“Kim çalasyn?!” bäsleşigi

7 Awgust 2024
128

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Bäherden hem-de Gökdepe etrap Geňeşleriniň bilelikdäki meýilnamasy esasynda Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde sport bäsleşigi geçirildi. “Kim çalasyn?!” ady bilen geçirilen bäsleşige merkezde dynç alýan bagtyýar çagalar höwesli gatnaşdy.

Hereketli oýunlaryň pökgi bilen bellenilen päsgelçilikden geçmek, halkaly ylgamak ýaly görnüşleri boýunça geçen bäsleşik ýaş nesliň sport ussatlygyny, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýändigini aýan etdi. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan bäsleşikde “Ruhubelent” topary üstün çykdy. Toparyň agzalaryna Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Bäherden we Gökdepe etrap Geňeşleriniň sowgatlary gowşuryldy.

Şasoltan DURDYÝEWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Bäherden etrap Geňeşiniň başlygy.