"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ene hüwdüsi — ajaýyp aýdym

Ene hüwdüsi! Ol enäniň ak süýt ýaly päk ýüreginden dömüp, syzylyp çykýan mähir söýgüsidir, mähriban ynsanyň döreden ajaýyp aýdymydyr. Ene hüwdüsine üýtgeşik bir gudrat diýsegem, öte geçdigimiz bolmaz. Ene hüwdüsi enelerimiziň mähir-muhabbetinden, perzendine bolan ýürek söýgüsinden dörän zemin gözelligidir. Eneler hüwdiniň üsti bilen perzendini diňe ýatyrmak ýa-da güýmemek bilen çäklenmän, eýsem, söýgüsini, arzuwyny hüwdä siňdirip, edep-terbiýe berýär. Her bir maşgalada nesil terbiýesiniň gözbaşy öý-ojakdan başlanyp, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk ýaly ynsana mahsus ajaýyp häsiýetler we endikler kemala gelýär. Mähriban enelerimiziň kalplaryndan çykýan hüwdüler bolsa çaga terbiýesinde aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki ol enäniň ýüreginde beslän päk arzuw-umytlarynyň owazy bolup, çaganyň kalbyna nur çaýýar. Her bir ene öz çagasyny hüwdülände, onuň akylly, edep-terbiýeli, il-halkyna, Watanyna wepaly bolup ýetişmegini arzuwlap, şol arzuwlaryny hem hüwdüsine siňdirýär. Ene-mamalarymyzyň öz perzendine bolan mähir duýgularyna ýugrulan hüwdülerde öňe sürülýän öwüt-ündewleriň, isleg-arzuwlaryň netijesinde edermen, gaýratly, watançy ýigitler, asylly, edep-ekramly, çeper elli, maşgala ojagyna, söwer ýarlaryna wepaly gyzlar ýetişýärler.

Baýlyk hem-de rahatlyk hakda

(Tymsal) Bir baý adam işiniň arasynda wagt tapyp, deňziň kenarynda gezim edýärdi. Şonda ol gaýygyň gapdalynda bir balykçynyň tirsekläp ýatandygyny görüp haýran galdy.

Sazy sözleýän sözler

Saz paýhasdan we pelsepeden has ýokary açyşdyr. Bethowen.*  *  *Sazyň maksady ýüreklere aralaşmakdyr.Bah.*  *  *Söýgi bolmasa, adam ýüreginde haýsy sazy göterip ýörendigini hiç wagt bilmez.Oşo.*  *  *Saz hasraty gark edýän güýçdür.Şekspir.*  *  *Saz ýeke-täk dünýä dilidir, ony terjime etmegiň zerurlygy ýok, onda göwün bilen göwün gepleşýär.Auerbah.*  *  *Aýdym-saz bütin dünýäni ruhlandyrýar, ruhy ganatlar bilen üpjün edýär, hyýalyň uçmagyna kömek edýär, ähli zada ýaşaýyş we şatlyk berýär. Ony owadan we ajaýyp zatlaryň beýany diýip atlandyryp bolar.Platon.

Dumly-duşdan dürli-dümen

Gün elektrik beketleri Dünýäde iň uly Gün elektrik beketleri Hindistanda we Hytaýda ýerleşýär. Şu wagta çenli şeýle beketleriň arasynda Hindistanyň tutýan meýdany 57 inedördül kilometr, kuwwaty 2245 megawat bolan bekedi iň ulusydy. Iýun aýynda ulanyşa berlen Hytaýdaky Günden energiýa alýan beket ululygy boýunça öňdäki orny eýeledi. Ol daşky täsirlerden goramak üçin iki gat aýnaly 5 million Gün panellerinden ybarat bolup, 133,5 inedördül kilometr meýdany eýeleýär. Çölde gurlan Midong atly Gün elektrik bekedi 9 million ilaty bolan şäheri bir ýyllap elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge ukyplydyr. Kuwwaty 3,5 gigawat bolan bekediň işlemegi üçin 200 kilometrden gowrak elektrik geçirijisi çekildi, 5 sany kiçi beket guruldy. Energiýanyň çeşmesi bolan Günden peýdalanmak arkaly elektrik toguny almak ekologiýa taýdanam peýdalydyr.

