"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Bagtyýarlygyň binýady

Şeýle at bilen şu günler welaýatymyzyň şäherdir etraplarynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň meýilnamasy esasynda okuw maslahatlary geçirilýär. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň alyp barýan işlerini has-da işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolan okuw maslahatlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şanly ýylyň çärelerine özboluşly many goşýar. KAKA. Etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat hem-de etrap birleşmeleriniň bilelikde guramagynda geçirilen okuw maslahaty mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň jogapkär işgärleri, edara-kärhanalardaky ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary hem-de degişli edara-kärhanalaryň wekilleri gatnaşdy.

Dalaşgärlige hödürlendiler

Şu ýylyň 28-nji martynda boljak Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna Ak bugdaý etrabynda hem taýýarlykly barylýar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeleriň ýolunda möhüm waka öwrüljek bu syýasy çäräniň çäklerinde, dalaşgärleri hödürlemek işine uly ähmiýet berilýär. Ýakynda etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri hödürlemek boýunça geçirilen ýygnanyşyk hem işjeňlige eýe boldy. Oňa welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, saýlaw toparlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de il sylagly ýaşulular gatnaşdy.

Möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre

2021-nji ýylyň 28-nji martynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary bolar. Munuň özi möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäredir. Şonuň üçin bu saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär hem-de oňa giňden taýýarlyk görülýär. Esasy Kanunymyzyň 1-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwletdir. Ýurdumyzda konstitusion özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, kanunçylyk namalarymyz yzygiderli kämilleşdirilýär.

Belent üstünliklere ruhlandyrýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz uly ösüşlere, üstünliklere beslenýär. Köptaraply özgertmeler bilen öňe barýan ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk taryhy seneleriniň uludan toýlanjak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly-da täsirli, ýatda galjak ajaýyp wakalara beslenýär. Ýakynda hem halkymyzy, aýratyn-da biziň uniwersitetimiziň mugallymlarydyr talyplaryny begendiren waka boldy. Hormatly Prezidentimiz hemişe päk zähmeti bilen öz ugrundan köp işleri bitiren adamlara hormat goýup, mynasyp atlary dakýar. Ine, şeýle asylly däbe eýerip, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny giň gerim bilen ösdürmekde we toplumyň halkara energiýa ulgamyna işjeň goşulmagyna gönükdirilen syýasatyny durmuşa geçirmekde, ýokary hünär derejesini, nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly hem-de halal zähmetini göz öňünde tutup, hormatly Prezidentimiziň başlangyjyny goldap, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen uniwersitetimize Ýagşygeldi Kakaýewiň ady dakyldy. Bu taryhy waka biziň her birimizi diýseň begendirdi we ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly, ak ýürekden zähmet çekmäge has-da ruhlandyrdy. Garaşsyz Watanymyzda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary bilen birlikde nebitgaz se

Örtük dakynmak hökmandyr!

Dost, örtügiň hany? Jübimde.

Elektron neşirler — döwrebaplygyň nyşany

Gazet-žurnallar ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyndaky täzeliklerden habar berýär, okyjylary giň dünýäniň geň habarlary, göwnüňi galkyndyrýan goşgular, çuň mazmunly hekaýalar, oýlanmalar, jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm wakalary bilen tanyşdyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesiller ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryndan kämil baş çykarýarlar. Mähriban çagalar, bagtyýar döwrümiziň siz üçin döredip berýän täze mümkinçiliklerinden peýdalanyň! Žurnaly elektron görnüşde «turkmenmetbugat.gov.tm» we «metbugat.gov.tm» internet sahypalaryndan hem-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysyndan okap bilersiňiz.

Seresaplylyk hemişe zerur

Tebigy gazyň ýanmagy netijesinde onuň düzüminden ugar gazy bölünip çykýar, ol yssyz we reňksiz bolup, adamyň saglygy üçin örän uly howp döredýär. Tebigy gaz bilen işleýän gyzdyryjy peçleriň howa çekijileriniň näsaz işlemegi netijesinde ugar gazy otaga ýaýraýar. Howasynyň düzüminde 0,5% ugar gazy bolan otagda adam galanda, 5 minutdan huşuny ýitirýär, 30 minutdan bolsa öwezini dolup bolmajak ýitginiň döremegi mümkindir. Ugar gazy bilen baglanyşykly şeýle howply ýagdaýlaryň döremezligi üçin aşakdaky düzgünleri berjaý etmek hökmanydyr:

Berkararlyk, bagtyýarlyk binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz bütin dünýäde ählitaraplaýyn ösen döwletleriň hatarynda tanalýar. Ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň barha kämilleşdirilmegi, döwlet we raýat arasyndaky hukuk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy bolsa, ilatyň bolelin durmuşda ýaşamagyna, zähmet çekmegine we dynç almagyna giň ýol açýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygyny dabaraly ýagdaýda belläp geçer. Garaşsyzlyk ýyllarynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy we taryhy ähmiýetli maksatnamalaryň, halk bähbitli kanunlaryň kabul edilmegi bilen ykdysadyýetde, medeniýetde, bilim ulgamynda we beýleki ugurlarda ýokary ösüşlere eýe bolnup, döwletiň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde durmuşa geçirilen işler şol ösüşleriň gazanylmagyna ýakyndan ýardam etdi.

