"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Raýatlaryň ýaşaýyş jaý hukuklary

Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde hereket edýän kanunlar raýatlarymyzyň hukuklarynyň goraglylygyny kepillendirýär. Şonuň bilen birlikde-de, her bir raýat Konstitusiýa we kanunlar esasynda öz üstüne ýüklenilen borçlaryň ýerine ýetirilmegi üçin döwletiň öňünde jogapkärçilik çekýär. Bu kada ýaşaýyş jaýy bilen bagly ýüze çykýan meseleler babatda hem üýtgewsizdir. Türkmenistanyň raýatlary öz isleglerine we bähbitlerine laýyklykda, özlerine degişli ýaşaýyş jaý hukuklaryny erkin amala aşyrýarlar, şol sanda olara ygtyýar edýärler. Raýatlaryň ýaşaýyş jaý hukuklary amala aşyrylanda we ýaşaýyş jaý gatnaşyklaryndan gelip çykýan borçlar ýerine ýetirilende beýleki raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulmagyna ýol berilmeýär. Türkmenistanyň raýatlary kanun esasynda we diňe konstitusion gurluşyň esaslaryny, ahlaklylygy, beýleki adamlaryň saglygyny, hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, döwletiň goranmak zerurlyklaryny we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, zerur bolan çäkde ýaşaýyş jaý hukuklaryndan çäklendirilip bilner. Bular barada Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksinde jikme-jik beýan edilýär.

Oýlan, pikirlen!

Ýaňyltmaçlar Derýanyň aňyrsynda alty garga, bärsinde alty garga, ine boldy on iki garga. Gargalary doň kesek bilen togalatsa-da bolar, togalatmasa-da bolar.

Halal zähmetiň höziri

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda hem habar berlişi ýaly, türkmen gallaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar guşgursak bugdaýyň 1 million 200 müň tonnasyny taýýarladylar. Elbetde, bu gazanylan ýeňişde biziň welaýatymyzyň oba hojalykçylarynyň hem mynasyp paýy bar. Tutuş welaýatymyzda we Çärjew etrabynda işleýän maliýe-ykdysady edaralar tarapyndan Watan harmanyna galla tabşyran kärendeçiler bilen dessine hasaplaşmak işleri şu günler ýokary depgin bilen alnyp barylýar. Kärendeçileriň aýlyk kartlaryna geçirilýän pul serişdeleri olaryň maşgalalary üçin irginsiz zähmetiň bolelin miwesine öwrülýär. Şu ýyl gallaçy kärendeçileriň gazançlaryny ozalkysyndan birnäçe esse artyk alýandyklaryny aýratyn nygtamak gerek. Çünki hormatly Prezidentimiziň gol çeken taryhy resminamasy bilen ýurdumyzda bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhy bir tonna hasyl üçin 2 müň manada çykaryldy. Bu bolsa daýhanlaryň zähmet çekmäge bolan höweslerini artdyrýar.

Gyzgyn howada seresaplylyk möhüm

Häzirki döwürde dowam edýän tomus pasly howanyň aşa gyzmagy bilen häsiýetlendirilýär. Günüň yssy wagtynda awtoulaglary dolandyrmak sürüjilerden aşa ünsli bolmagy, howanyň ýagdaýyny nazarda tutmagy talap edýär. Sebäbi howanyň gyzgynlygy ýokary bolanda, ulaglary dolandyrýan adamlaryň ünsüniň peselmegi, ýiti Gün şöhlesiniň gözüňi gamaşdyrmagy ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar. Şol sebäpli sürüjiler tiz ýadaýarlar. Bu bolsa garaşylmadyk hadysalaryň ýüze çykmak töwekgelçiligini artdyrýar. Şonuň üçin uzak aralyklara gidýän sürüjilere hereket üçin howanyň salkyn wagtyny saýlap almagy maslahat berýäris. Tomus günleri howanyň gyzmagy bilen ulaglaryň sowadyjylary işledilýär. Bu bolsa belli bir derejede hereketlendirijä, elektrik geçirijilerine agram salýar. Şonuň üçin hem olaryň çakdanaşa gyzmagynyň öňüni almak üçin çäreler görülmelidir.

Şanly ýyl mynasybetli dabara geçirildi

Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli dabara geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de etrap medeniýet bölümi tarapyndan guralan dabara saz-söhbede beslendi. Dabarada şanly ýylymyzda berkarar Watanymyzda bolup geçýän taryhy wakalar, dürli ugurlarda gazanylan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, şeýle-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Beýik döwrümiziň gadyr-gymmaty, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ulus-ilimiziň bagtyýarlygy ugrunda edilýän tagallalary barada aýdylanlar uly gyzyklanma döretdi.

