Döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň ýolunda

6 Iýul 2024
271

7-nji iýulda, ýekşenbe güni Aşgabatda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçiriler. Mejlisiň karary bilen kesgitlenen bu günde ýurdumyzyň raýatlary konstitusion hukuklaryndan peýdalanyp, saýlaw uçastoklaryna gelerler hem-de watandaşlarymyzyň hormatyny we ynamyny gazanan, halkyň has mynasyp, abraýly wekillerine ses bererler. Saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň möhüm tapgyry bolan tanyşdyryş çäreleri tamamlandy.

Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlygyna jemi 3 deputat saýlanar. Şunuň bilen baglylykda, 60 saýlaw uçastogy hereket edýär. Uçastok saýlaw toparlary 7-nji iýulda irden sagat 7:00-dan agşam 19:00-a çenli işlär. Saýlawlaryň resmi taýdan geçirilýän senesinden 10 gün öň käbir sebäplere görä şol gün ýaşaýan ýerinde bolup bilmeýän Türkmenistanyň raýatlaryna möhletinden öň ses bermek hukugy berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda üç sany syýasy partiýa hereket edip, olar saýlawlaryň giň demokratik esasda geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar.

(TDH)