Türkmen ýaşlary — golunda eýýamyň beýik işleri

«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» esasy maksatlary: ■ ýaşlaryň konstitusion, durmuş-ykdysady hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň hem-de borçlarynyň ähmiýeti barada düşünjelerini artdyrmak;

Derwaýys meselelere seredildi

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda welaýat «Ene mähri» merkezinde «Millilige ýugrulan ömür dowamatymyz» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, edara-kärhanalaryň hünärmenleri hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Milli däp-dessurlarymyzyň gymmatyny ýitirmezlik, maşgala mukaddesliginiň belentliginde bolmak dogrusyndaky çykyşlar çäräniň esasy özenini düzdi. Çärede çykyş edenler milli däp-dessurlarymyzy we milli lybaslarymyzy asyl durkunda geljekki nesillere ýetirmek, halal zähmet çekip, maşgala ojaklarynda asudalygy, agzybirligi saklamak barada täsirli gürrüň etdiler. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen ýurdumyzda zenanlar, ýaş maşgalalar barada çynlakaý alada edilýändigi, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, ýaş maşgalalaryň durmuş goraglylygynyň üpjün edilýändigi dogrusynda hem durup geçdiler. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyza il asudalygyny, ýurt abadançylygyny üpjün etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak barada amala aşyrýan beýik işleri üçin alkyş aýdyldy.

Guwandyryjy netijeler — täze belentliklere badalga

Gü­neş­li Diýarymyzyň şä­herlerinde we obalarynda hyzmat edýän, halkara ül­ňü­le­rine laýyk gelýän ýokary hilli awtobuslar, taksiler halkymyzyň kalbynda uly buýsanç, ka­na­gat­lan­ma duýgusyny dö­redýär. Bu ulgama iň ýokary hilli ulaglaryň yzygiderli satyn al­nyp, halkyň hyzmatyna hö­dürle­nilmegi şä­herara we şä­heriçi gatnawlarynyň ýokary derejede ýola goýulmagyna ýardam berýär. «Türk­me­naw­tou­lag» agent­li­gi­niň «Le­bapaw­tou­lag» önüm­çi­lik bir­le­şi­gin­de hem bu ugur­da ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Kär­ha­na­da we oňa de­giş­li eda­ra­lar­da halk ho­ja­ly­gy­na aw­tou­lag hyz­ma­ty­nyň äh­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça döw­re­bap we üz­nük­siz hyz­mat et­mek ug­run­da­ky iş­le­riň ýo­ka­ry de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar.

Aýdyň geljegiň nury

Hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen kemala getirilen kuwwatly ykdysadyýet ata Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň, beýik işleriň depginini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şunda döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň häzirki zaman şähergurluşyk syýasatyny amala aşyrmakda bar bolan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen bir hatarda, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleriniň häzirki zaman tejribeleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Milli Liderimiziň täzeçillik strategiýasy netijesinde türkmen paýtagty häzirki zaman, okgunly ösýän hem-de ýaşamak üçin amatly şäheriň ajaýyp nusgasyny äleme äşgär edýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şäherde ýaşaýan adamlar üçin amatly daşky gurşawy döretmek hem-de olaryň oňaýly ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi, göwnejaý dynç almagy hem-de wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin şertleri döretmek şäheri ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen özüniň täsin desgalary, belent binalary bilen şan-şöhraty dünýä dolýan paýtagtymyza buýsanjymyz, guwanjymyz has hem artýar. Merjen şäherimizde hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gysga döwrüň içinde kemala getirilen «Arçabil», «Çandybil», Magtymguly, «Garaşsyzlyk» şaýollarynyň ugrunda köpugurly desgalar, Parahat 7, «Täze zaman», Çoganly ýaşaýyş toplumlarynyň, şeýle hem paýtagtymyzy ös

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepde hamallar hiç kimiň ýardamyny almazdan, şahsy meselelerini çözmäge çalyşmaly. Daş-töweregiňizdäkiler size adalatsyz çemeleşýän ýaly bolup görünse-de, duýgularyňyza erk etmegi başaryň. Hepde täze mümkinçiliklere, adaty bolmadyk wezipede ösüşlere ýol açar. Işewürlik meselelerini çözmek bilen meşgul bolup, hepdäniň nähili geçenini hem duýmarsyňyz.

Kämil kanunlar ösüşe badalga

«Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny jemgyýetde durnuklylygy we howpsuzlygy ygtybarly üpjün etmekde, döwleti dolandyrmakda demokratik başlangyçlary, aýanlygy we gözegçiligi giňeltmekde, ilatyň döwlete we onuň düzüm gurluşlaryna bolan ynamyny berkitmekde, işini ýokary derejede bilýän hünärmenleri döwlet gullugyna girmäge höweslendirmekde, döwlet gullukçylarynyň halallygynyň kepilliklerini berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda kanunçylyk Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şeýle hem jemgyýetiň we döwletiň umumy ykrar edilen ahlak ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýar hem-de döwlet gullukçylarynyň eýeleýän wezipesine garamazdan, goldanmaly bolan gulluk, hünär etikasynyň umumy ýörelgeleriniň we özüni alyp barşyň esasy düzgünleriniň jemi bolan «Döwlet gullugy hakynda», «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Agzybirlikli zähmete mynasyp goşant

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler öz agzalarynyň zähmet, durmuş-ykdysady hukuklaryny goraýan Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli derejedäki guramalarynyň agzybir işgärleriniň her biriniň ýüreginde buýsanç duýgusyny döredýär. Çünki jemgyýetimizde ykbal kesgitleýji düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, olaryň kanunçylyk binýadynyň döwrebap kämilleşdirilmegi agzybir we jebis halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, lukmançylyk edaralarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegi döwlet syýasatynda adam hakdaky aladanyň ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny aýdyň görkezýär. Göwünleri galkyndyrýan şeýle guwandyryjy netijeler barada Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň düzümine girýän KA-nyň ilkinji guramalarynyň hasabat-saýlaw ýygnaklarynda joşgunly çykyşlar diňlenildi. TKA-nyň Köneürgenç etrap birleşmesi 139 ilkinji guramany, 22716 agzany özüne birleşdirýär. Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasynyň, TKAMM-niň we welaýat birleşmesiniň geňeşleriniň kararlary esasynda ýokary ruhubelentlikde geçýän hasabat-saýlaw ýygnaklary etrabyň S.A.Nyýazow adyndaky pagta arassalaýjy, tehniki hyzm

Ýeňişli menziller

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen ili Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny ýokary zähmet üstünliklerine beslemek ugrunda döredijilikli zähmet çekýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiz ösüşli ýoly ynamly külterläp, bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda gazanylýan üstünlikler guwanjyňa guwanç goşýar. Bularyň hemmesi Arkadag Prezidentimiziň öňe süren “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasatynyň tutumly işlerde durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmeginde gaz senagaty möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylyşy ýylsaýyn artýar. Şeýlelikde, mawy ýangyjy daşary bazarlara eksport etmek mümkinçiligi ýokarlanýar. Soňky ýatlanlarymyza gurlup, ulanmaga berlen Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini, gurluşygy tamamlanmagyna barha az wagt galýan Türkmenistan — Owganystan — — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijilerini görkezmek bolar. Halkara ähmiýetli bu iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz döwletimiziň tebigy gazy eksport etmekdäki tutumly işleriniň ýylsaýyn rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär.

Mynasyp dalaşgär görkezildi

Şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek maksady bilen taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Häzirki wagtda barha, golaý gelýän saýlawlara dalaşgärleri hödürlemek çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Golaýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgär hödürlemäge bagyşlanyp, etrap halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde garalan mesele boýunça etrap halk maslahatynyň kätibi, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, etrap halk maslahatynyň agzalary, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, etrabyň Gammarbaba Geňeşiniň arçyny Muhammet Gylyçmyradow çykyş etdiler. Olar dalaşgärlige hödürlenýäniň zähmet we durmuş ýoly barada gürrüň berip, onuň dalaşgärlige mynasypdygyny nygtadylar.

Maslahat — duşuşyklar geçirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlar boýunça gazanylýan üstünlikler, belent sepgitler guwandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan ýylda-da ýeňişli menziller rowaç alýar. Munuň bolsa Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama bilen mynasyp utgaşýandygy guwandyrýar. Ýurdumyzyň baş şygarynda ýaşlary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana çäksiz buýsanç hem-de söýgi ruhunda terbiýelemek baradaky pikiriň hem öz beýanyny tapýandygyny aýtmak gerek. TMÝG-niň etrap geňeşi etrap bilim bölümi bilen bilelikde Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly mynasybetli etrapdaky orta mekdeplerde Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny giňişleýin düşündirmek maksady bilen milli ýörelgelerimizi, halal zähmet terbiýesini, hünär ussatlygyny ýaşlara düşündirmek boýunça terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar.

Dokmaçylar bäsleşdiler

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda ýurdumyzda uly dabara bilen belleniljek Halkara zenanlar güni mynasybetli dokmaçylaryň arasynda «Arkadagly Diýarda gözelligiň nusgasy — dokmaçy gelin-gyzlar» atly bäsleşik yglan edildi. Golaýda Mary şäheriniň merkezindäki ajaýyp binada — “Bagt köşgüniň” toý mekanynda bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatymyzyň dokma toplumlarynda zähmet çekýän gyz-gelinler gatnaşdylar.

Belent sepgitleriň ýyly bolar

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda halkymyz 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna gadam basdy. Munuň özi halkymyzyň bagtyýarlygynyň,Watanymyzyň rowaçlygynyň nyşany. Elbetde, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly hem Diýarymyz üçin uly ösüşleriň ýyly bolar. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan şu ýylyň aýratyn öwüşgine eýedigini bellemelidiris. Sebäbi hemmämize mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde «2021-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama kabul edildi. Bagtyýar halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň giňden belleniljek ýylyna uly ruhubelentlik bilen gadam basdy.