Ismiň düşmüş ilden-ile

10 Iýul 2024
344

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Çeper söze hormaty belent halkymyz dana Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede giňden belleýär. Şanly toýuň dabaralary bu günki gün älem içre ýaň salyp, halklaryň edebi we medeni ýakynlygyny has-da berkidýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 4-nji iýulynda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş sapary taryhy ähmiýetli wakalara baý boldy. Saparyň çäklerinde doganlyk döwletiň paýtagtynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy şanly ýylyň dabaralary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. Gahryman Arkadagymyz dabarada eden çykyşynda: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylmagy dost-doganlygymyzyň ebedidigini hem-de mizemezdigini görkezýär» diýip bellemek bilen, beýik söz ussadynyň ýadygärliginiň iki halkyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekdäki ähmiýetini nygtady. Ýeri gelende bellesek, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda doganlyk döwletleriň ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri bilen birlikde, gazak halkynyň görnükli şahsyýetleriniň biri Kurmangazy  Sagyrbaýulynyň heýkeli oturdyldy. Paýtagtymyzda gazak şahyry Abaý Kunanbaýyň heýkelini oturmak hem göz öňünde tutulýar. Milli Liderimiz bular barada bellemek bilen, iki halkyň edebi dostlugynyň yzygiderli esasda berkidilýändigini belledi. Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi Astana şäheriniň gözel künjekleriniň birinde ýerleşip, onuň beýikligi 8,5 metre golaýdyr.

Nurgeldi MEREDOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 94-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.