Gyzykly gezelenç çäresi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi ýaş nesilleriň halkymyzyň medeni-ruhy mirasyna bolan hormat-sarpasyny artdyrmak, şeýle hem olary  türkmen halkynyň döreden bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary bilen tanyşdyrmak maksady bilen, guramanyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine «Geçmişden geljege ýagty ýadygär — medeni mirasym dünýä ýaň salýar» atly gezelenç çäresini gurady. Gezelenç çäresine gatnaşanlar halkymyzyň ruhy, medeni gymmatlyklary, türkmen döwletiniň şöhratly taryhynda yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň durmuş ýoly, bitiren hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyz, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzy ähli ugurlar boýunça depginli ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrmaga gönükdirilen beýik işleri, ýurdumyzda gurulýan önümçilik we durmuş maksatly döwrebap desgalardyr binalar dogrusynda gürrüň berýän maglumatlar, suratlar, milletimiziň şanly geçmişi  barada söz açýan arheologik tapyndylar bilen ýakyndan tanyşdylar.

Zyýaratlaryňyz kabul bolsun!

Biz beýik ýurduň raýatlary. Bu hakykaty halk üçin her bir raýat üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri netijesinde, ruhy päkligiň, arassa ahlaklylygyň baýramy bolan mübärek Gurban baýramynyň bellenilýän aýynda ildeşlerimiziň ençemesi  haj parzyny ýerine ýetirip gelen pursatlarynda has-da aýdyň duýulýar. Yslam dininiň bäş parzynyň biri bolan haj parzyny berjaý etmek, mukaddes Käbä zyýarat etmek ildeşlerimiziň kalplarynda egsilmez kanagatnama duýgularyny oýarýar. Bilşimiz ýaly, haj parzyny berjaý etmek üçin ýurdumyzdan köp sanly zyýaratçy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Saud Arabystanyna iberildi. Ildeşlerimiziň haj parzyny berjaý etmekleri üçin her ýyl Saud Arabystanyna zyýarata iberilmegi ýurdumyzda medeni-ruhy gymmatlyklarymyza aýratyn ähmiýet berilýändigini, milli ynsanperwer däplerimiziň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär. Ýakynda zyýaratçylar dini däpleri, keramatly ýerlere haj parzyny berjaý edip, sag-aman ýurdumyza dolanyp geldiler.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Zähmetsöýerlik — bagtyýarlyk TMÝG-niň Sakarçäge etrap geňeşiniň etrabyň “Galkynyş” sport desgasy bilen bilelikde guramagynda “Zähmetsöýerlik bagtyýarlyk we uzak ýaşamakdyr” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, etrabyň “Galkynyş” sport desgasynyň tälimçileri, türgenleri we etrabyň sporta höwesjeň okuwçy oglanlary gatnaşdylar.

Saýlawlaryň jemleri jemlenildi

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlawlary geçirildi. 9-njy iýulda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde şol saýlawlaryň jemleri jemlendi. Bu çärä Merkezi saýlaw toparynyň agzalary we onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda bäsdeşlik, aýanlyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda geçen saýlawlaryň Türkmenistanyň saýlap alan demokratik ýoluna hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmelere ygrarlydygyny nobatdaky gezek subut edendigi, şeýle hem saýlawçylaryň ýokary işjeňlik görkezendigi bellenildi. Saýlawlara bellige alnan saýlawçylaryň umumy sanynyň 91,32 göteriminiň gatnaşandygyny aýratyn bellemek gerek.

Bäsleşik geçirildi

Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň dürli künjeklerinden bolan çagalar Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar sagaldyş-alyş merkezinde dynç alýarlar. Merkezde çagalaryň wagtlaryny gyzykly, täsirli geçirmekleri üçin zerur şertler döredilipdir. Kitaphana, internet otagy, sport eýwany, howuz, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin açyk meýdançalar, aýdym-saz otaglary dynç alýan çagalaryň hyzmatynda. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gyzylarbat etrap komitetiniň işgärleri beýleki ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we etrap bilim bölümi bilen bilelikde sagaldyş-dynç alyş merkezinde dürli medeni çäreleri, sport bäsleşiklerini yzygiderli geçirýär. Ýakynda çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde, dynç alýan çagalaryň arasynda «Watan waspyn edeliň!» atly surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Çagalaryň wagtlaryny gyzykly, täsirli geçirmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde çagalar ata Watanymyzy, gözel tebigatymyzy wasp edýän suratlary çekdiler.

