe toplan, ýaşlara görelde bolýan halypa zenan. Ol özüniň bu hünäri saýlap almagynda ejesiniň, aýal doganlarynyň täsiriniň uly bolandygyny nygtaýar. Bu gün özi halypalyga ýeten çeper elli halyçy bu sungatyň inçe syrlaryny ýaşlara yhlas bilen öwredýär. Ussat halyçynyň gyzy hem bu hünäri saýlap alyp, häzir mähriban käbesi bilen haly dokaýar.

Şadyýan möwsümiň gyzykly günleri

Çagalary durmuşa talabalaýyk taýýarlamak, ösüp gelýän ýaş nesli ata Watany ýürekden söýmek ruhunda terbiýelemek, türkmen döwletiniň geljegi bolan ýaşlaryň ruhubelent hem-de sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän işler bimöçberdir. Güneşli Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladalary netijesinde ýaş nesliň bedenleriniň berk, ömürleriniň uzak bolmagy, olaryň saglygyny gorap saklamak, wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Eziz Watanymyzyň ýaş nesliniň terbiýesine we hemmetaraplaýyn ösüp-kämilleşmegine uly üns berýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jana şypaly howasy, baý ösümlik dünýäsi bilen uly täsir galdyrýan we ruhubelentlik duýgusyny oýarýan Gökderedäki ajaýyp çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri olaryň arzyly mekanyna öwrüldi. Gökderäniň gözel künjeginde ýerleşýän «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde körpeleriň tomusky dynç alyşlaryny gyzykly hem-de täsirli geçirmeklerini, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak maksady bilen, TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň etrap geňeşiniň guramagynda «Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri» atly aýdym-sazly, sport bäsleşigi geçirildi. Ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, zyýanly endiklerden daşda durmak, ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermen

Galla biziň baýlygymyzdyr

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daýhanlarymyzyň zähmet çekip ýetişdiren bugdaý hasylyny isripsiz ýygnamak gyzgalaňly dowam edýär. Bu döwürde ýol berlen her bir säwligiň uly ýitgilere getirýändigini unutmaly däldiris. Ol säwlikleriň biri hem ot belasydyr. Şeýle hadysalaryň döremezligi üçin galla oragyna gatnaşýan işgärler ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini doly berjaý etmelidirler. Bu möwsümde şu aşakdaky ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini ýerine ýetirmek hökmanydyr. Galla oragyna gatnaşýan ähli işgärler bilen ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada gözükdiriş işleri geçirilmelidir. Ähli kombaýnlarda, traktorlarda we awtoulaglarda tehniki gözegçilik işleri yzygiderli guralmalydyr. Däneli ekin meýdanlarynda gije-gündiziň dowamynda nobatçylygyň guralmagy hökmanydyr. Orak möwsümi döwründe gury ot-çöpleri, meýdanyň samanyny otlamak düýbünden gadagandyr. Hasyl ýygymyna gatnaşýan ähli kombaýnlar, traktorlar we awtoulaglar saz işleýän uçgun söndürijiler bilen enjamlaşdyrylmalydyr hem-de ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleri bilen doly üpjün edilmelidir. Näsaz kombaýnlary, traktorlary we awtoulaglary galla oragyna gatnaşdyrmak gadagandyr.

