Mynasyp dalaşgär görkezildi

19 Fewral 2021
873

Şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek maksady bilen taýýarlyk işleri giň gerime eýe bolýar. Häzirki wagtda barha, golaý gelýän saýlawlara dalaşgärleri hödürlemek çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Golaýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgär hödürlemäge bagyşlanyp, etrap halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde garalan mesele boýunça etrap halk maslahatynyň kätibi, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, etrap halk maslahatynyň agzalary, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, etrabyň Gammarbaba Geňeşiniň arçyny Muhammet Gylyçmyradow çykyş etdiler. Olar dalaşgärlige hödürlenýäniň zähmet we durmuş ýoly barada gürrüň berip, onuň dalaşgärlige mynasypdygyny nygtadylar.