Halal zähmet — ömrüň manysy
Ata Watanymyza, halkymyza halal hyzmat etmekde tejribesini, bilimini, zehinini, ukyp-başarnygyny gaýgyrmaýan ildeşlerimize ýurdumyzda uly sarpa goýulýar. Olaryň durmuş ýolunda ýeten sepgitlerine hemişe mynasyp baha berilýär. Bu hakykat ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowanyň 70 ýaş ýubileýine bagyşlanyp geçirilen dabarada-da nobatdaky gezek aýdyň ýüze çykdy. Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzda işine hakyky ussat kişileriň döwlet derejesinde hormatlanyp, olaryň zähmetine mynasyp sarpa goýulýandygynyň şaýady boldular. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ussat diplomaty 70 ýaş toýy bilen tüýs ýürekden mübärekläp iberen Gutlaglarynda bu zenanyň geçen durmuş ýoluna, häzirki wagtda alyp barýan işlerine oňyn baha berilmegi muny ýene bir ýola tassyklaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gutlagynda, hususan-da: «Siz uzak ýyllaryň dowamynda ak ýürekli, yhlasly we halal zähmet çekip, ussat diplomat hökmünde eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, ýurdumyz bilen beýleki döwletleriň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, Türkmenistanyň bütin dünýäde abraýynyň has-da artmagyna mynasyp goşant goşup gelýärsiňiz. Siz özüňizi Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly yns