Tomus taplama çäreleri

Kaka etrabyndaky çagalar baglarynda tomus taplama döwründe körpeleriň arasynda dynç alyş we taplama çäreleri işjeň ýagdaýda geçirilýär. Ýyllyk iş meýilnamasy esasynda etrapdaky 9-njy çagalar bagynda geçen tomusky taplama çäresi uly gyzyklanma döretdi. Bu çäräniň dowamynda çagalaryň eşiklerini ýeňletmek, güne taplamak, arassa howada oýunlary guramak işleri guraldy. Tomusky taplama çärelerine öňünden taýýarlyk görüldi. Toparlara niýetlenen meýdançalarda çägedanlary çägeden doldurmak we reňklemek, taplama degişli çagalar üçin enjamlary ýerbe-ýer etmek, düşekçeleri taýýarlamak, egin-eşikler, süpürgiçler taýýarlamak ýaly işlere aýratyn ähmmiýet berildi. Taplama çäreleriniň belliklerini etmek üçin ýörite ýazgylar depderleri döredildi we degişli ýazgylar doly hem-de dogry ýazyldy.

“Kim çalasyn?!” bäsleşigi

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Bäherden hem-de Gökdepe etrap Geňeşleriniň bilelikdäki meýilnamasy esasynda Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde sport bäsleşigi geçirildi. “Kim çalasyn?!” ady bilen geçirilen bäsleşige merkezde dynç alýan bagtyýar çagalar höwesli gatnaşdy. Hereketli oýunlaryň pökgi bilen bellenilen päsgelçilikden geçmek, halkaly ylgamak ýaly görnüşleri boýunça geçen bäsleşik ýaş nesliň sport ussatlygyny, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýändigini aýan etdi. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan bäsleşikde “Ruhubelent” topary üstün çykdy. Toparyň agzalaryna Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Bäherden we Gökdepe etrap Geňeşleriniň sowgatlary gowşuryldy.

Başarjaň eller

Kaka etrabynyň 10-njy çagalar bagynda çagalar baglarynyň uly toparlarynyň arasynda “Başarjaň eller” ady bilen surat çekmek, ýelimlemek, gurnamak bäsleşigi geçirildi. Etrap bilim bölüminiň düzgünnamasy esasynda geçirilen bu bäsleşik “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilýän täsirli çäreleriň üstüni ýetirdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe körpeleriň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli bolup ýetişmegini gazanmak, zehinini ýüze çykarmak we höweslendirmek, watansöýüji nesiller bolup kemala gelmegini gazanmak maksady bilen geçirilen bäsleşik uly gyzyklanma döretdi. Onuň dowamynda etrabyň dürli çagalar baglaryndan gelen körpeler binanyň suratyny çekmekde, täzeden gurnap suratlary ýelimlemekde we konstruktoryň üsti bilen binajyklary ýasamakda başarnygyny görkezdiler. Bäsleşigiň netijesinde Kaka etrabynyň 4-nji çagalar bagynyň körpeleri ýeňiji boldy.

Ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyryp

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ulgamlarynda çagalaryň hukuklaryny goramaga we olaryň durmuşyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen şertleri döretmäge, ösüp gelýän ýaş nesli hemmetaraplaýyn goldamaga uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada Türkmenistanyň halkara kadalara hem-de ata-babalarymyzdan miras galan belent ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Milli we ählumumy derejede adamzadyň üstünliklerine hormat goýýan ýurdumyzda geçmişde gazanylanlary geljek bilen sazlaşykly ösdürmekde adam gymmatlyklarynyň iň belent derejede gadyrlanmagy, ylaýta-da, çaganyň ykbalyna jogapkärçilikli garaýşyň her bir işde ileri tutulmagy bilen, döwletimiziň öz ösüş ýoluny ynamly dowam etdirýändigini aýratyn bellemek gerek.

Mekdep bazarlary: bol we elýeter

Tomusky dynç alşyň bosagasynda gezelenç etjek ýerlerini hyýalynda janlandyryp tolgunan mekdep okuwçylary häzirki günlerde ýene-de mugallymlaryny we synpdaşlaryny görmegiň, olar bilen täze bilimleri özleşdirmegiň höwesinde 1-nji sentýabra çenli galan günleri barmak büküp sanaýarlar. Täze okuw ýylyna täze mekdep lybaslary we okuw esbaplary bilen barmak bolsa has-da ýakymly. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ýurdumyzda bu babatda her ýyl alada edilýär. Diýarymyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem awgust aýynyň ilkinji gününden mekdep bazarlarydyr göçme söwda nokatlary işläp başlady. Welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginden habar berlişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň gündogar sebitinde ýörite mekdep lybaslarynyň we okuw esbaplarynyň söwdasyny alyp barýan göçme nokatlaryň 51-si, dükanlardyr söwda merkezleriniň ýanynda mekdep burçlarynyň 570-si döredildi. Olar ýokary derejedäki hyzmaty we haryt bolçulygy bilen gözüňi dokundyrýar. Şeýle bolansoň, mekdep bazarlarynyň daş-töweregi hemişe köp adamly. Şu günler olarda söwda gyzgalaňly dowam edýär. Bu bazarlardaky esasy aýratynlyk bolsa elýeter bahalaryň ildeşlerimiziň göwnüni göterýändigidir. Galamlardyr depderlerden başlap, okuwçy oglanlaryň penjek-balaklaryna, gyzlaryň köýneklik matalaryna ýa-da taýýar köýneklerine çenli iň elýeter bahalardan hödürlenilýär. Şunda dokma önümleriniň aglabasynyň öz ýurdu

