Gyzykly gezelenç çäresi

11 Iýul 2024
310

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşi ýaş nesilleriň halkymyzyň medeni-ruhy mirasyna bolan hormat-sarpasyny artdyrmak, şeýle hem olary  türkmen halkynyň döreden bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary bilen tanyşdyrmak maksady bilen, guramanyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine «Geçmişden geljege ýagty ýadygär — medeni mirasym dünýä ýaň salýar» atly gezelenç çäresini gurady.

Gezelenç çäresine gatnaşanlar halkymyzyň ruhy, medeni gymmatlyklary, türkmen döwletiniň şöhratly taryhynda yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň durmuş ýoly, bitiren hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyz, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzy ähli ugurlar boýunça depginli ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrmaga gönükdirilen beýik işleri, ýurdumyzda gurulýan önümçilik we durmuş maksatly döwrebap desgalardyr binalar dogrusynda gürrüň berýän maglumatlar, suratlar, milletimiziň şanly geçmişi  barada söz açýan arheologik tapyndylar bilen ýakyndan tanyşdylar.

Jennet GULMYRADOWA,
TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.