"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ýaşlar we Ýaşlar guramasy

■ Häzirki wagtda Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alyş möwsüminiň ikinji tapgyry üstünlikli dowam edýär. Ol ýerde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny şadyýan hem-de peýdaly geçirmekleri üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher, etrap geňeşleri tarapyndan sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.

Baý many-mazmuna beslenen wagyz-nesihat duşuşygy

Köneürgenç etrabyndaky 58-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim bölüminiň hünärmenleriniň, çagalar baglarynyň, mekdepleriniň müdirleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahatda Köneürgenç etrap halas ediş toparynyň serkerdesi uly leýtenant Meýlis Kösäýew, polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi baradaky bölüminiň gözegçisi, polisiýanyň kapitany Parahat Seýidow, bilim bölüminiň başlygynyň orunbasary Amanmyrat Çopanow dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda okuwçylaryň tomusky dynç alyş döwründe olaryň ene-atalary bilen yzygider duşuşyp, ýaş nesilleriň boş wagtlarynda peýdaly işler bilen meşgullanmaklaryny, olaryň hemişe gözegçilikde saklanylyp, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, dürli hukuk bozulmalaryň, betbagtçylykly hadysalaryň öňüni almak barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek barada giňişleýin gürrüň etdiler. Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde mekdep okuwçylarynyň niýetlenmedik ýerlerde suwa düşmekleriniň öňüni almak barada hem wezipeler kesgitlenildi we jogapkär adamlar bellenildi. Maslahatyň dowamynda döwletimiz tarapyndan ýaş nesillerimiziň sagdyn ruhly, berk bedenli, watansöýüji, zähmetsöýer bolup ýetişmekleri ugrunda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada aýratyn bellenilip geçildi.

Aýdym-sazly döredijilik duşuşygy

Men Watanymy söýýärin Golaýda TMÝG-niň Mary etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 1-nji çagalar bagynda körpeleriň arasynda “Men Watanymy söýýärin” ady bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrabyň 1-nji, 5-nji, 6-njy çagalar baglarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar.

Zähmet üstünligi

Babadaýhan etrabynda galla oragy möwsümiň ilkinji günlerinden guramaçylykly ýola goýuldy. Däne orujy kuwwatly kombaýnlaryň 88-siniň hyzmatyndan netijeli peýdalanmakda ähli tagallalar edildi. Gallaçylaryň arasynda medeni-dynç alyş dabaralary we höweslendiriş çäreleri guraldy. Bu zatlaryň etrabymyzyň edermen gallaçylarynyň ilkinjileriň hatarynda şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etmeginiň esasy şertine öwrüldi. Etrabymyz boýunça galla ýetişdirilen 30 müň gektar meýdandan 63 müň tonna barabar ýokary hilli guşgursak ak bugdaý taýýarlanyp, tabşyryk artygy bilen berjaý edildi. Gazanylan zähmet üstünliginde aýry-aýry hojalyklaryň mynasyp paýy bardyr. Etrabymyzyň gallaçy daýhanlary hasyldan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirip, ýerleri geljek ýylyň hasyly üçin ekişe taýýarlamaga jogapkärli çemeleşýärler.

Dillerde Watanyň waspy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar wagtlaryny şadyýan hem peýdaly geçirýärler. Olaryň arasynda dürli sport ýaryşlary, wagyz-nesihat çäreleri, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilip durulýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň guramagynda bu merkezde dynç alýan çagalaryň arasynda «Watan waspy» ady bilen goşgy hem aýdym aýtmak boýunça geçirilen bäsleşik hem şeýle çäreleriň biri boldy. Gyzykly geçen bäsleşikde çagalar eziz Diýarymyzy, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri, tebigat gözelliklerini goşgulardyr aýdymlaryň üsti bilen wasp etdiler.

Demokratiýa we aýanlyk — saýlaw ulgamynyň ýörelgeleri

Aşgabat, 7-nji iýul (TDH). Şu gün ýurdumyzda Aşgabat şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk”, 2-nji “Bitaraplyk” we 6-njy “Köpetdag” saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. Ir sagat 7:00-da Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda açylan saýlaw uçastoklarynda dabaraly ýagdaý emele geldi. Olar möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä doly taýýar edildi. Ses bermäge ilkinji gezek gatnaşan ýaş saýlawçylara hormatly ýaşulular saýlaw toparlarynyň agzalary bilen bilelikde ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar.

