Berkararlyk, bagtyýarlyk binýady

19 Fewral 2021
870

Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz bütin dünýäde ählitaraplaýyn ösen döwletleriň hatarynda tanalýar. Ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň barha kämilleşdirilmegi, döwlet we raýat arasyndaky hukuk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy bolsa, ilatyň bolelin durmuşda ýaşamagyna, zähmet çekmegine we dynç almagyna giň ýol açýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygyny dabaraly ýagdaýda belläp geçer. Garaşsyzlyk ýyllarynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy we taryhy ähmiýetli maksatnamalaryň, halk bähbitli kanunlaryň kabul edilmegi bilen ykdysadyýetde, medeniýetde, bilim ulgamynda we beýleki ugurlarda ýokary ösüşlere eýe bolnup, döwletiň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde durmuşa geçirilen işler şol ösüşleriň gazanylmagyna ýakyndan ýardam etdi.

Guwanç HUDAÝBERDIÝEW,
Bereket etrap kazyýetiniň kazysy.