Döwletlilik ýörelgeleri dabaralanýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini hem-de Watanymyzyň taryhy ösüşlerini ilatyň arasynda wagyz etmekde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan guralýan meýilnamalaýyn çäreleriň orny uludyr. Şu günler etraplarda geçirilýän «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşliklerde, duşuşyklardyr maslahatlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Kararyndan gelip çykýan wezipeler, Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti dogrusynda aýratyn durlup geçilýär. Halk Maslahaty türkmeniň döwletlilik ýörelgesiniň dowamat-dowam bolýandygynyň dabaralanmasydyr. Ol ata-babalarymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan taryhy tejribesini özünde jemleýär. Halkymyz hemişe ýaşuly nesle aýratyn hormat bilen garap, il-ýurt bähbitli işlerde olaryň baý durmuş tejribesine daýanypdyr we maslahatly çözgütleri kabul edipdir. Täze taryhy döwrümizde hem döwletiň durmuşyndaky wajyp meseleler jemgyýetiň dürli gatlaklarynyň wekilleri, şol sanda ýaşuly nesliň wekilleri bilen maslahatlaşyp çözülýär. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan köp asyrlyk tejribesine berk eýerilýändiginiň subutnamasydyr.

Işjeňlikde geçdi

Ak bugdaý etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de etrap halk maslahatynyň guramagynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Kararyndan gelip çykýan wezipelerden ugur alnan maslahata etrap halk maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary hem-de edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdy. Maslahatda ýurdumyzyň ösüş-özgertmeleri, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler, şeýle-de Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti hem-de döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmekde, döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermekde onuň möhüm orny barada gürrüň edildi. Şu ýylyň 24-nji sentýabryndaky jemgyýetçilik-syýasy çärä — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlykly barmakda öňde duran wezipeler hakda aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Şöhraty dünýä dolan mekan

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby şu şanly ýylda halkymyza sowgat edilen ajaýyp eserdir. Ildeşlerimiziň ýankitabyna öwrülen bu eser kitaphanalaryň gaznasyny has-da baýlaşdyrdy. Halkymyzyň şöhratly taryhy, baý medeni mirasy, gadymy Änew medeniýeti barada söhbet açýan gymmatly kitap bu gün Ahal welaýat, etrap merkezi kitaphanalarynyň hem-de kitaphana şahamçalarynyň bezegi bolmak bilen, okyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen okalýar. Bu kitaby okanyňda gadymy Änewiň buýsançly taryhynyň, Ahal ýaýlasynyň ösüşli menzilleriniň, şu gününiň, taryhy sebiti has-da özgertmekde öňde duran maksatlaryň öz beýanyny tapýandygyna uly buýsanç bilen göz ýetirip bolýar. Ahal welaýat kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitabynyň baý many-mazmuny dogrusynda okyjylaryň arasynda geçirilýän söhbetdeşlikleriň netijeliligini gazanmakda mynasyp tagallalar edilýär. Şeýle söhbetdeşlikleriň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän çäreler bilen utgaşdyrylmagy olaryň netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär.

Awaza — dostluk mekany

Eziz Watanymyzda döwlet tarapyndan alnyp barylýan işleriň düýp özeninde halkyň bähbidi, adamlaryň bagtyýar durmuşda, abadançylykda ýaşamaklary, ösüp-örňäp, ylym-bilim öwrenip, kämilleşip, döredip, gurup bilmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Diýarymyzyň owadan tebigaty, täsin künjekleri, baý medeni-taryhy ýadygärlikleri, myhmansöýer halkymyzyň özboluşly milli ýörelgesi, däp-dessurlary, medeniýeti, sungaty bu ulgamda ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmaga, dünýäniň syýahatçylyk-dynç alyş bazarynda öňdäki orunlary eýelemegine mümkinçilik berýär. Asuda oba-şäherlerimiziň, owadan tebigatyň arassa gurşawynda ýekelikde ýa-da maşgala bolup dynç almak üçin döredilýän şertleriň barha artmagy abadan durmuşyň, adam hakyndaky aladanyň baş görkezijileriniň biridir. Watanymyzyň geljegi bolan çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýaş nesiller tomusky dynç alyş döwründe deňiz kenarynda, Gökderede, şeýle hem welaýatlarda döredilen döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýarlar. Sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýaş nesliň wekilleriniň oňat dynç almaklary, boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky iri möçberli taslama sebitiň şypahana-syýahatçylyk kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, ony iri halkara syýahatçylyk merkezine öwürmäge gönükdirilendir. Türkm

