Düýe maly – dünýe maly

14 Maý 2024
355

Her gezek atalarymyzyň «Düýe maly — dünýe maly» diýen hikmetli sözlerini ýatlanymda piri güýçli düýe maly hakynda aýdylan rowaýatlar ýadyma düşýär. Rowaýatlaryň birinde aýdylyşyna görä, düýeleriň bir wagtlar şahlary bolup, häzirkisi ýaly, daýanykly göwrelerine ýaraşyk beripdir. Olar şol şahlary bilen ýyrtyjy haýwanlardan goranypdyrlar. Günleriň bir güni şeýle waka bolupdyr. Düýeleriň sürisi keýik janawarlary ýyrtyjy haýwanlardan sag-aman, başbitin alyp çykypdyrlar. Şonda keýik sürüsiniň baştutany düýeleriň baştutanyna: «Düýe dost! Siz bizi uly howp-hatardan goradyňyz. Häzirlikçe siziň ýanyňyzda özümizi rahat duýýarys. Muňa garamazdan, hälki wagşy haýwanlar özleriniň ýaman pällerinden el çekmezler. Siziň bu ýerden garaňyz ýitip-ýitmänkä, olar bize ýene-de topularlar. Biz ýene olaryň taýyn awlary bolarys. Bizde ne daýanykly göwre bar, ne-de goranyp biljek şahymyz. Barymyzyň injiklerimiz sandyrap dur. Şonuň üçin makul bilseňiz, siz bary-ýogy üç-dört günlük şu şahlaryňyzy bize amanat berseňiz gowy bolardy. Onsoň bizem özümize amatly bolan güzeri eýeläp, siziň amanadyňyzy sagbolsuny bilen yzyna, özüňize getirip bererdik» diýipdir.

Bu gürrüňi bir gyrarakda diňläp duran arwanalaryň biri gaty biynjalyk bolup, näler «Howlukmaç bir karara geläýmäň» diýip, üm-yşarat etse-de, süriniň baştutany oňa şol wagt üns bermän, keýikleriň aýdanlaryna ynanyp, hatardaky düýeleriň şahlaryny keýiklere amanat bermegi müwessa bilipdir. Aradan birnäçe wagt geçenden soň, şol wadalaşylan günler ýetip gelipdir. Emma keýikleriň hiç birinden habar-hatyr bolmandyr. Şoldur-şol keýikler-ä düýelerden gaçyp ýörmüş, düýelerem her gezek akar ýaplardan suw içenlerinde özleriniň şahlaryny ýatlap ahmyr çekýärmişler. Soň-soňlar olar özleriniň şahsyz keşplerini suw ýüzünde görüp, zol-zol ahmyr çekmezlik üçin on gün, bir aý, aý ýarym suwsuzlyga döz gelipdirler.

Şemşat AKGAZAKOWA,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Ýeňiş» obasynyň ýaşaýjysy.