Hünärmenler taýýarlanylýar

3 Iýul 2024
262

Mukaddes araçäklerimiziň goragyny üstünlikli alyp barmakda ýörite gulluk itlerine we bedewlerimize aýratyn uly orun degişlidir. Hut şu nukdaýnazardan hem her ýyl gullugymyzda gulluk itleriniň gözükdirijisi we çaparman bölekçe serkerdeleri hünäri boýunça esgerlerimiziň ençemesi bilim alýar. Olara bu ugurda köpýyllyk tejribelere eýe bolan ýörite hünärmen serkerdelerimiz möwsümiň dowamynda ýörite okuw sapaklaryny geçmek bilen, ele alýan bu hünärleriniň serhet goragynda nähili zerurlykdygy düşündirilýär. Okuw meýilnamasyna laýyklykda geçilen sapaklar ýörite tejribeleriň üsti bilen berkidilip, olara gulluk itleridir atlary bilen işleşmegiň düzgünleri, baş öwretmegiň tärleri öwredilýär. Hut şu ýyl hem çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerlerimiziň uly topary gulluk itleriniň gözükdirijisi, çaparman bölekçe serkerdesi hökmünde mukaddes araçäklerimiziň goragyny alyp barmak üçin degişli harby bölümleredir serhet galalaryna ugradyldy.

Atahan SUHANOW,
podpolkownik.

Soltansöýün GARRYÝEW,
kapitan.