Döwletliligiň nyşany

Düýe saklanýan öýe rysgal-bereketiň ýagýandygy baradaky ynanç halkymyzyň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Türkmen halky düýe bilen bagly wakalary mydama gowulyga ýorýar. Duýgur, namysjaň, unutmazak, azaşmaýan, suwsuzlyga çydamly bolan bu jandaryň hormatyna ene-mamalarymyzyň agtyklaryny, çowluklaryny «maýam», «köşegim», «inerim» diýip söýgüleýändigini bilýäris. Türkmeniň ahalteke aty, arwana düýesi, saryja goýny — Watanymyzyň milli gymmatlyklarydyr. Düýe maly Hakyň ynsan balasyna eçilen baýlyklarynyň biridir. Şeýle baýlyklara uly sarpa goýlup, 10-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenlerde düýe bezemegiň gadymy däpleri» atly sergi guraldy. Bu sergi dana akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy.

Aşgabatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen okuw maslahaty guraldy

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi döwlet edaralarynyň metbugat gulluklaryny döretmek we olaryň işini guramak boýunça utgaşykly görnüşde iki günlük okuw maslahatyny geçirdi. Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çagyrylanlaryň hatarynda halkara bilermenler Daýnýus Radzýawiçýus we Žiwile Nawiskaýte-Babkin (Litwa) boldy. Okuw maslahatynyň esasy maksady oňa gatnaşyjylary döwlet edaralarynyň metbugat gulluklarynyň öňdebaryjy iş tejribesi bilen tanyşdyrmakdan hem-de olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge ýardam bermekden ybarat boldy.

«Awtomobil ulag hyzmaty» jemgyýetçilik awtobuslaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ tejribeli sürüjileri paýtagtymyz Aşgabadyň çäginde jemgyýetçilik awtobuslaryny dolandyrmak üçin işe çagyrýar. Işlemäge isleg bildirýänleriň «D» derejeli sürüjilik şahadatnamasynyň (8 hem-de şondan köp adamlyk ýolagçy ulaglaryny dolandyrmak üçin) bolmagy hökmandyr. Sürüjiler bu ýerde «Hyundai» we «Toyota» kysymly jemgyýetçilik awtobuslaryny dolandyrmaly bolarlar.

Raýat hukuklarynyň esaslaryny berkidip

Türkmenistan Garaşsyz döwlet hökmünde 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilip, dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy boldy. Şunlukda, ýurdumyz BMG-niň Tertipnamasynda bellenen düzgünlerdir ýörelgelere, Adam hukuklary hakynda ählumumy Jarnama, Baş Assambleýanyň we beýleki düzümleriň halkara resminamalaryna, esasy konwensiýalaryna eýermegi özüne borç edinip aldy. Şondan bäri geçen taryhy döwrüň dowamynda gurama bilen hyzmatdaşlygyň gerimi yzygiderli giňeldilip, ol milli hem umumadamzat bähbitlerine doly laýyk gelýär. Golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanda saparda bolup, hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz bilen netijeli gepleşikleri geçirmegi özara gatnaşyklarda täze tapgyryň başyny başlady. Iri halkara guramanyň ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygynda döwlet Baştutanymyz ählumumy howpsuzlyga, sebit ýagdaýlaryna, durnukly ösüşe, ynsanperwer meselelere üns bermegi strategik dialogyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezdi. Hakykatdan-da, dünýäniň aýry-aýry sebitlerinde dartgynly ýagdaýlaryň dowam edýän häzirki şertlerinde ynsanperwer meseleler boýunça oýlanyşykly çözgütleriň tapylmagy örän uly zerurlyk bolup öňe çykýar. Şunda gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we dialog üçin mümkinçilikleri üpjün etmäge gönükdirilen anyk çäreleriň görülmegi, bu babatda gatnaşyklaryň

Sahawatlylygyň mübärek nury

Bilşimiz ýaly, yslam dininiň bäş parzynyň biri bolan haj parzyny berjaý etmek üçin ýurdumyzdan köp sanly zyýaratçy, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Saud Arabystanyna iberildi. Ýakynda zyýaratçylar dini däpleri, keramatly ýerlere haj parzyny berjaý edip, sag-aman ýurdumyza dolanyp geldiler. Biz hem mukaddes Käbä zyýarat eden ildeşlerimiziň buýsançly ýürek sözlerini gazetimiziň okyjylary bilen paýlaşmagy makul bildik. Begmyrat HAÝTYÝEW, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň ýaşaýjysy:

«Arkaç» — çagalaryň köňül küýsegi

Şatlykly tomsuň häzirki günlerinde çagalar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde köpçülikleýin dynç alýarlar. Şonuň bilen bir hatarda, seýilgählerdir beýleki dynç alyş ýerleri-de çaga gülkülerine, şatlyk-şowhuna beslenýär. Paýtagtymyzdaky «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi gysga wagytda iň bir gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüldi. Döwrebap toplumda çagalaryň hem-de uly ýaşlylaryň wagtyny hoş geçirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilipdir.

Dynç alyş şadyýan geçsin!

Häzirki günlerde çagalaryň tomusky dynç alyş döwri dowam edýär. Olaryň bir topary dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde bolup, günlerini şadyýan geçirýär. Dynç alyş merkezlerinde bolýan çagalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berk berjaý edilmegini gazanmak möhüm meseleleriň biridir. Terbiýeçilerdir beýleki işgärler ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini bilmäge we olary ýerine ýetirmäge borçludyrlar. Olar ýangyn dörän halatynda çagalary halas etmek hem-de ýangyna garşy göreşmek boýunça özlerine bagly ähli zerur çäreleri görmelidirler. Munuň üçin ýangyn dörän halatynda çagalary we maddy gymmatlyklary halas etmegiň, ýangyna garşy göreşmegiň meýilnamasy işlenilip düzülmelidir hem-de onda her bir işgäriň ýerine ýetirmeli borçlary we wezipeleri görkezilmelidir.

Tomsuň taýsyz tagamy

Tomus paslynyň gelmegi bilen çagalaryň we ulularyň buzgaýmak, sowadylan miwe şerbetlerine bolan islegi barha artýar. Howanyň yssy mahallarynda buzgaýmak bedeniňi sowatmaga ýardam berýär. Ýöne bu süýji tagamyň başga-da peýdaly taraplary kändir. Alymlaryň tassyklamaklaryna görä, buzgaýmagyň ýadawlygyňy aýyrmakda, dartgynlylygy ýeňip geçmekde-de ähmiýeti uludyr. Bilşimiz ýaly, bu tagam süýtden hem-de gaýmakdan taýýarlanylýar. Olaryň düzümindäki triptofan beýni öýjüklerini rahatlandyrýar. Şähdiňi açýar, ukyňy kadalaşdyrýar. Buzgaýmagyň daşy, köplenç halatda, şokoladly bolýar. Şokoladyň keýpiňi göteriji, gan basyşyňy kadalaşdyryjy güýje eýedigini bellemek hökmanydyr. Gippokrat hem şokoladyň «ýaltalygy bejerýändigini» aýdyp geçipdir.

Ismiň düşmüş ilden-ile

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Çeper söze hormaty belent halkymyz dana Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede giňden belleýär. Şanly toýuň dabaralary bu günki gün älem içre ýaň salyp, halklaryň edebi we medeni ýakynlygyny has-da berkidýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 4-nji iýulynda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş sapary taryhy ähmiýetli wakalara baý boldy. Saparyň çäklerinde doganlyk döwletiň paýtagtynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy şanly ýylyň dabaralary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. Gahryman Arkadagymyz dabarada eden çykyşynda: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylmagy dost-doganlygymyzyň ebedidigini hem-de mizemezdigini görkezýär» diýip bellemek bilen, beýik söz ussadynyň ýadygärliginiň iki halkyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekdäki ähmiýetini nygtady. Ýeri gelende bellesek, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda doganlyk döwletleriň ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri bilen birlikde, gazak halkynyň görnükli şahsyýetleriniň biri Kurmangazy  Sagyrbaýulynyň heýkeli oturdyldy. Paýtagtymyzda gazak şahyry Abaý

Ruhy-ahlak ýörelgeler dabaralanýar

Täze taryhy döwrüň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň mübärek Gurban baýramy günlerinde ýurdumyzyň zyýaratçylarynyň uly topary haj parzyny berjaý etmek maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygynyň mukaddes Mekge we Medine şäherlerinde boldular. Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlaryny, asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawy bilen bu dessurlary berjaý etmäge giden zyýaratçylaryň hatarynda welaýatymyzdan ildeşlerimiziň hem birnäçesi bar. Abdykerim ÝUSUPOW,