Ýaşlar Watanyň daýanjy

Edebiýat diňe bir milli edebiýatyň çygrynda ýaşap ýörenliginde, onuň örüsi dar bolýar. Haçan-da, milli edebiýat dünýä halklarynyň eserleri bilen sazlaşykly ösdürilende täze belentlige ýetip biler. Bu ýagdaý edebiýatyň ähli döwürlerinde şeýle bolupdy we geljekde-de şeýle bolmagynda galar. Meniň pikirimçe, döwür, jemgyýet, edebiýat we ýaşlyk bular biri-biri bilen utgaşykly alnyp gidilende, çeper eserler joşgunly hem täsirli bolýar. Çünki edebiýatyň süňňi ýaşlyga ýugrulanda, onuň ruhy dünýäsi täze öwüşginli, joşgunly bolýar. Paýhas bilen ýaşlyk joşguny utgaşykly alnyp gidilende, edebiýatyň sarpasy has-da belende göterilýär. Başgaça aýdanymyzda, joşgun we paýhas, ýaşlyk we gojalyk, geçmiş we geljek özara sazlaşmalydyrlar. Şonuň üçinem biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň halypa-şägirtlik ýol-ýörelgelerini täze ruhda, giň gerimde dabaralandyrýarys. Halypa-şägirtlik ýollary diýlende, uly ýaşly döredijilik adamy seniň eliňden tutup, goşgy ýazmagy, eser ýazmagy öwredip bilmeýär. Bu ýagdaýy her bir dörediji ýaşlaryň özi bilmeli. Olaryň öz ruhy dünýäsine golaý okaýan awtorlary bolmaly. Esasanam, döredijilik adamynyň, has dogrusy, ýaş döredijileriň baş halypasy durmuş hem-de özleriniň ykbaly bolmaly. Tarpdan döreýän şahyr, ýazyjy, döredijilik işgäri ýok. Alan terbiýäme hem durmuş tejribäme esaslanyp, şeýle netije çykarýaryn: edebiýatçy bolmak üçin hem

GYMMATLY MIRASYŇ BEÝIK SARPASY

Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratynam, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm meselede Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde giň möçberli işler ýaýbaňlandyrylýar. Edebi mirasyna, ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýýan halkyň geljegi aýdyňdyr. Ýokarda ýatlananlary Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler hem äşgär edýär. Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň soňky nesillere miras galdyran eserleri sözüň doly manysynda terbiýe mekdebidir. Asyrlar aşsa-da, onuň watansöýüjilige, mertlige, lebzihalallyga, ruhy-ahlak terbiýesine ýugrulan şygyrlary gadyr-gymmaty bilen hemmeleri haýran galdyrýar. Özbaşdak türkmen döwletini, türkmeniň aşynyň bir suprada taýýar kylynmagyny arzuwlan Magtymguly atamyzyň isleg-arzuwy hasyl boldy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň gülläp ösýän zamanasynda nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýuny toýlamak il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Beýik şahyrymyzyň şygarlarynda ata Watana, ene topraga çäksiz söýgi, edep-terbiýelilige, ahlaklylyga, halal zähmete, gaýduwsyzlyga, sagdyn durmuşa, ruhubelentlige çagyryş çeper beýan edilýär.

Ät-owazy dünýä dolan Diýarym

Üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrýan halkymyzyň ruhy belent. Bu şanly senäniň buýsanjy ýüreklere ylham eçilýär, göwünlere ganat baglaýar. Akyldar şahyryň ynsana paýhas paýlaýan şygyrlaryny, geçen durmuş ýoluny öwrenmek, olary ýaş nesillere ýetirmek we wagyz-nesihat etmek işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Welaýatymyzda yzygiderli geçirilýän dabaraly maslahatlarda, döredijilik duşuşyklarynda, edebiýat agşamlarynda dana Pyragynyň poeziýasy hakynda gyzykly söhbet edilýär. Syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem şeýle işlere mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Ýetmek bardyr arzuwlaryň ajabyna, Çagyryş bar toýly günleň gujagyna

Hawa, Arkadag şäheri dogrudanam bagtyň şäheri, bagtlylaryň şäheri. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen bu şäher dünýäniň ähli gözelligini özünde jemläpdir. Şol ajaýyplygyň, gözelligiň gujagynda tutulan toý bolsa bagtyýarlygyň jarçysy bolup alyslara ýaň saldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen utgaşan Medeniýet hepdeliginiň dabarasy dünýä doldy. Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýedi günläp toý tutdy. Kalby Watana bolan buýsançdan, söýgüden doly biz — ýaşlara hem şol toýa gatnaşmak bagty miýesser etdi. Ajaýyp röwüşde bezelen bu şäher ykballara bagt nuruny paýlap, köňüllere ylham eçildi. Doganlary, dostlary, halypa-şägitleri ylhamyň joşýan mekanyna jemledi. Täze-täze tanyşlyklara, dostluga mümkinçilik döretdi. Ol ýerde ýurdumyzyň belli artistleriniň çykyşlaryna tomaşa edildi, ýazyjy-şahyrlaryň täze eserleri diňlenildi. Olara özara pikir alyşmaga, duýgularyny paýlaşmaga, dostlaşmaga şertler döredi. Medeniýet hepdeliginiň ýakymly ýatlamalary mähribanlyk bolup kalplara dolýar. Şahyr Ogultäç Oraztaganowanyň:

Nurana ykbalyň eýeleri

Ata Watanymyz — çaga gülküleriniň belentden ýaňlanýan, olaryň arzuw-islegleriniň hasyl bolýan ýurdy. Şonuň üçinem güneşli Diýarymyzda röwşen geljegimiz bolan çagalaryň bagtyýar ýaşaýşyna, kämil bilim we terbiýe almagyna gönükdirilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Olaryň asuda durmuşda ýaşamaklary, döwrebap dynç almaklary, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen çagalar baglarynda, orta mekdeplerde bilim-terbiýe almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Bagtyýar nesilleri döredijilige ruhlandyrmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, dürli mazmunly çäreleriň, bäsleşikleriň hem-de sport ýaryşlarynyň guralmagy olaryň has zehinlilerini ýüze çykarmakda we başarnyklaryny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Watanymyzyň guwanjy bolan çagalar ýurdumyzyň ertirki nurana ykbalynyň eýeleridir. Tomus paslynyň gelmegi bilen, bagtyýar körpeleriň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň gapylaryny giňden açmagy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çagalaryň sagdyn ösüp-ulalmaklary, döwrebap dynç almaklary baradaky aladalarynyň subutnamasydyr. Halkymyza şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyz çäksizdir.

Halypa hakynda söz

Ýazmak — ykbalyň peşgeşi Owaly oglanlyk, öýlesi gojalyk bolan gadymy dünýäde juwan ýaşaýyş dowam edýär. Bu iki möwrit arasynda her kim öz ýodasyny-ýoluny agtarýar. Tapanlar tapýar, «yhlas bilen bir kämilge gol bermedikler» bolsa gazygynyň daşynda aýlana-aýlana, örklenen ýerinde galyberýär. Diýmek, ýaşaýyş öňe gitmegi, ýyllar kämilleşmegi, durmuş öz ýoluňy tapmagy talap edýär. Şunda döretmek bagty nesip edenleriň alnyna uly ykbalyň ýazylýandygyny bellemek gerek. Ýazmak — bakylyga dahylly bolup, dowamata ýol salmak; beýniňi işe girizip, ýüregiňi goýup, mümkinçiligiňi saldarlamaga şert; özüň kimdigiňe göz ýetirmek; dünýä iň oňat duýgulary ýaýmak. Diýmek, ýazmak — ykbalyň peşgeşi. Şeýle peşgeşden paýly halypa žurnalist, şahyr Hojaberdi Çaryýewiň ençeme ýazyjy-şahyrlaryň ilkinji kämillik mekdebini geçen «Maru — şahu jahan» gazetinde işe başlanyna tegelek elli ýyl — ýarym asyr dolýar.

Paýhasly pikirler

Iň ýokary paýhas ýagşylygy we ýamanlygy tapawutlandyryp bilmekdir.Sokrat.*  *  *Ukyply adam ýene-de has ukyply bolmak isleginden ejir çekýär.Konfusiý.*  *  *Seniň ilkinji kanunyň özüňe bolan hormatyň bolmalydyr.Pifagor.*  *  *Eždatlaryňa hormatsyzlyk ahlaksyzlygyň birinji alamatydyr. Aleksandr Puşkin.*  *  *Eger-de siziň gideniňizi hiç kim aňmadyk bolsa, onda siz ýöne ýere gitmänsiňiz.Lew Tolstoý.*  *  *Paýhasly adamyň hakyky alamaty onuň sabyrlylygydyr.Genrik Ibsen.*  *  *Gahar-gazap hemişe erbet maslahatçy hasaplanýar.Emil Zolýa.*  *  *Iş ähli bela-beterleriň iň gowy dermanydyr.Ernest Hemingueý.

Asudalygyň goragynda

Sagdyn durmuşyň höziri Türkmen halky geçmişde-de neşekeşligi, çilimkeşligi, naskeşligi ýazgarypdyr. Bu hakykata nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerindenem göz ýetirmek bolýar. Sebäbi, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän maşgala agzybir, bagtly bolup, rysgal-döwleti artýar. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň berkararlygyny üpjün etmäge gönükdirilen degerli çäreler yzygiderli alnyp barylýar. Şeýle tagallalaryň netijesinde gürrüňi edilýän meseläniň çözgüdinde uly üstünlikler gazanylýar.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Ruhubelentligiň ýörelgesi Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda bu babatda durmuşa geçirilýän işleriň maksady neşekeşligi we beýleki zyýanly endikleri aradan aýyrmakdan ybaratdyr. Sagdyn durmuş ilatyň saglygyny goramakda, maşgalalaryň agzybirligini, jemgyýetimiziň jebisligini, mäkämligini üpjün etmekde iňňän uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçinem neşekeşlik bilen birlikde, arakhorlugyň, çilimkeşligiň we naskeşligiň öňüni almak bilen bagly çärelerem möhüm işe öwrülýär.

Şadyýan tomus — 2024

Giň mümkinçilikler döredilýär Häzirki wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edip, olar eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde açylyp, ulanylmaga berilýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde göwnejaý dynç alýarlar, wagtlaryny sapaly hem hoş geçirýärler. Gözel tebigatymyzyň ajaýyp künjegine öwrülen Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri çagalary tapgyrma-tapgyr kabul edýär. “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Marygazçykaryş” müdirliginiň işgärleriniň çagalary “Nesil”, “Çeşme”, “Şöhle” we “Nebitçi” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç almaga ugradylýar. Çagalaryň dynç alyş döwrüniň 1-nji tapgyrynda 150, 2-nji tapgyrynda 160 çaga merkezlerde dynç alyp, möwsümiň 3-nji tapgyrynda 200-e golaý çaganyň dynç almaga gitmegi meýilleşdirilýär. Bu bolsa, çagalar hakynda edilýän aladanyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

“01” gullugynda

Himiýa önümleriniň ýangyn howpsuzlygy Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň 3-nji otrýadynyň ÝHB-niň ýangyn gözegçiliginiň müdiri, içerki gullugyň maýory Begenç BAÝJAÝEW bilen duşuşyp, himiýa önümleri saklananda, daşalanda we ulanylanda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary dogrusynda gürrüň bermegini haýyş etdi.

“01” gullugynda

Himiýa önümleriniň ýangyn howpsuzlygy Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň 3-nji otrýadynyň ÝHB-niň ýangyn gözegçiliginiň müdiri, içerki gullugyň maýory Begenç BAÝJAÝEW bilen duşuşyp, himiýa önümleri saklananda, daşalanda we ulanylanda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary dogrusynda gürrüň bermegini haýyş etdi.

It — wepa

(Bolan waka) Güýz paslynyň bir günüdi. Howa sowap, çigrek düşüpdi. Uly goýun sürüsi selin-sazakly Maýa bozlan çölüniň içi bilen suwly howza tarap eňip barýardy.

Kämil kanunçylyk ― ösüşleriň binýady

Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, medeni, hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynda, adam hukuklarynyň hemmetaraplaýyn goralmagynda we berjaý edilmeginde, durmuş-ykdysady, hukuk özgertmeleriniň amala aşyrylmagynda Konstitusiýa möhüm orny eýeleýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýörelgelerine we kadalaryna pugta eýerilip, biziň döwletimizde syýasy, ykdysady, medeni, ylym, bilim babatyndaky ösüşlerimiziň bitewi ulgamyny öz içine alýan özgertmeler amala aşyrylýar, kanunlar kabul edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän, döwletimizi we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrundaky alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasyny düzýän «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä berk eýerilýär. Netijede ýurdumyzyň ykdysady, durmuş-medeni ösüşini dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan derejelere çykarmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler amala aşyrylýar. Ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, saglyk merkezlerini, önümçilik we durmuş maksatly iri kärhanalary, häzirkizaman ulag, aragatnaşyk ulgamyny öz içine alýan döwrebap etraplar, şäherlerdir obalar döredilýär.