Söz ummanynda ýüzen

6 Awgust 2024
96

Halkymyzda: «Ýagşy adam ýatdan çykmaz» diýilýär. Ömrüni dil ylmyna we mugallymçylyga bagyşlan halypa alym Haýdar Muhyýewiň ady hormat bilen ýatlanylýar. Onuň dilimiziň ösmegine, ylmy esasda öwrenilmegine goşan goşandy uludyr. Halypa dilçi alymyň okadan talyplary bu gün ýurdumyzyň dürli künjeginde zähmet çekýärler. Olaryň arasynda dilçi, edebiýatçy alymlar-da, ýazyjy-şahyrlardyr žurnalistler-de, ussat mugallymlar-da bar. Şu ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edebi mirasymyzy düýpli öwrenmek hem-de halypa-şägirtlik milli ýol-ýörelgäni kämil nusgada dowam etdirmek babatdaky ündewleri biziň halypalarymyza goýýan hormatymyzy has-da artdyrýar.

Haýdar Muhyýewiň özleri halypalyga ýetişen şägirtleri ol hakda metbugatda yzygiderli çykyş edip, dilçi alymy ýagşylykda ýatlaýarlar. «Biz ýaňy ylym-bilim diýlen ummanyň kenaryna gelip, onuň aňyrsyna-bärsine, göz ýetmeýän giňişliklerine akyl ýetirip bilmän duran wagtymyz Haýdar mugallymy özümize hossar tutundyk. Şol mahalky M.Gorkiý (häzirki Magtymguly) adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň bosagasyndan ätlänimizde bize halypalyk goluny uzadan edebiýaty öwreniş we dil biliminiň kämil alymlarynyň arasynda Haýdar Muhyýew hem bardy — diýlip, şahyr Nowruz Gurbanmyradowyň halypasy hakda ýazan makalasynda ýatlanylýar. — Biz turuwbaşdan bu alymyň töweregine ýakynlaşanymyzy kem görmändik. Ylmyň islendik ugry barada, isle ol dile, isle edebiýaty öwreniş ylmyna, isle-de çeper döredijilige, terjime ulgamyna degişli bolsun, berilýän sowallaryň jogapsyz galany bardyr öýdemok. Üstesine-de, şol jogaplaryň alymyň esasy işine, türki dilleriň öwreniliş taryhyna, häzirki zaman türkmen diliniň, dialektalogiýasynyň meselelerini öwretmek üçin berlen wagtdan daşary bolýandygyny aýtmagymyz gerek».

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
žurnalist.