«7/24. tm» №19 (206), 06.05.2024
Uruş weterany Ata Tutlykow etrabymyzyň uly sylag-hormatdan peýdalanýan bagtyýar ýaşaýjysydyr. Ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde we halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde olaryň alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu gün durmuşymyzyň bezegi bolup ýaşaýan Ata aga-da hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde uly üns-alada bilen gurşalýar. Etrabyň Gozgan obasynda ýaşaýan Ata Tutlykowy ajaýyp sene mynasybetli gutlamak hem-de hormatly Prezidentimiziň gymmat bahaly sowgatlaryny gowşurmak üçin olaryň döwletli ojaklarynda etrap häkimligi, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri myhmançylykda boldular. Olar goja esgere döwlet Baştutanymyzyň sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bilen, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Ata aganyň söweş we durmuş ýoly hakynda beren täsirli gürrüňleri bu duşuşyga baý many goşdy. Toý günündäki duşuşyklar ýakymly duýgulara beslendi. Uruş weterany Ata Tutlykow sowgatlary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdi. Ýeri gelende, döwletli ojaklarda geçirilen duşuşyklaryň täsirli geçmeginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň wekilleriniň aýratyn tagalla edendiklerini agzamak gerek.