Demokratiýa we aýanlyk — saýlaw ulgamynyň ýörelgeleri

Aşgabat, 7-nji iýul (TDH). Şu gün ýurdumyzda Aşgabat şäheriniň 1-nji “Garaşsyzlyk”, 2-nji “Bitaraplyk” we 6-njy “Köpetdag” saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. Ir sagat 7:00-da Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda açylan saýlaw uçastoklarynda dabaraly ýagdaý emele geldi. Olar möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä doly taýýar edildi. Ses bermäge ilkinji gezek gatnaşan ýaş saýlawçylara hormatly ýaşulular saýlaw toparlarynyň agzalary bilen bilelikde ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar.

Çagalaryň şadyýanlygy

Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi tomusky dynç alyş möwsümini uly ruhubelentlige besleýär. Häzirki wagtda dynç alyş möwsümi gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Merkeziň toplumyna medeni-sport taýdan enjamlaşdyrylan binalar degişli bolup, olarda çagalaryň göwnejaý dynç almaklary üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Bulardan başga-da, merkezde kompýuter zallary, okuw we gurnak otaglary, oýun oýnalýan merkezler, kitaphanalar, naharhanalar, saglygy goraýyş bölümleri, sport we oýun meýdançalary, howuzlar, akwaparklar, amfiteatr hereket edýär. Üç ýüz çaganyň dynç almagy üçin niýetlenen merkezde terbiýeçi mugallymlar tarapyndan meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Çagalar ýaş aýratynlyklary boýunça toparlardan ybarat bolup durýar. Her topar düzümine mahsus bolan atlar bilen atlandyrylýar. Merkezde çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda birnäçe çäreler, bäsleşikler, ýaryşlar yzygiderli guralýar. Aýdym aýdyp, tanslary ýerine ýetirmek, ylgaw ýaryşlary, futbol bäsleşikleri çagalarda aýratyn täsir galdyrýar.

Mak­sa­dy­ňa ýet­me­giň ýol­la­ry

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Dur­muş­da her bir ada­myň öz öňün­de go­ýan mak­sa­dy bol­ýar. Şol mak­sa­da ýet­mek örän uly jo­gap­kär­çi­li­gi, tu­tan­ýer­li zäh­me­ti ta­lap ed­ýär. Öň­de üs­tün­lik­le­riň bir­nä­çe­si jem­le­nen dag ge­riş­le­ri dur.

Özüň­den go­wy hä­si­ýet­le­ri ta­lap et!

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Özü­ňiz­den go­wy zat­la­ra ga­raş­ýa­ňyz­my? On­da il­ki bi­len özü­ňiz­den go­wy zat­la­ry ta­lap et­me­gi ba­şa­ryň.

As­ta­na­da Mag­tym­gu­ly­nyň ýa­dy­gär­li­gi­ açy­ldy

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­syn­da iş sa­pa­ry bi­len bol­an türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Gün­do­ga­ryň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň As­ta­na­da gur­lan ýa­dy­gär­li­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy.

Şowhunly dabara

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024 Türk­men hal­ky­nyň her bir gü­ni toý­dur baý­ra­ma, şat­lyk-şow­hu­na bes­len­ýar. Dar­ga­na­ta et­rap hä­kim­li­gi­niň, et­ra­byň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, et­rap me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li aý­dym-saz­ly çä­re da­ba­ra­ly ýag­daý­da ge­çi­ril­di. Çä­rä­niň do­wa­myn­da et­rap me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň aý­dym­çy­la­ry­dyr tans­çy­la­ry, Dar­ga­na­ta et­rap Ça­ga­lar sun­gat mek­de­bi­niň okuw­çy­la­ry öz­le­ri­niň aja­ýyp çy­kyş­la­ry bi­len da­ba­ra­nyň şow­hu­ny­ny has-da art­dyr­dy­lar.

Gün şöhlesinden goranyň!

«7/24. tm» №28 (215), 08.07.2024

Ýangyndan ägä boluň!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy durmuş hajatlarynda ulanylýan elektrik enjamlarynyň howpsuzlygyny kepillendirmek maksady bilen, şu aşakdaky maslahatlary raýatlarymyzyň dykgatyna ýetirýär: Elektrik geçirijileri ulanylanda, öz agramyna sallap goýmak, daşky örtügi zaýalanan görnüşde ulanmak, elektrik geçirijileriň sütünleri birikdirilende, ýönekeý usulda sarap goýmak hem-de üstünden kagyz ýelmemek, alýumin bilen mis simleriň sütünlerini birikdirip ulanmak, elektrik geçirijileriň goraýjylaryny näsaz ýagdaýda ýa-da olara bölek sim sarap ulanmak, elektrik ýagtylandyryş çyralaryň daşyna ýanyjy çig mallary örtmek ýa-da golaýynda saklamak, elektrik setini çendenaşa artyk işletmek, elektrik gyzdyryjy enjamlaryň aşagyna oda garşy durnukly çig mallary goýmazdan ulanmak, elektrik ýagtylandyryş çyralary oturdylanda, ýanyjy çig mallardan 0,2 metr, otagdaky öý goşlaryndan ýarym metrden az bolan arada ýerleşdirmek talabalaýyk däldir.