Mekdep bazarlary begendirýär

Şu aýyň başynda ýurdumyzyň paýtagtynda we ähli welaýatlarynda bolşy ýaly, biziň welaýatymyzyň merkezinde hem mekdep bazarlary öz işine başlady. Göze gelüwli göçme söwda sekilerinde mekdep okuwçylarydyr talyplaryň ýetip gelýän täze okuw ýylyna göwnejaý taýýarlyk görmekleri üçin zerur bolan okuw esbaplarynyň, kanselýariýa harytlarynyň, okuw eginbaşlarynyň köp görnüşleri bar. Mekdep bazarlaryna çykarylan harytlaryň aglabasynyň öz ýurdumyzyň önüm öndürijileri, hususy we döwlet kärhanalary tarapyndan öndürilýändigi aýratyn guwandyryjydyr. Türkmen telekeçileriniň dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri bolan okuw esbaplary, kanselýariýa harytlary, okuwçy torbalary, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen mekdep eşikleri, oglanlar üçin penjekler we galstuklar, gyzlar üçin ýaşyl reňkli köýnekler we ak öňlükler, şeýle hem türkmen milli başgaby — tahýalar hormatly Prezidentimiziň halkymyzy ýerli önümler bilen üpjün etmek baradaky tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýaňy-ýakynda işläp başlandygyna garamazdan, mekdep bazarlarynda hereketlilik günsaýyn gyzyşýar. Olarda alyjylara hödürlenýän harytlaryň bolçulygy gözüňi dokundyrýar. Aýratynam, hossarlary bilen bu ýere gelýän mekdep ýaşly oglan-gyzjagazlar harytlaryň köpdürlüliginden örän hoşal. Döwrümiziň bagtyýar nesilleri üçin niýetlenip, elýeterli bahalardan satyl

Döredijilik duşuşygy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň, etrap medeniýet bölüminiň hem-de Kerim Gurbannepesow adyndaky etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Kitap — ýaşlaryň göwün syrdaşy» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Etrap merkezi kitaphanasynda geçen söhbetdeşlige döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar, kitaphananyň ýaş okyjylary hem-de işgärleri gatnaşdy. Döredijilik duşuşygynda Gahryman Arkadagymyzyň, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilik, halallyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlak ýörelgelerine ýugrulan goşgulary okaldy. Kitaphana işgärleri hem-de ýaş şahyrlar döredijilik dogrusynda çykyş etdiler. Olaryň labyzly okan goşgulary bu çärä baý many çaýdy.

Söz ummanynda ýüzen

Halkymyzda: «Ýagşy adam ýatdan çykmaz» diýilýär. Ömrüni dil ylmyna we mugallymçylyga bagyşlan halypa alym Haýdar Muhyýewiň ady hormat bilen ýatlanylýar. Onuň dilimiziň ösmegine, ylmy esasda öwrenilmegine goşan goşandy uludyr. Halypa dilçi alymyň okadan talyplary bu gün ýurdumyzyň dürli künjeginde zähmet çekýärler. Olaryň arasynda dilçi, edebiýatçy alymlar-da, ýazyjy-şahyrlardyr žurnalistler-de, ussat mugallymlar-da bar. Şu ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edebi mirasymyzy düýpli öwrenmek hem-de halypa-şägirtlik milli ýol-ýörelgäni kämil nusgada dowam etdirmek babatdaky ündewleri biziň halypalarymyza goýýan hormatymyzy has-da artdyrýar. Haýdar Muhyýewiň özleri halypalyga ýetişen şägirtleri ol hakda metbugatda yzygiderli çykyş edip, dilçi alymy ýagşylykda ýatlaýarlar. «Biz ýaňy ylym-bilim diýlen ummanyň kenaryna gelip, onuň aňyrsyna-bärsine, göz ýetmeýän giňişliklerine akyl ýetirip bilmän duran wagtymyz Haýdar mugallymy özümize hossar tutundyk. Şol mahalky M.Gorkiý (häzirki Magtymguly) adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bosagasyndan ätlänimizde bize halypalyk goluny uzadan edebiýaty öwreniş we dil biliminiň kämil alymlarynyň arasynda Haýdar Muhyýew hem bardy — diýlip, şahyr Nowruz Gurbanmyradowyň halypasy hakda ýazan makalasynda ýatlanylýar. — Biz turuwbaşdan bu alymyň töweregine ýakynlaşanymyzy kem görmändik. Ylmyň islendik ugry bara

Bagabat jülgesindäki jenneti mekan

Garaşsyz Watanymyzda ynsan saglygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmegi, dynç we bejergi almagy üçin ähli amatlyklary hem-de döwrebap şertleri bolan şypahanalar hereket edýär. Tomsuň jöwzaly günlerinde arassa howaly, melhem suwly şypahanalar has-da köp adamly bolýar. Bu hakykata gojaman Köpetdagyň goýnunda ýerleşýän «Bagabat» şypahanasynyň mysalynda hem göz ýetirmek mümkin. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen belent daglaryň arasynda, ekologik taýdan arassa howaly Bagabat jülgesinde gurlan bu şypahana birbada 200 adamy kabul etmäge niýetlenen. Saýaly, pürli we miweli baglara, al-elwan güllere beslenen şypahana bejeriş we dolandyryş binalaryny, naharhanany, sport toplumyny öz içine alýar. Şypahananyň lukmançylyk we barlaghana otaglaryna iň häzirki zaman enjamlary ornaşdyrylan. Düzüminde anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejeriş bölümleri hereket edip, olarda USB, EKG, beýleki hünärmenleriň otaglary, palçyk bilen bejeriş, fizioterapiýa otaglary, howuzlar we SPA salony hereket edýär. Döwrebap şypahanada dem alyş ýollarynyň, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, deri keselleriniň dikeldiş bejergileri netijeli alnyp barylýar. Esasy bellemeli zat bolsa, bu ýe

Ýaşlar muzeýde boldular

Änew şäherindäki Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýine etraplardan gelen ýaşlar üçin syýahat guraldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat hem-de Ak bugdaý, Tejen, Babadaýhan, Sarahs etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagyndaky syýahat «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna, şeýle-de Änew şäheriniň şu ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. Syýahat turuwbaşdan ýakymly täsirlere beslendi. Ýaşlar sergi zallaryna aýlanyp, taryhy eksponatlary uly gyzyklanma bilen synladylar. Muzeýiň hünärmenleri sergi bölümleriniň aýratynlygy, olarda sergilenen gymmatly tapyndylar hakda syýahata gatnaşyjylara gürrüň berdiler. Syýahatyň çäginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyndan ugur alnyp guralan söhbetdeşlik hem gyzykly boldy.

Ýadygärlige syýahat

Şu ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we Ak bugdaý etrap Geňeşleri tarapyndan täsirli çäreler guralýar. Ak bugdaý etrabynyň çäginde, Änew şäheriniň merkezinden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän Seýit Jemaleddin ýadygärligine guralan syýahat hem şeýle çäreleriň biri boldy. Edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar üçin guralan syýahatyň barşynda oňa gatnaşanlar XV asyrda bina edilen, gurluşygynda binagärlik sungatynyň ajaýyplyklaryny özünde jemlän Seýit Jemaleddin ýadygärligini uly gyzyklanma bilen synladylar. Asyrlarboýy özüniň baý taryhy bilen jahankeşdeleriň ünsüni çekip gelýän täsin ýadygärligiň taryhy dogrusyndaky gürrüňleri uly gyzyklanma bilen diňlediler. Bu syýahat ýaşlarda ýakymly duýgulary döretdi.

Jogapkärli çemeleşilýär

Gökdepe etrabynda täze okuw ýylyna ählitaraplaýyn taýýarlykly barylýar. Etrapdaky orta mekdeplerde abatlaýyş işlerine jogapkärli çemeleşildi. Bilim ojaklarynyň binalarynyň abatlaýyş işlerinde ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berildi. Bu işler aýry-aýry mekdeplerde irki möhletde tamamlandy. Birkemsiz abatlaýyş işleri geçirilen okuw otaglarynyň döwrebap görkezme esbaplar we beýleki abzallar bilen üpjünçiligine uly üns gönükdirilýär. Täze, 2024-2025-nji okuw ýylynda ilkinji gezek ak mekdepleriň bosagasyndan ätlejek 6 ýaşly çagalary bellige almak, bilim işgärleriniň awgust maslahatyna taýýarlyk görmek babatda edilýän tagallalar hem ýerine düşýär.