Türkmenler öz ajaýyp atlaryna hemişe-de ynamdar ýoldaş, wepaly dost hökmünde garapdyrlar. Halkymyzyň ýelden ýüwrük bedewlere söýgüsi we sarpasy çäksizdir. Şan-şöhrata beslenen taryhymyzyň dowamynda türkmen ýigidini häsiýetlendirýän mertlik, batyrlyk, gaýduwsyzlyk barada söz açylanda, bu häsiýetler, ilkinji nobatda, bedew atlar bilen baglanyşdyrylypdyr. Magtymguly Pyragynyň:
At gazanar goç ýigidiň,
Owal bedew aty gerek —