Kagyz we syýa

Ýazuw stolunyň üstünde arassa kagyzyň bir petdesi ýatyr eken. Bir gezek olaryň biri boýdan-başa gaňyrçajyklar, çyzyjaklar, towjagazlar, nokatlar bilen bezelip çykylypdyr... Kimdir biri eline galamyny alyp, kagyzy sözler we suratlar bilen dolduryp çykypdyr.  – Meni beýle ryswa etmek saňa nämä gerek boldy? – diýip, lapykeç kagyz stoluň üstünde duran galamdan özelenip sorapdyr. – Seniň ýuwup aýryp bolmaýan syýaň gül meňzimi solduryp, ýüzümi il görer ýaly etmedi. Indi men bu bolşuma kime derkar?

Uorren Baffet 122 milliard amerikan dollaryny haýyr-sahawata geçirer

Milliarder Uorren Baffet uly taslamalara goýan maýa goýumlaryndan häzirki wagtda 122 milliard amerikan dollary möçberindäki baýlyga eýe bolup, öz ähli puluny haýyr-sahawat üçin sarp etmek kararyna gelipdir. Dünýä belli maýadaryň baýlygynyň haýsy ugra gönükdiriljekdigini onuň çagalary kesgitlär we bu çözgüt kakalary ýagty jahan bilen hoşlaşandan soňra belli bolar.  Bu habary «Kronen Zeitung» neşiri köpçülige ýetirdi. Amerikaly tüçjaryň 66 we 71 ýaş aralygynda üç çagasy bar. Olar Sýuzen Elis Baffet, Goward Baffet we Piter Baffet. Bularyň üçüsine-de goja kakalarynyň emlägini dolandyrmaga ynanç haty berler.

Hiç haçan ýeke dolandyrmaň, şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri

Keýt Ferrassi, «Hiç haçan ýeke naharlanmaň» bestselleriniň awtory. Bilelikde liderligiň täze kesgitlemelerini döredýän, oňa düýbünden başgaça many berýän täze nesliň ähli ýaşdaky liderlerine bagyşlanýar.

Mani ýa-da pul harplygy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). BODO ŞEFER

Döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň ýolunda

7-nji iýulda, ýekşenbe güni Aşgabatda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçiriler. Mejlisiň karary bilen kesgitlenen bu günde ýurdumyzyň raýatlary konstitusion hukuklaryndan peýdalanyp, saýlaw uçastoklaryna gelerler hem-de watandaşlarymyzyň hormatyny we ynamyny gazanan, halkyň has mynasyp, abraýly wekillerine ses bererler. Saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň möhüm tapgyry bolan tanyşdyryş çäreleri tamamlandy. Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlygyna jemi 3 deputat saýlanar. Şunuň bilen baglylykda, 60 saýlaw uçastogy hereket edýär. Uçastok saýlaw toparlary 7-nji iýulda irden sagat 7:00-dan agşam 19:00-a çenli işlär. Saýlawlaryň resmi taýdan geçirilýän senesinden 10 gün öň käbir sebäplere görä şol gün ýaşaýan ýerinde bolup bilmeýän Türkmenistanyň raýatlaryna möhletinden öň ses bermek hukugy berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda üç sany syýasy partiýa hereket edip, olar saýlawlaryň giň demokratik esasda geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar.

Ýangyndan ägä boluň!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde elektrik we gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamalydygyny, ulanmalydygyny hem-de ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmelidigini ýatladýar. Işläp duran elektrik we gaz enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmak gadagan edilýär. Elektrik sarp edijiligi ýokary bolan enjamlar gurnalanda, tok ulgamy aýratynlykda geçirilmelidir. Elektrik geçirijiniň ugrunda hökman goraýjy oturdylmaly we olar işleýän wagtynda gözegçilikde saklanmaly. Elektrik geçirijiler biri-birine berkidilende, ýönekeý usulda sarap goýmak howpludyr. Elektrik togunyň garşylykly geçip, enjamlaryň birikdirijileriniň gyzmagynyň öňüni almak üçin olaryň berk gysylyp durmagyny üpjün etmeli. Enjamlar ulanylanda, elektrik ulgamyny çendenaşa artyk işletmek, geçirijileriň, enjamlaryň goraýjylaryny näsaz ýagdaýda ýa-da olara bölek sim sarap ulanmak, elektrik geçirijileriň daşky örtükleriniň zaýalanan görnüşlerini ulanmak talabalaýyk däldir. Olary gurnamak işi diňe şol ugurdan işleýän hünärmen tarapyndan amala aşyrylmalydyr.