Ýangyndan ägä boluň!

6 Iýul 2024
220

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde elektrik we gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamalydygyny, ulanmalydygyny hem-de ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmelidigini ýatladýar.

Işläp duran elektrik we gaz enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmak gadagan edilýär. Elektrik sarp edijiligi ýokary bolan enjamlar gurnalanda, tok ulgamy aýratynlykda geçirilmelidir. Elektrik geçirijiniň ugrunda hökman goraýjy oturdylmaly we olar işleýän wagtynda gözegçilikde saklanmaly. Elektrik geçirijiler biri-birine berkidilende, ýönekeý usulda sarap goýmak howpludyr. Elektrik togunyň garşylykly geçip, enjamlaryň birikdirijileriniň gyzmagynyň öňüni almak üçin olaryň berk gysylyp durmagyny üpjün etmeli. Enjamlar ulanylanda, elektrik ulgamyny çendenaşa artyk işletmek, geçirijileriň, enjamlaryň goraýjylaryny näsaz ýagdaýda ýa-da olara bölek sim sarap ulanmak, elektrik geçirijileriň daşky örtükleriniň zaýalanan görnüşlerini ulanmak talabalaýyk däldir. Olary gurnamak işi diňe şol ugurdan işleýän hünärmen tarapyndan amala aşyrylmalydyr.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirligi.