"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Söz mülküniň şasy

Söz mülküniň şasy bolan Magtymguly Pyragy,Şygryýetiň ebedilik şugla saçýan çyragy. Maksatlaryň myrat tapdy Galkynyşly eýýamda,Dostlarymyz dogan boldy, ýakyn etdik yragy.

Paýhas binasy

Gün-günden gülleýär berkarar Diýar,Bagtly döwür ömrümiziň penasy.Arkadagyň ylhamyndan dörändir,Pyragynyň Arşa uzan binasy. Magtymguly — akyl-paýhas çeşmesi,Ynsan köňli parasatyň teşnesi,Köpetdagyň görki, göwher keşdesi,Pyragynyň Arşa uzan binasy.

«Ismim düşdi ilden-ile...»

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan toýlaýar. Muny türki döwletleriň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmeginde hem aýdyň görmek bolýar. Agzybirlige we doganlyga çagyrýan türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň däl, umumadamzadyň kalbynda orun tutýar. Akyldar şahyryň sarpasy daşary döwletlerde hem belentde tutulýar. Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň dünýä alymlary tarapyndan öwrenilmegi, birnäçe dillere terjime edilmegi, şeýle-de dostlukly döwletlerde heýkelleriniň oturdylmagy aýratyn bellärliklidir. 2001-nji ýylda Ukraina döwletiniň paýtagty Kiýewde akyldar şahyrymyzyň ýadygärligi açyldy. Russiýa Federasiýasynyň Stawropol ülkesiniň Blagodarnensk etrabynyň Edelbaý obasynda dünýä ýüzünde giňden tanalýan türkmeniň beýik söz ussadynyň heýkeliniň ýerleşdirilmegi örän buýsandyryjydyr. Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Saragt Babaýew bilen binagär Sergeý Sarkisowyň taýýarlan bu heýkeliniň 2008-nji ýylyň 16-njy maýynda açylyş dabarasy boldy. Bu dabara Stawropol ülkesiniň ýolbaşçylary hem-de Türkmenistandan resmi wekiliýet gatnaşdy, şeýle-de bu ýerde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň rus we türkmen dillerinde okalmagy aýra

Umumadamzat şahyry

Gahryman Arkadagymyz «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýip belleýär. Şahyryň Watany söýmek, ula hormat, kiçä sarpa goýmak ýaly öwüt-ündewleri häzirki bagtyýarlyga beslenen döwrümizde ýaş nesilleriň kalbynyň şamçyragydyr. Magtymguly Pyragynyň gyzyldan gymmatly edebi döredijiligi her bir adam üçin edep-terbiýe, görelde mekdebidir. Magtymguly Pyragy türkmen halkyny agzybirlige, dost-doganlyga, özara birleşip döwlet döretmäge çagyrypdyr. Şahyr özüniň «Türkmeniň» atly şygrynda agzybirligi, parahatlygy, erkinligi, asuda ýaşaýşyň girewi hasaplapdyr. «Aryp bolsaň, aslyn sorma ýigidiň, Edebinde, ekramynda bellidir» diýip, adamlary hemişe gowy gylyk-häsiýetlere çagyrýan şygyrlary bize miras galdyrypdyr.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Edebiýatyň parlak ýyldyzy Gymmatly edebi mirasy bilen edebiýatymyzyň parlak ýyldyzyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlyklary baradaky pikir-garaýyşlary diňe bir türkmeniň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem kalbyna ýakyndyr we düşnüklidir. Ol dünýä, adamzat, Watan, söýgi baradaky pelsepewi garaýyşlaryny adama mahsus inçe duýgular bilen pikir ýöretmegiň iň kämil tärlerinden ussatlarça peýdalanyp, ynsan kalbyna inçelik bilen ýetiripdir we halk hakydasynda ömürlik orun alypdyr.

Magtymguly Pyragy — ýolumyzyň şamçyragy

Dana atamyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynda durmuşyň ähli ugurlaryndan, şol sanda maşgala gatnaşyklary, birek-birege mähirli bolmak, ýaramaz endiklerden daşda durmak, her bir edilen ýerliksiz hereketlere jogap bermelidigi baradaky pikirler goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Akyldar şahyrymyzyň «Durasyň geler» diýen goşgusyndaky:

«Magtymguly Pyragy — şygryýetiň ussady» atly bäsleşige

Gündogaryň akyldary, danasy Gündogaryň akyldary, danasy,Beýik şahyr Magtymguly Pyragy.Çuňňur umman deýin pähim-paýhasy,Beýik şahyr Magtymguly Pyragy.

Danany gören daglar

Zehin — ylahydan gönderilen peşgeş. Ol her kesiň paýyna düşýär. Käbirleri ony taplap, il-gün üçin nepi deger derejede kämillige ýetirýär. Kämillige ýeten zehiniň eýesi bolsa danadyr. Onuň zehininiň derejesi ummasyz beýiklige deňelýär. Bu barada çeper edebiýatda «dag» meňzetmesiniň ulanylýandygy görnetin hakykat. Ynsan hemişe gözelligiň teşnesi. Ol gözel zatlara bendi bolýar. Gözelligi bolsa, elbetde, tebigat döredýär. Ähli gözelligi onuň özi pasyllary bilen bütin ynsanyýete üleşip dur. Birinji bilen-ä, gözelligi görmek hem duýmak gerek. Ana, şonda ynsan bu barlygyň gadyryna ýetýär. Ikinjidenem, zehinli ynsanlar öz eserleri bilen ol gözellikleri özboluşly taryp edýär. Has dogrusy, her kimiň öz düşünjesidir garaýşy bolşy ýaly, her kimsäniň gözelligi beýan edişi-de üýtgeşikdir. Tebigaty özleriniň beýikligidir gözelligi bilen ajaýyplyga öwürýän daglaryň ykbaly hem her kime gyzykly bolsa gerek.

Saňa ösüş garaşýar

Göz öňüne getiriň, aýdaly durmuşdaky ähli şowsuzlyklar siziň başyňyza düşýär. Haýsy işiň gapdalyndan barsaňyz, şowsuzlyga uçraýarsyňyz. Ýaşaýşa bolan ähli höwesiňiz gaçýar we çuňlugyň düýbüni boýlaýarsyňyz. Näme ederdiňiz?! Bu ýerde: «Durmuşda bolýan zat», «Ýykylanyňdan soň, ýeriňden turmagy başarmalysyň» diýen ýaly, lenç edilen sözleri ulanjak däl. Ýüpüň iki ujunyň bolşy ýaly, şol pursady başgarak görnüşde peýdalanmagy başarmaly. Ine, şonda üstünlige äkidýän ýoly görmegi-de başararsyňyz. Öz ýoluny şowsuzlyklar bilen başlap, üstünlige ýetip, meşhurlyga eýe bolan Pýotr Mamonowyň, hamala diýersiň, ýokarky sowalymyza jogap berip aýdan jümlesi bar: «Eger sen iň pes hala düşen bolsaň, bu gowulygadyr: saňa indi ösüşden başga ýol ýokdur». Şu jümle bilen ýola çykyp, onuň kim bolandygy hakynda gyzyklanyp başladym. Gysgaça maglumat hökmünde, Pýotr Mamonowyň kim bolandygy barada azajyk durup geçeliň! Ol rus «rok-n-rol» aýdymçysy, sazanda, aktýor, şahyr, radio alypbaryjysy. Emma ol ähli zatdan beter «rok-n-rol» žanryndaky aýdymlary diňlemegiň we aýtmagyň ölermen aşygy bolupdyr. Çünki onuň edýän hereketleri hiç kimiňkä meňzemändir. Ol asla özgelere meňzemegem islemändir. Ýaş aýdymçynyň durmuşynda öte kän şowsuzlyklar bolupdyr. Şonuň üçinem ol dürli işlerde işlemäge mejbur bolupdyr. Ähli işlerinden hem baş alyp çykyp, aýdym-saza bolan höwesini ýitirmändir. Umuman, onuň döreden «rok-n-rol» sa

Algyn pendim, jigerbendim!

Belent maksat — ýagty geljek Halkymyzda «Guş ganatsyz bolmaz, adam arzuwsyz» diýen nakyl bar. Ynsan ömri belent maksatlardan ybarat. Durmuşda maksatly ýaşamak adamy ýagty geljege atarýar. Maksatsyz ýaşaýşyň manysy ýokdur. Çünki maksat bizi arzuwlarymyza ýetirýär. Danalaryň aýdyşy ýaly, öňüňde näçe belent maksat goýsaň, Beýik Biribar saňa şol maksadyňa ýetmäge çenli güýç-kuwwat berer eken.

Kitaplar dünýäsiniň täsinlikleri

1751-nji ýylda Fransiýada “Ylymlaryň, sungatlaryň we senetleriň ensiklopediýasy” atly kitabyň ilkinji jiltleri çap edilýär. 1772-nji ýylda bu kitap doly ýazylyp gutarylýar. Kitap jemi 35 jiltden ybarat bolup, oňa 200-den gowrak ýazar gatnaşypdyr. Bu şol döwre çenli iň uly göwrümli ensiklopediýa hasaplanylýar. ***

Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny ebedileşdirip

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 22-nji fewralynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanuna gol çekendigini aýratyn nygtady. Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň dowamynda ýurdumyzda geçirilýän düýpli özgerişler netijesinde öňümizde duran beýik işleri amal etmekde Gündogaryň beýik akyldarynyň edebi mirasynyň ähmiýeti barada söz açmak bilen: «Bu başlangyçlary döredijilikli dowam etdirip, biz geljekde Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny kanun esasynda berkidip, ebedileşdirsek hem maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin» diýip, örän ähmiýetli pikiri öňe sürdi. Bu garaýyş adamzadyň ruhy medeniýetiniň genji-hazynasyna, nesilleri terbiýelemegiň edebi mekdebine öwrülen beýik akyldaryň mirasyny köptaraplaýyn açyp görkezmek ugrunda alnyp barylýan işleri has hem döredijilikli dowam etdirmek baradaky alada bilen berk baglanyşyklydyr. Ol — döwrüň zerurlygy. Çünki beýik akyldaryň egsilmez filosofik mirasy adamzadyň şu günki derwaýys meselelerini çözmegiň ygtybarly paýhas esasyny düzýär.

Akyldaryň eserleri Şewçenkonyň dilinde

Beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň eserleri ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr. Gündogaryň meşhur akyldarynyň köptaraplaýyn döredijiligi bu gün bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda Ýer ýüzüniň çar künjeginde dürli mazmunly çäreleriň geçirilmegi, ylmy işleriň ýazylmagy, şygyrlarynyň dürli dillere terjime edilip, kitap görnüşinde okyjylara ýetirilmegi-de muňa doly güwä geçýär. Şunda ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalary tarapyndan edilýän tagallalaryň hem mynasyp paýy bar. Golaýda bolsa Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy «Magtymguly Pyragy. Ylham» atly edebi-çeper neşiriň çapdan çykandygyny habar berdi. Häzire çenli söz ussadynyň goşgularynyň ukrain diline terjime edilen iň doly ýygyndysy bolmagy kitabyň esasy aýratynlygydyr. Täze neşir «Magtymguly Pyragy we onuň Ukrainadaky sözi» atly sözbaşyny hem-de şahyryň ukrain dilindäki şygyrlarynyň 204-sini öz içine alýar. Onuň ussadyň «Türkmeniň» goşgusyndan setirlerdir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dürdäne jümleleri bilen açylmagy özboluşly mana eýedir. Neşiriň awtory we düzüjisi köp ýyllaryň dowamynda Magtymgulynyň döredijiligini öwrenip, ony diňe bir öz ýurdunda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de işjeň wagyz eden alym, filologiýa ylymlarynyň doktory Nikolaý Waskiwdir. Häz

Düýe maly – dünýe maly

Her gezek atalarymyzyň «Düýe maly — dünýe maly» diýen hikmetli sözlerini ýatlanymda piri güýçli düýe maly hakynda aýdylan rowaýatlar ýadyma düşýär. Rowaýatlaryň birinde aýdylyşyna görä, düýeleriň bir wagtlar şahlary bolup, häzirkisi ýaly, daýanykly göwrelerine ýaraşyk beripdir. Olar şol şahlary bilen ýyrtyjy haýwanlardan goranypdyrlar. Günleriň bir güni şeýle waka bolupdyr. Düýeleriň sürisi keýik janawarlary ýyrtyjy haýwanlardan sag-aman, başbitin alyp çykypdyrlar. Şonda keýik sürüsiniň baştutany düýeleriň baştutanyna: «Düýe dost! Siz bizi uly howp-hatardan goradyňyz. Häzirlikçe siziň ýanyňyzda özümizi rahat duýýarys. Muňa garamazdan, hälki wagşy haýwanlar özleriniň ýaman pällerinden el çekmezler. Siziň bu ýerden garaňyz ýitip-ýitmänkä, olar bize ýene-de topularlar. Biz ýene olaryň taýyn awlary bolarys. Bizde ne daýanykly göwre bar, ne-de goranyp biljek şahymyz. Barymyzyň injiklerimiz sandyrap dur. Şonuň üçin makul bilseňiz, siz bary-ýogy üç-dört günlük şu şahlaryňyzy bize amanat berseňiz gowy bolardy. Onsoň bizem özümize amatly bolan güzeri eýeläp, siziň amanadyňyzy sagbolsuny bilen yzyna, özüňize getirip bererdik» diýipdir. Bu gürrüňi bir gyrarakda diňläp duran arwanalaryň biri gaty biynjalyk bolup, näler «Howlukmaç bir karara geläýmäň» diýip, üm-yşarat etse-de, süriniň baştutany oňa şol wagt üns bermän, keýikleriň aýdanlaryna ynanyp, hatardaky düýeleriň şahlaryny keýiklere a

Ene mähri — keramat (Oýlanma)

Bilim alýan ýokary okuw mekdebimiziň saba-säher bilen açyk penjiresinden otaga dolan mylaýym şemala göýä, käbämiň elleri başymy sypan ýaly boldy. Şeýle ýakymly pursatda süňňüm ýeňläp, nazarym Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän, kitap tekjämiň öňünde duran «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynda eglendi. Kitabyň ýüzündäki Ogulabat ejäniň keşbi kalbymda ýakymly duýgulary oýardy. Şonda ene mukaddesligi, onuň keramaty, perzent üçin enäniň näderejede ezizdigi hakynda oýa batanymy hem duýmandyryn... ...Mähriban ejem hemişe gözümiň alnynda öý işlerine mübtela bolup ýören keşpde janlanýar. Ol bir görseň-ä, meni – ýalňyz perzendini sowukda üşetmejek bolup geýindirmegiň aladasyndadyr, bir görseňem, gübürdäp ýanyp duran pejimizde gazan ataryp, nahar-şoruň aladasyny edip ýörendir.

Baýdagym

Güneşli Diýarda Aý-ýyldyz dogşunDünýä ýaýyp türkmen halkynyň nagşyn,Arassa asmanda parlaýan ýaşylBaýdagymyz — halkymyzyň buýsanjy! Türkmeniň egsilmez şöhraty-şany,Görki bilen guwandyrýar ynsany,Garaşsyzlyk, Bitaraplyk nyşany,Baýdagymyz — halkymyzyň buýsanjy!

Watan

Kalbym joşa geldi has höweslenip,Baýdagy belentde Garaşsyz Watan.Ýurt şanymyz dünýä ýaýjak seslenip,Baýdagy belentde Garaşsyz Watan. Daglary howaly, gülleri — çemen,Onsoň bu topragy söýmejek neneň,Dünýä ykrar türkmen şöhraty bilen,Baýdagy belentde Garaşsyz Watan.

Nusgalyk şygyrlar

Hakyň emri bilen dörän,Pyragynyň şygyrlary.Doga deýin köňle ýaran,Pyragynyň şygyrlary. Kelamlary altyn, dürdür,Mähri Gün deý nur-keremdir,Pähim-paýhas ummanydyr,Pyragynyň şygyrlary.

Akyldar şahyra buýsanç

Şygyrlaryň many-mazmun beýany, Adamzada söz mülküni bagyş etdiň, Beýik şahyr Magtymguly Pyragy,Pähim-paýhasy şygra nagyş etdiň. Diwanyňy öwran-öwran okanlar,Okadykça kämilleşer, beýgeler.Öwrenip kän hikmetleriň çözgüdin,Bu durmuşyň akymyna eýgerer.

Pyragyň arzuwlan zamany geldi

Diýarym pajarlap, gunçalap, gülläp,Pyragyň arzuwlan zamany geldi.Umytly garaşylan, gör, näçe ýyllap,Pyragyň arzuwlan zamany geldi. Şygryna siňdirip köňül islegi,Ündäpdi agzybir dogan-dostlugy,Lälezara besläp belent-pesligi,Pyragyň arzuwlan zamany geldi.