Ene mähri — keramat (Oýlanma)

14 Maý 2024
300

Bilim alýan ýokary okuw mekdebimiziň saba-säher bilen açyk penjiresinden otaga dolan mylaýym şemala göýä, käbämiň elleri başymy sypan ýaly boldy. Şeýle ýakymly pursatda süňňüm ýeňläp, nazarym Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän, kitap tekjämiň öňünde duran «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynda eglendi. Kitabyň ýüzündäki Ogulabat ejäniň keşbi kalbymda ýakymly duýgulary oýardy. Şonda ene mukaddesligi, onuň keramaty, perzent üçin enäniň näderejede ezizdigi hakynda oýa batanymy hem duýmandyryn...

...Mähriban ejem hemişe gözümiň alnynda öý işlerine mübtela bolup ýören keşpde janlanýar. Ol bir görseň-ä, meni – ýalňyz perzendini sowukda üşetmejek bolup geýindirmegiň aladasyndadyr, bir görseňem, gübürdäp ýanyp duran pejimizde gazan ataryp, nahar-şoruň aladasyny edip ýörendir.

Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW,
Murgap etrabynyň Deňizhan şäherçe kitaphanasynyň kitaphanaçysy.