Belent adamkärçiligi nusga edinip

3 Iýul 2024
236

Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly ajaýyp kitabynda: «Watana söýgi daglarymyzdaky çeşme-çaýlaryň tereňligidir, Asmanyň hem Zeminiň, deňzimiziň mawy giňişliginiň asudalygydyr. Bularyň barysy Watandyr, elýetmez gymmatlyklarymyzdyr» diýip bellemek bilen Watan, Watana bolan söýgi düşünjeleri hakynda aýratyn nygtaýar. Bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygymyz bolan Watan barada gürrüň edenimizde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbidine ýugrulan syýasaty, oýlanyşykly düzülen maksatnamalary esasynda eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmek ugrundaky durmuşa geçirýän asylly işleri, her bir ildeşimiziň kalbynda Watana bolan mizemez söýgini, oňa hyzmat etmek islegini joşdurýar. Şonuň netijesinde, bu günki gün biziň ýurdumyzyň ähli ulgamlardaky ösüş depgini bedew bady bilen öňe barýar.

Belent adamkärçilikli, açyk göwünli, öz bütin ykbalyny mähriban halkyna ak ýürekden hyzmat etmäge bagyşlan, türkmeniň şu günki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna müdimi, mizemez döwlet binasyny berkarar eden Watanyň wepaly Ogly, görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäri Gahryman Arkadagymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň zähmet we durmuş ýoly, bu gün diňe bir harby gullukçylar üçin däl, eýsem, bütin türkmen halky üçin hem görelde mekdebidir. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan merdana Watan goragçylaryna ömürdir, ykbaldyr, mertebedir. Bu gün gaýduwsyz, edermen türkmen serkerdeleri, ýaş watançy esgerler ata Watanymyzyň mukaddes goragynda sak durup, ýurt asudalygyny, parahatlygyny, abadanlygyny berkarar edýärler» diýen dürdäne setirleri watançy ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde, olarda Watana bolan söýgini artdyrmakda, döredilip berilýän giň mümkinçilikleri düşündirmekde ajaýyp nusgadyr.

Merdan DOSMEDOW.